4.
Kämilleşdirilmek,
ýaýbaňlandyrylmak,
gowu-
landyrylmak, güýçlendirilmek, giňeldilmek.
ÖSDÜRMEK [össürmök], işl.1. Ekin, agaç we
ş.m. zatlary ekip ýetişdirmek. Her kim öz öýüniň
töwereginde ir-iýmişli bag ösdürip ýetişdirdi
(
Edebiýat we sungat
). 2. Ekläp-saklap ulaltmak,
terbiýeläp ýetişdirmek, kemala getirmek. 3.
Köpeltmek, artdyrmak. Bizde hojalygyň ähli
pudaklaryny ösdürmäge giň ýollar açyldy (N.
Jumaýew). 4. Bir pikiri, ugry kämilleşdirmek,
ýaýbaňlandyrmak, şol hakdaky düşünjäni giňeltmek,
çuňlaşdyrmak. Kemine öz döredijiliginde beýik şahyr
Magtymgulynyň pikirlerini döwrüne görä ösdüripdir.
5. göç.m. Biriniň derejesini, wezipesini galdyrmak.
ÖSDÜRMEKLIK [össürmöklük], iş ady.
Ösdürmek ýagdaýy.
ÖSDÜRMEZLIK
[össürmözlük],
iş
ady.
Ösdürip
ýetişdirmezlik,
ösmeginiň
öňi
alynmak,ösmez ýaly etmek.
ÖSDÜRTMEK [össürtmök], işl. Ösdürmek işini
başga birine etdirmek; ösmek üçin mümkinçilik
döretdirmek.
ÖSER [ösör], at. Ösümligiň dik ösýän göni
baldagy.
ÖSGÜN [ösğün], syp. Has ösen, gytyk däl.
Ösgün ýorunja.
ÖSGÜNLIK [ösğünlük], at. Boýy uzynlyk, boýy
ýeten
ýagdaýda
bolmaklyk.
Sakgal-saçynyň
ösgünligine
garamazdan
onuň
ýüzüni-gözüni
ýagtyltdy (N. Pomma).
ÖSME [ösmö], iş ady. Ösmek ýagdaýy.
ÖSMEK [ösmök] I, işl. 1. Gögerip boý almak.
Pisse agajy gaty haýal ösýär eken. 2. Terbiýelenip
ulalmak, kemala gelmek, ýetişmek. Olar bile oýnap,
bile ösenmiş, Nirä gitse, bile aýak basanmyş (M.
Seýidow). 3. Sany artmak, köpelmek. Daýhan
hojalygy bu ýyl geçen ýyldakysyndan iki esse ösdi. 4.
Kuwwaty artyp berkemek, güllemek, pajarlamak.
Biziň
pikirimizçe,
mogollar
imperiýasynyň
ösmeginde Baýram han Türkmeniň ägirt uly goşandy
bar (
Türkmenistan
). Biziň Bitarap döwletimiziň
ösmegi, güllemegi halk döredijiligine hem täsir etdi
(
Nesil
). 5. Kämilleşmek, öňe gitmek. Türkmen
edebiýaty ýyl geldikçe ösýär, kämilleşýär (
Edebiýat
we sungat
). 6. Düşünjäň artmak, aňly-düşünjeli
bolmak, medeniýetiň artmak. 7. göç.m. Derejäň
galmak, ýokary wezipä çekilmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |