OK-ÝARAG [ok-ýarağ], at. Uruşda, söweşde
ulanylýan ýaraglaryň jemi.
OK-ÝAÝ [ok-ýa:ý]. at. 1. Irki döwürlerde
ulanylan, ujy peýkamly agaç ok atýan ýarag, ok we
ýaý, keman. Jygaly beg agtygyna bir ok-ýaý ýasap
berdi (
Görogly
). Galandar, şu galada bir ok-ýaý
barmyşyn (
Görogly
). 2. zergärç.s. Erkek oglanyň
kürtesiniň, donunyň arkasyna dakylýan okly ýaý
görnüşindäki aşagy şelpeli, düwmeli bezeg şaýy.
OKÝETIM, at. Ýakyn aralyk, atylan ok ýeter
ýaly aralyk. Depämizde okýetim belentlikden
durnalar gurruldaşyp, toýnuk gurap uçuşyp
barýarlar (
Edebiýat we sungat
).
OKÝYLAN [okýyla:n], at. Okdurylyp gaty, çalt
hereket edýän, uzyn inçe ala ýylan. Garaguşa
kakdyraýma, Gara möýe sokduraýma, Okýylana
çakdyraýma, Töweregiňe gara, köşek (M. Garryýew).
OL, çal. 1. Üçünji adamyň adyna derek
ulanylýan şahs görkeziji at çalyşmasy ( ol sözüniň
düşümlerde ulanylyşy: ol, onuň, oňa, ony, onda,
ondan). Belki, ol hem seniň bilen göwündeşdir (B.
Kerbabaýew). 2. Birini ýa-da bir zady görkezmek
üçin ulanylýan görkezme çalyşmasy. Ol kitap –
Görogly
kitabydy (A. Gowşudow).
OLAR [olor], Üçünji şahsyň köplük sanyndaky at
çalyşmasy. Ýaşululara aýratyn sarpa goýmak, her bir
işde olara geňeş etmek, türkmeni tapawutlandyrýan
häsiýetleriň biridir (
Watan
).
OLARÇA [olorço], hal. 1. Olaryň pikiriçe, olara
görä. Olarça biziň pikirimiz nädogrumyş. 2. Olar
ýaly, olaryň derejesinde. Bizem olarça işläp bileris.
Do'stlaringiz bilan baham: |