ÖLÜGSI [ölüğsü], syp. 1. Ýagtysy, yşygy ýiti däl,
çala yşyk berýän, çala ýanýan. Ýek-tük ýyldyzlar
ölügsi şöhle salýar. 2. Şöhlesi giden, nury gaçan,
şöwketi giden, kütelişen (göz hakynda). Onuň ölügsi
gözleri ýaldyrady, gowşan göwresi sandyrady, sesi
garyljyk çykdy (B. Kerbabaýew). 3. Suwsuz
sülleren, solgun (ösümlik hakynda). Tozanyň
arasyndan ölügsi otlar ysgynsyz görünýärdi (Ý.
Mämmediýew). 4. Çala çykýan, zordan eşidilýän,
ysgynsyz (ses hakynda). Bu ölügsi sesiň çadyrdan
çykýanyny oturanlaryň hemmesi aňladylar (A.
Gowşudow).
ÖLÜGSIJE [ölüğsüjö], syp. Tutuksyja, has
öçügsi. Çyranyň ölügsije yşygy.
ÖLÜGSILENIŞ
[ölüğsülönüş],
iş
ady.
Ölügsilenmek ýagdaýy.
ÖLÜGSILENME
[ölüğsülönmö],
iş
ady.
Ölügsilenmek ýagdaýy.
ÖLÜGSILENMEK [ölüğsülönmök], işl. 1.
Ýagtysy azalyp başlamak, ölügsi bolup başlamak.
Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip,
gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne
çalymtyk çäkmen bolup ýaýylýardy (B. Kerbabaýew).
2. Dura-bara şöhlesi gitmek, nury gaçmak, şöwketi
gitmek, kütelişmek (göz hakynda).
ÖLÜGSILENMEZLIK [ölüğsülönmözlük], iş
ady. Ýagtysy azalmazlyk, şöhlesi kütelmezlik.
ÖLÜGSILIK [ölüğsülük], syp. Ölügsi ýagdaýda
bolmaklyk, ýagtysy azlyk.
ÖLÜLIK [ölülük], at. Diri dällik, öli halda
bolmaklyk, jansyzlyk.
ÖLÜM, at. Ýaşaýşyň gutarmagy, ömür tanapyň
kesilmegi, wepat boluş. Bir ölüm, bir aýralyk, Hiç
biri bolmasady (Halk döredijiliginden)
Ölümiň gyrasy iş aňrybaş derejede adamy
abraýdan düşürýän iş. Bu ölümiň gyrasy işdir, muňa
näme diýip - näme aýdarsyň (A. Durdyýew). Ölümiň
öýünde zordan, örän kynlyk bilen, köp horluklar
görüp, azar ýamanyny görüp. Ol ýolda ýagşyň
aşagynda galyp, ölümiň öýünde özüni oba atdy.
Do'stlaringiz bilan baham: |