Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet302/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   298   299   300   301   302   303   304   305   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖSMEK [ösmök] IIişl., ser. ÖwüsmekEpgek 
ösüp, ýeri gyzgyn gora dönderdi (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÖSMEKLIK [ösmöklük] I, II, iş ady. Ösmek 
ýagdaýy. 
ÖSŇEMEK [ö:sňömök], işl., serÖrňemek
ÖSSÜRIM [össürüm], at. Ýaşlar, ösüp gelýän 
nesil, ýetginjekler. Ýaş össürimlerden edilýän tama 
uly. 

Össürimine almak puly, maly soň belli bir 
derejede artdyryp bermek şerti bilen almak. 
Össürimine mal alyp idetmek. Össürimine bermek 
puly, maly soň belli bir derejede artygy bilen, üstüne 
goşup almak şerti bilen bermek. 


172 
ÖSÜBERMEK 
[ösüvermek], 
işl. 
Ösüp 
başlamak. 
ÖSÜMLIK [ösümlük], at. Toprakdaky hem-de 
howadaky jansyz maddalar bilen iýmitlenip ösýän 
organizm. Medeni we ýabany ösümlikler. 
ÖSÜMLIKÇILIK [ösümlükçülük], at. Ekilýän 
oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hakynda 
ylym we şeýle ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek işi, 
ekerançylyk. 
ÖSÜNTGI [ösüntgü], at. 1. Ösümligiň gögerip 
başlan bölegi, şinesi, şonuň ýaly-da, gögerip oturan 
agajyň, käbir ösümligiň düýbünden çykýan çybygy. 
Gowaçanyň çigitleriniň ösüntgileri. 2. Bedeniň bir 
ýerine artyk çykan zat. 
ÖSÜŞ, 1. iş ady. Ösmek ýagdaýy. Ekilen 
ekinleriň ösüşi gowy. 2. Bir ýagdaýdan has kämil 
ýagdaýa, ýönekeý ýagdaýdan çylşyrymly ýagdaýa, 
pes ýagdaýdan ýokary ýagdaýa geçiş derejesi. Size 
hemişe ösüşler ýar bolsun
ÖSÜŞMEK [ösüşmök], işl. Birneme boý almak. 
Otlar ösüşip ugrady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   298   299   300   301   302   303   304   305   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling