Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet303/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   299   300   301   302   303   304   305   306   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖT [ö:t], at. 1. Bagyrdan bölünip çykýan 
sarymtyl-ýaşyl reňkli ajy suwuklyk. Öt haltasy. 2
gepl.d. Şol ajy suwuklyk ýerleşýän barda şekilli 
haltajyk. Ol ödüni kesdiripdir.

Öt ýaly örän ajy. Gowy diýip alanym öt ýaly 
bolaýýar (B. Seýtäkow). Ödüni ýarmak örän gaty 
gorkuzmak. Gaty gygyryp, çagajygyň ödüni ýaraýma
ÖTE [ötö], syp. Çakdanaşa, hetdenaşa, artyk, aşa, 
gaty, gereginden artyk. Doganoglan doga ýat, ondan 
önen öte ýat (Nakyl).

Öte degmek ýaman täsir etmek, erbet täsir 
galdyrmak. Öz obadaşlaryndan şeýle gürrüňi eşitmek 
oňa ýüzükessir berlenden has öte degdi (Ý. 
Mämmediýew). Öte eşitmek ýalňyş, nädogry 
eşitmek, aýdylan zada ters düşünmek. Öte eşiden öý 
ýykar, çala eşiden çatma (Nakyl). Öte geçmek 
hetden aşmak, ýeterlik derejesinden geçmek, çenden 
çykmak. Öte geçmegim mümkin, emma men şeýle 
deňeşdirmäni getirmän saklanyp biljek däl 
(

Edebiýat we sungat

). Öte gitmek ser. Öte 
geçmek. Hatda kellesiniň gyzgynyna öteräk gidýän 
wagtlary hem bolýardy (B. Kerbabaýew). 
ÖTEGÇI [ötöğçü], at. Geçip, gidip barýan adam, 
ýolagçy, geçegçi. Ötegçi myhman. 
ÖTELGE [ötölğö], at. Geçer ýaly, öter ýaly ýer, 
geçit, güzer, geçelge. Ötelgeden geçilen ýerde bir 
topar adam eýýäm çadyr dikip, çaý gaýnadyp, nahar 
ataryp, başagaýdy (G. Kulyýew). 
ÖTEN [ötön], 1. işl.Öň geçip giden, öň bolup 
geçen, öňki, ozalky. Bulary alyp giden ulaglar öten 
agşamky barlyp gaýdylan oba bakan barýardy (A. 
Gowşudow). 2. at, syp. Bu dünýäde ýaşap geçen 
adam. Ol ötenlerini, geçenlerini ýatlap sadaka berdi.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   299   300   301   302   303   304   305   306   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling