Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÖRMEK [ö:rmök] II, işl. 1. Gögerip çykmak,
gögermek. Men bolsa doguldym alabaharda, Dogupdyryn otlar ýaňy örende (B. Hudaýnazarow). Güýz ýagşyndan soň, depe-düzlere gök ot ördi. 2. Bedende, tende her hili düwürtik, örgün peýda bolmak. Çagajygyň bedenine örgün örüpdir. 3. Köpçülükleýin aýak üstüne galmak, ýerinden turmak, turup bir ýana gönükmek. Ýatan goýunlar şagallardan ürküp, tapyrdaşyp örýärdiler ( Edebiýat we sungat ). Toýa gelen adamlar nahar iýenlerinden soň agzybirlik bilen ördi. 4. Ukudan soň ýeriňden galmak, turmak, ýatyp turmak. Ine, şol gün obanyň çagalary öňküsinden hem ir ördüler (H. Ysmaýylow). Sag-aman ördüňizmi? ÖRMEKLIK [ö:rmöklük] I, II, iş ady. Örmek ýagdaýy. ÖRMEZLIK [ö:rmözlük], işl. Örmek hereketi amala aşmazlyk. ÖRŇEDILMEK [örňödülmök], işl. Köpeldilmek (mal hakynda). ÖRŇEME [örňömö], iş ady. Örňemek ýagdaýy. ÖRŇEMEK [örňömök], işl. Sany köpelmek; sany artmak. Maldarçylyk ösýär bizde, Goýun-guzy örňäp düzde (A. Salyh). Meniň malym hem örňäp başlapdyr (H. Derýaýew). ÖRŇEMEZLIK [örňömözlük], iş ady. Köpelmezlik. 170 ÖRŇETMEK [örňötmök], işl. Sanyny köpeltmek, artdyrmak. Toklularymyzyň galanjalaryny bolsa örňederis (B. Öwezow). ÖRŇEÝIŞ [örňöýüş], iş ady. Örňemek ýagdaýy. ÖRŇÄBERMEK [örňä:vermek], işl. Örňäp başlamak, köpelip ugramak. ÖRTÜNJEK [örtünjök], at. 1. Aýallaryň başyna atýan uly gyňajy, örtünje, ýapynja. 2. Howut ýyrtylmazlyk üçin onuň üstünden atylýan deri ýa-da keçe bölegi. ÖRT: ört almak oda çawlanyp ýanmak, köýmek. Ört alan gamşyň ýalny onuň arasyndaky çygar gyzganyň hem pudaklaryny köýdürjekdi (B. Kerbabaýew). Ört bermek oda çawlap ýakmak, köýdürmek. Bütin töweregi ört berlen ýaly garaldyp taşlady. Gara ört bolmak gara ýanyk bolmak. Günüň aşagynda işlänsoň, onuň ýüz-gözi gara ört bolupdyr. ÖRTDÜRMEK [örtdürmök], işl. Örtmek işini başga birine etdirmek. ÖRTEME [örtömö], iş ady. Örtemek ýagdaýy. ÖRTEMEK [örtömök], işl. Gaty gynandyrmak, bagryny ýakmak, janyny ýakmak, ýakmak. Serwi daragt boýly peri, Seni hijran örtedi (Magtymguly). ÖRTEMEKLIK [örtömöklük], iş ady. Örtemek ýagdaýy. ÖRTEMEZLIK [örtömözlük], iş ady. Gaty gynandyrmazlyk, bagryny ýakmazlyk, janyny ýakmazlyk, ýakmazlyk. ÖRTENDIRMEK [örtönnürmök], işl. Gaty gynandyrmak, janyny ýakmak, ýakmak. ÖRTENIŞMEK [örtönüşmök], işl. Birnäçe bolup bilelikde örtenmek. ÖRTENMEK [örtönmök], işl. Gaty gynanmak, ýanmak, janyňy ýakmak. Pyrakyňda örtenip, geldim zybana, dilber (Mollanepes). Derdim güýçli, men örtenmän nädeýin, Gowga köpdür syna-başyň içinde (Zelili). ÖRTEÝIŞ [örtöýüş], iş ady. Örtemek ýagdaýy. ÖRTÄBERMEK [örtä:vermek], işl. Birini örtäp başlamak. ÖRTGI [örtgü], at. 1. Aýal-gyzlaryň başyna örtünmek, bürenmek üçin niýetlenen ýaglyk. 2. Bir zadyň üstüni, ýüzüni, daşyny örtmek, ýapmak üçin ulanylýan zat. Otaga giren ýeriňde üsti ak örtgi ýapylan stol dur (A. Gowşudow). ÖRTGÜLI [örtgülü], syp. Örtgüsi bolan, örtgi atylan, örtgi çekilen. ÖRTGÜLIK [örtgülük], syp. Örtgi üçin niýetlenen, ulanylýan ( mata we ş.m. zat). ÖRTGÜN, at, kön.s. Arpa-bugdaý gabygy. ÖRTI [örtü], at, ser. Örtgi. Çep böwürde örtüsi ýyrtylyşan köne kürsi durdy (G. Kulyýew). ÖRTME [örtmö], iş ady. Örtmek ýagdaýy. ÖRTMEK [örtmök], işl. 1. Üstüni ýapmak, üstüni büremek. Çagajyk süýtli küýzäniň agzyny akja mata bilen örtdi. 2. Ýüzüne ýazylyp ýatmak, üstüni basyrmak, ýüzüni tutmak. Depe-düzi gar örtüpdir. 3. Öňüni tutmak, öňüne gabat bolmak, ýüzüne perde bolmak. Lemmer-lemmer gara bulutlar tutaşyp, asmanyň ýüzüni örtüpdi ( Edebiýat we sungat ).4. göç.m. Ýaşyrmak, gizlemek, bassyr-bussur etmek. Hakykatyň üstüni örtmek ýagşy däl. ÖRTMEKLIK [örtmöklük], iş ady. Örtmek ýagdaýy. ÖRTMEN [örtmön] at. 1. Ýüke ýapmak, ýüküň üstüni örtmek, dula germek üçin öýdelip dokalýan haly önümi. 2. Gelinleriň gyňaç daňynmagyň ýerine başyna atynýan ýaglygynyň, gyňajynyň umumy ady, örtgi. ÖRTMEZLIK [örtmözlük], işl. Üstüni ýapmazlyk, büremezlik, öňüni tutmazlyk. ÖRTÜBERMEK [örtüvermek], işl. Üstüni ýapmaga, büremäge, öňüni tutmaga başlamak. ÖRTÜK, at, ser. Örtgi 1, 2. Örtügi ýaşyldyr, geýdigi ala, Boýy Selbä meňzär, kamaty tala ( Saýatly – Hemra ). Tamyň demir örtügine degýän ýagyş damjalary onuň beýnisinde şatyrdaýana döndi (B. Kerbabaýew). ÖRTÜKLI [örtüklü], syp., ser. Örtgüli. Ol öýe girip, üsti örtükli stoluň başyna geçip oturdy (B. Soltannyýazow). ÖRTÜLGI [örtülğü], syp. Üsti bir zat bilen ýapylan, üstüne bir zat bürelen, örtülen. Onuň gözüne ak mata bilen örtülgi tegelek stoluň üstünde duran owadan güldandaky bir desse çemen seçelenip göründi (N. Pomma). ÖRTÜLI [örtülü], syp., ser. Örtgüli. Otaga giren ýeriňde üsti ak örtüli kürsi dur (A. Gowşudow). ÖRTÜLIK [örtülük], syp. Örti, örtgi üçin ulanylýan (mata we ş.m. zat). ÖRTÜLMEK [örtülmök], işl. 1. Üsti ýapylmak, bürelmek. Ýeke depeler däl, meýdanlaryň hemme ýeri hem gar bilen örtülipdi. Ýol taýgançak buz bilen örtüldi. 2. Öňi tutulmak, öňüne gabat bolmak, ýüzüne perde bolmak. Duýdansyzlykda ýel turdy, bütin asman hem bulut bilen örtüldi. 3. Ýaşyrylmak, bassyr-bussur edilmek, gizlenilmek. ÖRTÜNJE [örtünjö], at. Örtünmek, ýapynmak üçin örtgi, ýaglyk, gyňaç, ýapynja. Adamlar örtünjelerini başlaryna bürenişip, yklaryny bakyşyp, döwüm-dişlem çörek iýdiler (A. Gowşudow). ÖRTÜNMEK [örtünmök], işl. Öz üstüňi ýapmak; başyňa atmak,bürenmek. Uklapdyr düýürlenip ikijigi-de, Üstlerine örtünip köne jiltge (A. Atajanow). ÖRTÜŞ, iş ady. Örtmek ýagdaýy. ÖRTÜŞDIRMEK [örtüşdürmök], işl. Köp zadyň üstüni örtüp çykmak, hemmesini örtmek. ÖRTÜŞMEK [örtüşmök], işl. 1. Bir zadyň üstüni örtmäge kömekleşmek. Ol öýüň töründe duran gapyrjaklaryň üstüni örtüşdi. 2. Bilelikde örtmek. ÖRÜBERMEK [ö:rüvermek], işl. Örüp başlamak, örüp ugramak. ÖRÜJI [ö:rüjü], at. Örmek işini ýerine ýetirýän adam. Obada kerpiç örüjileri, agaç ussalaryny taýýarlamak örän möhümdir. ÖRÜJILIK [ö:rüjülük], at. Örmek arkaly önüm taýýarlaýyş käri, hünäri. ÖRÜLEME [ö:rülömö], iş ady. Örülemek ýagdaýy. 171 ÖRÜLEMEK [ö:rülömök], işl. Örüde gezmek, örüde otlamak. Aşyň içen derlesin, Süriň gumda örülesin (Halk döredijiliginden). ÖRÜLEMEZLIK [ö:rülömözlük], iş ady. Örüde otlamazlyk, örä goýberilmezlik. ÖRÜLEÝIŞ [ö:rülöýüş], iş ady. Örülemek ýagdaýy. ÖRÜLETMEK [ö:rülötmök], işl. Mallary örüde gezdirmek, bakdyrmak. Gyş aýlarynda sürini şolar ýaly oýlukda örüledýärin. ÖRÜLMEK [ö:rülmök] işl. 1. Aýak üstüne galynmak. Tomusda ir örülip, yssy düşmänkä ähli işlerden dynylýar. 2.Ýatyp turulmak. ÖRÜM [ö:rüm], at. 1. Örmek şekili. Goşa örüm saç. Jorabyň örümi. 2. Guýy gazylanda diwary opurylmazlyk üçin iç ýüzüne örülen sözen, ýylgyn. ÖRÜMLIK [ö:rümlük], syp. Guýa örüm etmek üçin niýetlenen (sözen, ýylgyn we ş.m. zat) ÖRÜNMEK [ö:rünmek], işl. Özüň üçin örmek. Gelnejem özüne düýe ýüňünden ýeňsiz örünýär. ÖRÜŞ [ö:rüş], iş ady. Örmek ýagdaýy. ÖRÜŞMEK [ö:rüşmök] I, işl. 1. Örmäge kömekleşmek. 2. Bilelikde örmek (jorap, saç hakynda). Men ejeme jorap örüşýärin. Gyzlar saçlaryny örüşip otyrdylar. ÖRÜŞMEK [ö:rüşmök] II, işl. 1. Endamyňa, teniňe her hili düwürtikler örüp başlamak. 2. Köpçülikleýin aýak üstüne galmak, yzly-yzyna turup başlamak. Ýatan goýunlar örüşdi. ÖRÜZIBERMEK [ö:rüzüvermek], işl. Örüzip başlamak. Sen goýunlaryňy örüziber, onýança menem süýdi basyraýyn. ÖRÜZILMEK [ö:rüzülmök], işl. 1. Biynjalyk edilmek, gozgalaňa salynmak. Bimahal eşidilen at aýaklarynyň sesine bütin oba örüzildi. 2. Ukudan oýarylmak, ýatanlar turzulmak. ÖRÜZIŞMEK [ö:rüzüşmök], işl. Örüzmäge kömek etmek, ukudan oýaryşmak. Sen ataňa sürini örüziş, ynha menem bararyn. ÖRÜZME [ö:rüzmö], iş ady. Örüzmek ýagdaýy. ÖRÜZMEK [ö:rüzmök], işl. 1. Aýak üstüne galdyrmak. Ýöne, çykanyňyzdan at salyp, obany örüzäýmäň! 2. Ukudan oýarmak, ýatanlary turuzmak. Ol daňdanyň ümüş-tamşynda örüzen sürüsine gözüni aýlady ( Edebiýat we sungat ). 3. Üstüne goýbermek, küşgürmek. Ýaşuly hem itleri örüzip goýberdi. ÖRÜZMEKLIK [ö:rüzmöklük], iş ady. Örüzmek ýagdaýy. Atam maňa sürini daň atan badyna örüzmekligi tabşyryp gitdi. ÖRÜZMEZLIK [ö:rüzmözlük], iş ady. Aýak üstüne galdyrmazlyk, turuzmazlyk. ÖSDÜRIBERMEK [össürüvermek], işl. 1. Ösdürip başlamak, ösdürip ugramak. 2. Ösdürmegi şu terzde dowam etdirmek. Saýaly hem miweli agaçlary şeýdip ösdüriberseň, iliň alkyşyny alarsyň. ÖSDÜRILMEK [össürulmök], işl. 1. Ekin, agaç we ş.m. ekilip ýetişdirilmek. 2. Ekläp-saklanylmak, terbiýelenmek, kemala getirilmek. 3. Köpeldilmek, artdyrylmak. Maldarçylyk ösdürilýär. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling