Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ORAKÇYLYK
- ORALAMAKLYK
- ORAMA
- ORAMAKLYK
- ORANMAK
- ORAŞDYRMAK
- ORATDYRMAK
- ORAZA
- Oraza tutmak
- ORDURMAK
bilen orak ormak dilde işi aňsat etmek,
emgenmezlik. ORAKÇY [orokçy], at. Orak orýan adam, orak ormak bilen meşgullanýan adam. Ata, aga mährin görjek wagtymyz, Dagda orakçydyk, çöllerde çoluk (K. Gurbannepesow). ORAKÇYLYK [orokçuluk], at. Orakçynyň käri, ýagdaýy, orakçy bolup işlemeklik. Öňler bir obadan ikinji bir oba orakçylyga gidilerdi. ORAKDIŞ [orokdi:ş], at. Hala we beýleki el işlerine diş-diş görnüşinde keseräge-de salynýan gyýçak nagyş. ORAL [orol], syp. Ýaşy birçene baran, ortadan agan (aýal maşgala hakynda). Meň ýaly oral heleýiň gülýaka nämesine derkar (Ý. Mämmediýew). ORALAMA [orolomo], iş ady. Oralamak ýagdaýy. ORALAMAK [orolomok], işl. Gaýta-gaýta oramak (ser. Oramak I). Mämmetweli ýuka gabygyny galdyryp, sakgaljygyny barmagyna oralady (B. Kerbabaýew). ORALAMAKLYK [orolomokluk], iş ady. Oralamak ýagdaýy. ORALAÝYŞ [oroloýuş], iş ady. Oralamak ýagdaýy. ORALGY [orolğy], syp. Bir zadyň daşyna saralan, dolanan. ORALMAK [orolmok], işl. Bir zadyň daşyna saralmak, dolanmak. Biline gowanyň bagy oralan ýogyn pürs durdugyça batlanyp aýlanýardy (A. Gowşudow). ORAMA [oromo], iş ady. Oramak ýagdaýy. ORAMAK [oromok] I, işl. 1. Ýüpi, simi we ş.m. bir zadyň daşyna aýlamak, saramak. Ol şol hemişeki ak donuny geýnip, biline hem uzyn ak guşagyny birnäçe sapar orapdyr (A. Gowşudow). 2. Bir zadyň daşyny gabamak, daşyna gabaw etmek, daşyna aýlaw etmek, egelenmek. ORAMAK II, at,ýerli g. Gyňaç, başbogy. Birlän- ikilän ak oramakly aýallar käte adamlaryň arasynda göze ilip gidýärdiler (B. Seýtäkow). ORAMAKLYK [oromokluk], iş ady. Oramak ýagdaýy. ORAMÇY [oromçy], at, kön.s.Kerep örýän, köp aýakly, çakmaýan möjejik, düşdüş, leňkebut. Oramçy dek hemişe tor eder sen (Sopy Allaýar). ORANMAK [oronmok], işl. 1. Köplenç, gyňajy kelläň daşyndan aýlap saramak. Keten köýnek egniňde, başa öýme oranyp, Saz eýleýir karkaraň, seýle çyksaň bezenip (Mollanepes). 2. Çekmek üçin kagyzyň içine temmäki salyp dolamak. Paşy ýene çilim oranmaga durdy (B. Hudaýnazarow). ORAŞAN [oroşa:n], syp., at. Aç-açan, aýdyň, açyk, anyk; aýdyň görnüş, boljak zat, waka (röwşen sözüniň gadymy şekili, görnüşi). Öten agşamky gören düýşüm oraşan geldi (H. Derýaýew). Garry ene oraşanyny gören eken, ertesi agtygy uruşdan sag- aman gaýdyp gelýär. ORAŞDYRMAK [oroşdurmok], işl. Orap çykmak, köp oramak, dolaşdyrmak. Kakasy-da aýagyna oraşdyran ýüplerini çözleşdirdi (A. Durdyýew). ORAŞMA [oroşmo], iş ady. Oraşmak ýagdaýy. ORAŞMAK [oroşmok], işl. 1. gepl.d.Çolaşmak. 2. Bir zady oramaga kömek etmek. 3. Birnäçe bolup oramak. ORAŞMAKLYK [oroşmokluk], iş ady. Oraşmak ýagdaýy. 145 ORATDYRMAK [orotdurmok], işl. 1. Oramak işini başa bardyrmak. Bu sim bize agajyň daşyna oratdyrsa -da biri, ozi-ha gaty ýogyn eken. 2. Oramaga mejbur etmek, oramak işini başga birine etdirmek. ORATMAK [orotmok], işl. Birine bir zady oramaga ýol bermek; oramaga mejbur etmek. Gaýyny gelniniň başyna gyňaç oradasy ýok, başyna ýaglyk atynsa-da bolar diýýär. ORAÝANY [ora:ýa:ny], syp. Goňras gyzyl reňk. Çylgym-çylgym ýylgynlar oraýany gyzyl güller bilen bezenip otyrdy (B. Kerbabaýew). Şarkyň gyzy oraýany ýaglygy, Sypap-sypap maňlaýyna daňypdyr (M. Seýidow). ORAZA [ora:za], at. 1. Musulman ýyl hasaby boýunça ýylyň dokuzynjy aýynyň ady, remezan. 2. Agyz beklemek däbi. Oraza baýramy musulmanlaryň metjitlere ýa- da öwlüýälere ýygnanyp baş pitre, sadaka bermek, köpçülik bolup namaz okamak bilen geçirilýän, orazanyň 30-njy güni agşam başlanýan baýramy. Oraza tutmak yslam dininde: oraza aýynda gündizine hiç zat iýip-içmän agyz beklemek. ORDA [o:rdo], at. 1. taryh. Orta asyrlar döwründe käbir döwletleriň ady, şonuň ýaly-da olaryň häkiminiň mesgeni, ýerleşýän ýeri. 2. Ýyrtyjy haýwanlaryň sürüsi. Möjek ordasy. 3. göç.m. Duşman leşgerleri. Çingiziň ordasy gözel şäheri haraba halyna aýlandyrypdy (B. Kerbabaýew). Ordasy bilen barmak (gelmek) toýa-tomga üýşüp barmak, köp bolup barmak (oňlanmaýan äheň bilen aýdylýar). Olar-a toýa ordasy bilen geläýendir. ORDEN [o:rden], at. Zähmetde, gullukda we ş.m. görkezilen ajaýyp hyzmat üçin sylag berilýän ýörite tapawutlandyryş nyşany. ORDURMAK [ordurmok], işl. Başga birine ormaga bermek, ormak işini etdirmek. Bugdaý ordurmak. Ýorunja ordurmak. ORFOEPIÝA [orfoe:piýa], at, dil.b. Edebi dilde dürs aýdylyşy kesgitleýän kadalar ulgamy, dürs aýdylyş. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling