Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖRKÜÇLEK [örküşlök], syp. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet299/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   295   296   297   298   299   300   301   302   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖRKÜÇLEK [örküşlök], syp. 1. Uly örküçli, 
örküji uly. Örküçlek düýe. 2Gerşi uly bolan, örküji 
has belent bolan. Ol örküçlek gaýanyň ýüzünden 
towsup, Sumbara düşdi (B. Soltannyýazow). 
ÖRKÜÇLEME [örküşlömö], iş ady. Örküçlemek
ýagdaýy. 
ÖRKÜÇLEMEK [örküşlömök], işl. Tolkun
sebäpli suwuň ýüzünde uly-uly geriş emele gelmek. 
Şemal turup, örküçläp ugran gomlar birneme 
howatyr etdirýärdi. 
ÖRKÜÇLEÝIŞ 
[örküşlöýüş], 
iş 
ady. 
Örküçlemek ýagdaýy. 
ÖRKÜÇLÄBERMEK [örküşlä:vermek], işl. 
Örküçläp başlamak (tolkun hakynda) 
ÖRKÜÇLI [örküşlü], syp. 1. Örküji bar bolan. 
Iki örküçli düýe. 2. Tümmerip duran gerişli, beýgelip, 
saýlanyp duran. Onuň örküçli burnunyň ýanyndaky 
duluklary ýiti gözlerini has kiçeldip görkezýärdi. 
ÖRLÜK [ö:rlük], at. Gäminiň ortasyndaky 
ýelken çekilýän uzyn agaç.
ÖRME [ö:rme], 1iş ady. Örmek ýagdaýy. 2at, 
ser. Örüm 1. Gözüňe sürme ýaraşar, Biliňe tirme 
ýaraşar, Saçyňa örme ýaraşar, Saçlary şamar Hatyja 
(Seýdi). 3. Örülip taýýarlanan, örülen. Beýle 
gapdalymyzda çägesöw kenar boýunda örme kepbe 
bardy. 
ÖRMEGAMÇY [ö:rmöğamçy], at. Gaýyşdan 
örülen gamçy. Bizde-de örme gamçy bardy. 
ÖRMEGAPY [ö:rmöğapy], at. Gamyşdan, 
hyşadan, teletinden örülip, yssyny, sowugy 
geçirmeýän gapy. Güýçli ýel kaşaryň örmegapysynam 
böwsüp taşlady (G. Şamyýew). 
ÖRMEK [ö:rmök] I, işl. 1. Ýörite çişler ýa-da 
örüji maşyn arkaly ýüplükden, ýüpden önüm 
taýýarlamak. Gyzlar jorapdyr ellik örýärler. 2. Ilki 
başdan örjek saçyňy, köplenç, üçe bölüp, her bölegini
barmaklaryň ujy bilen berk tutagada, beýleki 
böleginiň üstüne atmak arkaly biri-biriniň içinden 
geçirip, örüm görnüşine getirmek. 3. Sebet we ş.m. 
ýasamak üçin ösümlik baldaklaryny biri-biriniň 
arasyndan geçirip birleşdirmek. Sebet örmek. 4. Biri-
biriniň üstüne tertipli goýup galdyrmak. Çelekleri 
üstü-üstüne örmek. Ýorgan-düşekleri sandygyň 
üstünde örüp goýmak. 5. Daşdan, kerpiçden jaý 
galdyrmak üçin arasyna palçyk guýup, kerpiçleri
biri-biriniň üstünde ýerleşdirmek, goýmak. Kerpiç 
örmek

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   295   296   297   298   299   300   301   302   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling