OÝKABERMEK [oýka:vermek], işl. Bir zady
başga
bir
zada
sürtübermek,
süýkäbermek,
oýkalabermek.
OÝKALAMAK [oýkolomok], işl., ser. Yzly-
yzyna oýkamak, dowamly oýkamak.
OÝKALAŞDYRMAK [oýkoloşdurmok], işl.
Oýkalap çykmak, ählisini oýkalamak. Kerim agzyny
Zybanyň gulagynyň ýanyna eltdi-de, burnuny onuň
gür saçlaryna oýkalaşdyrdy (Ý. Mämmediýew).
OÝKALMAK [oýkolmok], işl. 1. Bir zat başga
bir zada degrilip süýkelmek. 2. Bir zadyň ýüzüne
başga bir zat sürtülmek, çalynmak, çyrşalmak.
OÝKAMA [oýkomo], iş ady. Oýkamak ýagdaýy.
OÝKAMAK [oýkomok], işl. 1. Bir zady başga
bir zada degrip süýkemek. Ýadymda, eje jan,
ýadymda bary, Donuny bagryňa oýkan günleriň (Ý.
Durdyýew). 2. Bir zadyň ýüzüne başga bir zady
sürtmek, çalmak, çyrşamak. Ejesi ogluna:
Ýüzüňe,
gözüňe gazanyň garasyny oýkap geldiňmi?
diýdi.
OÝKAMAKLYK
[oýkomokluk],
iş
ady.
Oýkamak ýagdaýy.
OÝKANJYRAMAK [oýkonjuromok], işl. 1.
Eýläk-beýläk gymyldap oturmak, oýkanyp oturmak,
ynjalyksyz oturmak. Ýerinden galmaga gurbatynyň
çatyp-çatmajagyny synap görýän ýaly, iki-bakan
oýkanjyrady (G. Kulyýew). 2. Bir işi ýerine
ýetirmegi kyn görmek, kyn görüp ýaýdanmak,
ýaltalyk edip ikirjiňlenmek. Düşmezlige salyp,
oýkanjyrap otyr zaňňar (
Görogly
).
OÝKANJYRAŞMAK [oýkonjuroşmok], işl.
Birnäçe bolup oýkanjyramak. Oýkanjyrap oturmaň-
da, işiňiz bilen boluň!
OÝKANMA [oýkonmo], iş ady. Oýkanmak
ýagdaýy.
OÝKANMAK [oýkonmok], işl. 1. Arkaňy ýa-da
bedeniň başga bir ýerini bir zada degrip oýkamak,
süýkäp gaşamak. Dor alaşa dähedem-dessem golaý
geldi-de,
Artyga
oýkanmakçy
boldy
(B.
Kerbabaýew). Ýaplanyp oturan kepbesine oýkanyp,
ýagyrnysynyň gijisini köşetdi (H. Derýaýew). 2.
Näme etjegiňi bilmän, ýaýdanyp oýkanjyrap
durmak. Umsagül ýerinden galmakçy boldy, emma
aşagy ýumurtgaly towuk ýaly galyp bilmän oýkandy
(B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |