OKATDYRMAK [okotdurmok], işl. 1. Kitaby,
haty we ş.m. başga birine okatmak. Ejem onuň ýazan
hatlaryny tapyp, okatdyryp eşidýärdi. 2. Möý, ary,
içýan, ýylan çakanda biler-bilimsege doga okatmak.
OKATMAK [okotmok], işl. 1. Okamak işini
başga birine etdirmek.Şahyr ýaňyja ýazan goşgusyny
okatmak üçin dostuna uzatdy. 2.Birine sowat
öwretmek, bilim bermek. 3. Okamaga mümkinçilik
bermek, rugsat etmek. Ol gyzyny uniwersitetde
okadýar.
OKAÝYŞ [okoýuş], iş ady. Okamak ýagdaýy.
Onuň goşgyny labyzly okaýşy oturan adamlara
ýarady.
OKAÝJY [okoýjy], at. Çap etmek üçin ýygnalan
ýazgyny okaýan, asyl nusgasy bilen barlap, deňeş-
dirýän çaphana, neşirýat, metbugat işgäri.
OKÇY,at. 1. Ýaýyň okuny atmaga ökde mergen.
2. Mergen. – Eý, Saýat han, okçy bolsaň, şu almany
urgul – diýdi (
Saýatly – Hemra
).
OKDAN [okda:n], at, harby. 1. Ok gutusy,
oklaryň ýerleşýän gaby; sagdak. 2. Seçme, däri
salynýan teletin gap.
OK-DÄRI [ok-dä:ri], at. Ok hem däri, ot açýan
ýaragy atmak üçin gerek bolan serişdeler.
OKDURYLMA
[okdurulmo],
iş
ady.
Okdurylmak ýagdaýy.
OKDURYLMAK [okdurulmok], işl. 1. Biriniň
ýa-da bir zadyň üstüne hyjuwly, çalasyn topulmak.
Möjegiň kellesine gözi düşen badyna Perman atyna
baka okduryldy (A. Gowşudow). 2. Çalt hereket
etmek, okgunly gitmek. Akar suw täzeräk arçalan
ýabyň içi bilen yňdarylyp, aşaklygyna bakan
okduryldy (Ý. Mämmediýew).
OKDURYLMAKLYK [okdurulmokluk], iş ady.
Okdurylmak ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |