Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ORNAŞYK [ornoşuk], at. Jaýlaşykly ýerleşiş,  oňaýly, amatly ýerleşiş.  ORNAŞYKLY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet262/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   258   259   260   261   262   263   264   265   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ORNAŞYK [ornoşuk], at. Jaýlaşykly ýerleşiş, 
oňaýly, amatly ýerleşiş. 
ORNAŞYKLY [ornoşukly], hal. Jaýlaşykly, 
ynjalykly, oňaýly, ýerleşikli. Ýigit dolanyp öýe girdi-
de, stoluň 
başynda 
ornaşykly 
oturdy 
(B. 
Soltannyýazow). 
ORNAŞYKLYLYK 
[ornoşukluluk], 
at. 
Jaýlaşykly, ornaşykly ýerleşiş ýagdaýy. 
ORNATMAK [ornotmok], işl. Ornar ýaly etmek. 
ORNUKLY, syp., gepl.d. Öz ornuny bilýän, 
ýerlikli, tutanýerli. Ornukly adam. 
ORRAMSY [orromsy], at,göd. s. Ahlak taýdan 
bozulan, azgyn, haramy adam, pes gylykly adam. 
Ogry hem özüni osar  orramsy hem (Nakyl). 
ORRAMSYLYK [orromsuluk], at. Ahlak taýdan 
bozuklyk, azgynlyk, haramylyk, pes gylyklylyk. 

Orruk: orruk orta arasy ortasy, merkezi. 
Obanyň orruk orta arasynda iki gat ak jaý bardyr
ORTA [orto], at. 1. Bir zadyň merkezi, bir zady 
deň ikä bölýän aralyk ýer. Obany iki bölüp, 
ortasyndan ýap geçýärdi. 2. Uzyn bilen gysganyň 
aralygy. Orta boýly ýigit. 3. Bir zadyň başlanýan ýeri 
bilen ahyrynyň aralygy, adamyň ömrüniň ýarysy. 
Orta ýolda atyň ölmesin, orta ýaşda – aýalyň (Atalar 
sözi). 4. Bir zadyň hiliniň kanagatlanarlyk derejesi.5
Köpçüligiň, märekäniň we ş.m. içi, aralyk. Gün 
batyp, garaňky düşenden soň, bagşy orta geldi (B. 
Seýtäkow). 

Orta almak 1) töweregine aýlanmak, daşyna 
üýşmek. 2) ýerli-ýerden käýemek, daşyna geçmek, 
tankyt etmek. Orta asyr gadymyýetiň taryhynda 
soňky, ýagny V asyryň ahyryndan tä XVII asyryň 
ortalaryna çenli dowam eden bütindünýä taryhyny öz 
içine alýan döwür. Orta atmak 1) bir meseläni 
maslahata goýmak, bir meseläni köpçüligiň 
garamagyna,geňeşine goýmak. Kim bilýär, belki, ol 
üçünji bir teklibi orta atsa-da atar! (N. Saryhanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   258   259   260   261   262   263   264   265   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling