ORMAKLYK [ormokluk], iş ady. Ormak
ýagdaýy.
ORNABERMEK [orna:vermek], işl. Bir ýerde
orun tutubermek, ornaşybermek.
ORNADYLMAK
[ornodulmok],
işl., ser.
Ornaşdyrylmak.
ORNAMA [ornomo], iş ady. Ornamak ýagdaýy.
ORNAMAK [ornomok], işl. 1. Bir ýerde ýer
almak, orun almak, ýerleşmek. 2. Bir ýerde
berkemek, kök urup gitmek. 3. göç.m. Täsir etmek,
degmek, ýetmek; siňmek. Ak köýnegine gök syrkynyň
reňki ornapdyr (B. Annageldiýew). Ajaýyp manyly
ajaýyp sözler, Süňňüňe şeýle bir ornaýar başdan (K.
Gurbannepesow).
ORNAMAKLYK [ornomokluk], iş ady. Ornamak
ýagdaýy.
ORNAŞDYRMAK [ornoşdurmok], işl. 1. Bir
ýerde orun bermek, orun tutdurmak, ýerleşdirmek. 2.
Demokratiýa barada aýdylanda bolsa, bu näzik
substansiýany taýýar daşary ýurt modellerini ulanyp
ornaşdyryp
bolmaýar
(Gurbanguly
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany,
halky söýmek bagtdyr). 3. Aňyna ýetirmek, aňyna
siňdirmek, girizmek, düşündirmek. Elbetde, beýle
şygyrlary halkyň beýnisine ornaşdyrmak kyn
meselelerdi (H. Derýaýew).
ORNAŞDYRYLMAK [ornoşdurulmok], işl. Iş
ýüzüne geçirilmek, ulanylyşa girizilmek. Täze
teklipleriň
ornaşdyrylmagy
netijesinde
önüm
öndürilişi artýar.
ORNAŞMAK [ornoşmok], işl. 1. Bir ýerde kem-
kemden ýer almak, ýerleşmek, mesgen tutmak, orun
baglamak. Olar sag-aman gelip, öňki ýurtlarynda
ornaşdylar (A. Gowşudow). 2. Iş ýüzüne geçmek,
ýaýramak, girmek. Kuwwatly tehnika önümçilige
gitdigiçe ornaşýar. 3. Bir ýerde kök urmak, orun
tutmak, berkeşip galmak. Ýöne ýüregimiň gizlin
ýerinde ornaşan syrymy bu gezek hem açyp
bilmändim (R. Gelenow). 4. Reňki çykmak, siňmek.
Köýnegime gyrmyzdonyň reňki ornapdyr. 5. göç.m.
146
Aňyňa ýetmek, aňyňa siňmek, ýerleşmek, girmek. Bu
pikir onuň beýnisine pugta ornaşdy (B. Seýtäkow).
Do'stlaringiz bilan baham: |