Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OPURTMAK [opurtmok], işl. Opurylmak  derejesine ýetmegine ýol bermek, opurylmagynyň  öňüni almazlyk.  OPURYLMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet258/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   254   255   256   257   258   259   260   261   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OPURTMAK [opurtmok], işl. Opurylmak 
derejesine ýetmegine ýol bermek, opurylmagynyň 
öňüni almazlyk. 
OPURYLMAK 
[opurulmok], 
işl. 
Gopup 
aýrylmak, oýulyp çykmak. Dag opurylyp, onuň äpet 
daşlary, Biziň barýan ýolumyzy bekläp dur (M. 
Seýidow). 
OPURYLYŞYK [opurluşuk], at. Işde bolýan 
bulaşyklyk, zyýankeşlik, ýykgynçylyk. 
OPURYŞ [opuruş], iş ady. Opurmak ýagdaýy. 
OPURYŞMAK [opuruşmok], işl. 1. Opurmaga 
kömek etmek. 2. Bilelikde opurmak. 
OPUŞ, iş ady. Opmak ýagdaýy. 
OR [o:r], gepl.d. Hemişelik ekilýän ekin ýeriň 
arasyndaky beýleki ýerlere garanda pes, çöket ýer, 
çöketlik. 
ORA I: ora bilen aşaklyk bilen, osmakladyp, 
assyrynlyk, gizlinlik bilen, aýlawly, göçme manyly 
söz bilen. Nejep jan öz-özüne: – Gel, men ora bilen 
şol gelniň aslyny soraýyn – diýdi (

Nejep oglan

). 
ORA IIat,gepl.d., serUry
ORABERMEK [ora:vermek], işl. Ýüpdür simi 
we ş.m. bir zadyň daşyna aýlabermek, sarabermek, 
dolabermek. 
ORAÇA [oroço], at. Tärimsiz, diňe uklary ýere 
dikilip gurnalan öý. Oraça bor, öýde ýok bolsa tärim, 
Ahaldadyr garyndaşym, hossarym (Baýly şahyr). 
ORAÇALY [oroçoly], at. Darajyk oraçada 
ýaşaýan adam, oraçanyň eýesi. Oraçalyň töri 
özüniňki (Atalar sözi)
ORAGATDY [oroğatdy], at. Utulanyň utana öz 
ýygan otuny bermek şerti bilen orak atylyp oýnalýan
çagalar oýny. 
ORAGRENDE 
[orağirenne], 
at. 
Agajyň 
gabygyny gyryp aýyrmak, arassalamak üçin 
ulanylýan iki tarapy saply, ýaý şekilli gural, senet. 
ORAK [orok], at. 1. Galla ekinlerini ormak ýa-da 
ot ýygmak üçin ulanylýan agaç saply, egri demir tygy 
dişli oba hojalyk guraly. – Bolýar uýam – diýip, 
Çoýan derrew oraklary aldy (R. Seýidow). 2. Galla 
hasyly ýygnalýan möwsüm, ýygym döwri. Türkmen 
gallaçylary galla oragynda geçen ýyldakysyndan iki 
hepdä golaý öňde barýarlar (

Watan

). 3. Oglana 
dakylýan at. 

Orak hasaby orak düşen we düşmeli 
wagtyndan alnyp barylýan aý-gün hasaby. Orak 
hasaby boýunça gyşyň togsany öten agşam doldy (A. 
Gowşudow). Orak salmak sähetli gün oraga 
başlamak. Işiň düşümliligi, şowlulygy üçin ýaşululara 
orak başladylýar. Aňňal orak ullakan egri agyzly 
orak. Bugdaý orak bugdaý orulýan ullakan orak. Dil 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   254   255   256   257   258   259   260   261   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling