Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OMRAKAÝ [omrokoý], hal. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet255/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   251   252   253   254   255   256   257   258   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OMRAKAÝ [omrokoý], hal. 1. Bol, köp, ep-esli. 
Agzyndakyny ýuwudyp, ýagdan omrakaý aldy (B. 
Kerbabaýew). 2. Ýokarrakdan, burnuň üstünden 
ýaşynmak (ýaşmak hakynda). Birdenkä bolsa 
aljyraňňylyga düşüp, ýaşmagyny omrakaý ýaşyndy 
(B. Kerbabaýew). 3. Ýogyn, togalak (düwün düwlüşi 
hakynda).Çyplak eýerlenen ulaglaryň guýruklary 
omrakaý düwlüp, uýanlary gaňtarylyp goýulýardy (B. 
Kerbabaýew).
OMRUBERMEK [omruvermek], işl. Iki bölüp, 
döwüp aýrybermek, döwübermek. 
OMRUGRAK [omruğra:k], syp. Biraz, sähel 
omruk. 
OMRUK, syp. Erňegi uçan, döwlen (ser
Ommuk). Omruk küýze. 
OMRULMAK 
[omrulmok], 
işl. 
Döwlüp 
aýrylmak, döwülmek, uçmak. Elbetde, iki goç 
götinläp, zarba bilen baş uranda, biriniň ýa şahy 
uçmaly ýa-da oňurgasy omrulmaly bolýar (H. 
Derýaýew). 


140 
OMRULYŞMAK [omruluşmok], işl. Köpüsi, 
bary omrulmak. Görsem, käýerdäki baglaryň äpet 
şahalary omrulyşyp ýatan eken (R. Gelenow). 
OMRUŞiş ady. Omurmak ýagdaýy. 
OMRUŞDYRMAK 
[omruşdurmok], 
işl. 
Hemmesini 
döwüşdirmek, 
ýykyşdyrmak, 
ýumruşdyrmak, omurmak. Ala sygyr agaçlaryň 
şahalaryny omruşdyrypdyr. 
OMRUŞMAK [omruşmok], işl. 1. Omurmaga 
kömek etmek. Agajyň guran şahalaryny omruşmak. 
2. Bilelikde omurmak. Olar ýogyn ojarlary omruşyp 
ýördi. 
OMURDAN [omurdon],at. 1. Goluň bedene 
birigýän ýeri, çigin. 
El uzadanyň goluny 
omurdanyndan omrup taşlaryn (B. Kerbabaýew). 2
Egin-eşigiň ýeňiniň omza birigen ýeri. Biriniň 
jalbary 
elhal 
syrdambitin 
bolsa, 
köýnegi 
omurdanyndan düşüp, çigni gyzaryp durdy (H. 
Derýaýew).
OMUR-JOMUR: omur-jomur etmek güýç talap 
edýän bir işi derrew ýerine ýetirmek, çalt 
hötdesinden gelmek. Ýaşulynyň edenli ogly bar, suw 
tutmalam bolsa, ýer depmelem bolsa, ýandak 
ýatyrmalam bolsa, öňünde iş duranok – edil ýöne 
omur-jomur edip barýar. 
OMURMA [omurmo] I, iş ady. Omurmak 
ýagdaýy. 
OMURMA [omurmo] IIat, ser. GoşaŞeýle çus 
bolsa-da, oslagsyz oturan pyýada omurmasyna ok 
salýança, çöl guşy asmana göterildi (

Edebiýat we 
sungat

). 
OMURMAK [omurmok], işl. Iki bölmek, döwüp 
aýyrmak, döwmek.
OMURMAKLYK 
[omurmokluk], 
iş 
ady. 
Omurmak ýagdaýy. 
OMURTDYRMAK [omurtdurmok], işl. Bir zady 
birine omurtmak. 
OMURTMAK [omurtmok], işl. Omrular ýaly 
etdirmek. Howludaky ýogyn ojar Atamyrat aga 
omurdar öýdemok. 
OMUZ, at. 1. Bedeniň boýun bilen gol 
aralygyndaky bölegi, egin, omurdan. Özüniň güýçli 
bilegine, omuzlaryna daýanyp, garşydaşynyň bilini 
alardy (Ý. Mämmediýew). 2. Egin-eşigiň ýakasy 
bilen ýeňiniň aralygyndaky bölegi. Onuň çep 
omzunda nämelerdir bir zatlar ýazylgy tegelek demir 
bardy (

Edebiýat we sungat

). 
OMUZLAGRAK [omuzloğra:k], syp. Biraz 
omuzlak. 
OMUZLAK [omuzlok], syp. Ýasy çiginli, 
eginlek, gerdenlek. Bu on bäş ýaşly omuzlak ýigitdi 
(A. Atajanow). 
OMUZLAMA [omuzlomo], iş ady. Omuzlamak 
ýagdaýy. 
OMUZLAMAK [omuzlomok], işl. Türkmen 
göreşinde biri-biriňe omzuňy diräp tutluşmak. 
Pälwanlar biri-birini omuzlap, gaçarak saklanyşyp, 
eýläk-beýläk itnişip, tegelegiň içinde öwrüm etdiler 
(

Edebiýat we sungat

). 
OMUZLAŞMAK [omuzloşmok], işl. Biri-birine 
omuz direşmek, biri-birini omuzlamak. Aýdurdyň 
erkegi birden kellesini sypdyryp, Ýagmyryň erkegi 
bilen omuzlaşdy (N. Pomma). 
OMUZLAÝYŞ [omuzloýuş], iş ady. Omuzlamak 
ýagdaýy. 
OMYN [o:muýn], at. 

Alla kabul etsin, goý şeýle 
bolsun

diýen manyda ulanylýan söz. Baryň, ýoluňyz 
ýagty, maňlaýyňyz açyk bolsun! Omyn! (G. 
Kulyýew).

Omyn diýip galmak ekilen ekinler gowy 
gögermek, ösmek. Omyn etmek aýat-töwwir etmek, 
töwwir galdyryp bermek; töwwir galdyrmak. 
OMZABERMEK [omza:vermek], işl. Omzap 
ugramak. 
OMZAMA [omzomo], iş ady. Omzamak 
ýagdaýy. 
OMZAMAK [omzomok], işl. 1. Güýç bilen öňe 
dyzamak, öňe süýşmäge çalyşmak. öňe sürünmek. 
Dyknyşyga düşen ýigit bar güýji bilen omzap, jaýyň 
daşyna çykmak isledi. 2. Oturan ýerinden birine tarap
golaý süýşmek, sürünmek. Oturan ýeriňe suw 
çykdymy, ýöne maňa baka omzap gelýäň?!. 
OMZAMAKLYK 
[omzomokluk], 
iş 
ady. 
Omzamak ýagdaýy. 
OMZAŞMAK [omzoşmok], işl. Birnäçe bolup, 
öňe omzamak. Olar ony ykjam diňlemek üçin ileri-
ileri omzaşdylar (A. Nazarow). 
OMZATMAK [omzotmok], işl. Bar güýji bilen 
uzatmak. Ol üzeňňili aýagyny ilerräk omzadyp, arkan 
gaýyşdy (B. Kerbabaýew).
OMZAÝYŞ [omzoýuş], iş ady. Omzamak 
ýagdaýy. 
ON [o:n], san. 10 belginiň ady we onuň aňladýan 
sany. Halysynyň kenary, on barmagnyň hünäri 
(Hüwdüden).

On iki synaň gowşamak tutuş bedeniňde 
gowşaklyk duýmak, lagşamak, ysgynsyzlanmak. 
Onuň on iki synasynyň bary birden gowşady, 
endamyny sowuk der gaplap aldy (B. Kerbabaýew).
ONBAŞY [o:nmaşy], at. 1. taryh. On esgeriň
serkerdesi. 2. Oglana dakylýan at. 
ONBAŞYLYK [o:nmaşylyk], at. Onbaşynyň 
wezipesi, ýagdaýy. 
ONBEGI [o:nmeği], at. 1. ser. Onbaşy. Onbegi 
nämäniň nämedigine diňe şonda düşünip galdy (Ý. 
Pirgulyýew).2Adam ady. 
ONBEGILIK [o:nmeğilik], at. Onbeginiň 
ýagdaýy. 
ONBIRATAR [onmi:ratar], at. Daragyna on bir 
ok ýerleşýän tüpeň. 
ONBIRÇILLE [onmi:rçille], at. Tara daragynyň 
syklygyny we inini, şonuň ýaly-da dokalan matanyň 
inini aňladýan ölçeg birligi. 
ONÇA [onço], çal. 1. Onuň ýaly ýagdaý, beýle 
ýagdaý. Ol işi bitirmi, bitirmezmi, onçasyny bilemok 
(B. Seýtäkow). 2. Onuň ýaly köp mukdardaky. Toba! 
Toba! Onça puly nätjek? (A. Nazarow). 3. Göz 
öňünde tutulýan adamça, onuň ýaly, onuňça, biriçe. 
Men, näme, onça ýokmy, onuň başaranyny başarmaz 


141 
öýdýärmiň? 4. Deňeşdirilýän zatça. Bu matany-ha 
onça göremok.  
ONÇAKLY [onçokly], hal. O diýen, şeýle bir, 
beýle. Biz şol işi wagtynda onçakly başarmadyk (H. 
Derýaýew).
ONÇA-MUNÇA [onço-munço], syp. Onuň ýaly, 
munuň ýaly, eýle-beýle. Onça-munça zatlary geňläp 
oturasy iş ýok. 
ONÇA-ONÇA [onço-onço], syp. Şolar ýaly, olar 
ýaly, şonuň ýaly, onuň ýaly, ol hili. Onça-onça 
kynçylyga döz geljek bolmaly. 
ONÇILLE [o:nçille], syp. Tarada dokalýan 
matanyň ini on çilleden ybarat (ser. Çille). Onçille 
keteni. 
ONDA [onno], hal. Soňky ýagdaýda, indiki 
ýagdaýda.Okasyň gelmeýän bolsa, onda näme 
işlejek?
ONDA-MUNDA [onno-munno], çal. 1. Her 
ýerde, käbir ýerlerde. Häli-şindi, onda-munda 
raketalar atylyp, gijäni gündizlige öwürýärdi (H. 
Ysmaýylow). Daň ýyldyzy ýokary galdygyça, aşagy 
agaryp, onda-munda gögerişip oturan çöp-çalamlar 
görnüşip, töwerek giňän ýaly bolup başlady (H. 
Derýaýew). 2. Her hili geňlenäýmegi mümkin ýerde. 
Saňa onda-munda görünýärmişiň diýýärler, şol 
aýdylýanlar ugrunda barmy? 
ONDAK-MUNDAK [onnok-munnok]: agzyňy 
ondak-mundak urmak birine diliňe gelen hapa 
sözleri aýtmak. Sen agzyňy ondak-mundak uran 
bolma
ONDAN-MUNDAN [onnon-munnon], çal.
ýerden – bu ýerden, her ýerden, nirelerdendir bir 
ýerden, eýleden-beýleden. Ýelli ondan-mundan 
eşiden sözlerini ýadyna saldy (A. Gowşudow). Iki 
goja şeýdip, ondan-mundan söz açyp, ýerlerinden 
turman işlediler (G. Kulyýew). 
ONDAN-OŇA [onnon-oňo], çal. Bir ýerden 
başga bir ýere, ol ýerden başga bir ýere, iki ýana.
...Buşluk! – diýip, habar berýän çagalar oba 
arasynda 
ondan-oňa 
ylgaşýardylar 
(B. 
Kerbabaýew). Tüsseleç bulut bölekleri ondan-oňa 
asuda göçüp-gonup ýör (

Edebiýat we sungat

). 
ONGÜNLÜK [o:nğünlük], at. 1. Aýyň üçden 
biri, on günüň içindäki wagt. Aýyň birinji 
ongünlüginde howa maýyl boldy. 2. On gün möhlet 
bilen dowam edýän medeni çäre. Bu kitap türkmen 
edebiýatynyň we sungatynyň golaýda geçiriljek 
ongünlügine gabatlanyp çykaryldy. 
ONKOLOG [onko:lok], at. Onkologiýa boýunça 
hünärmen (lukman). 
ONKOLOGIÝA 
[onkolo:ğiýa], 
at. 
Lukmançylygyň 
çişleriň 
ýüze 
çykmagynyň 
sebäplerini, olaryň ösüşini, şeýle-de çişli keselleriň 
döremeginiň öňüni almagy we olary bejermegi 
öwrenýän bölümi. 
ONLAMA 
[o:nlomo], 
at, edeb. 
Goşgy 
düzülişiniň on setirden durýan görnüşi. 
ONLARÇA [o:nlorço], syp. Ençeme ondan 
ybarat .
ONLUK [o:nluk], at. 1. 10 belgini görkezýän 
sanyň ady. Olaryň gözündäki onluk, ýüzlük, bäş 
ýüzlük nomerleri seljerdi (B. Kerbabaýew). 2. On 
manatlyk kagyz ýa-da gyzyl metal pul. Ol jübüsinden 
bir onluk çykaryp berdi. 3. Oýnalýan on gülli kart. 
Kim bilýär bankçy oňa näme biýr, Onluk gelip 
düzelermi ýigrimbir (A. Kekilow). 4. Käbir zatlaryň 
ölçegini kesgitleýän, görkezýän san. Ol ýanyp duran 
onluk çyranyň ýagtysyna kitap okaýardy (A. 
Gowşudow). 
ONSOŇhal, ser. Soňra
ONSUZ, hal. Ol ýok bolsa, ol bolmasa, ol 
bolmadyk halatynda. Onsuz günümiz geçmez

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   251   252   253   254   255   256   257   258   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling