Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet245/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   241   242   243   244   245   246   247   248   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

 
OJARLYK [ojorluk], at. Ojaryň köp biten ýeri, 
ojaryň bol ýeri. Bir salymdan soň, çagalar depäniň 
öňündäki ojarlyga ýygnandylar. 
OJUK-BUJUK, at, ser. Odur-budur. Men 
bazardan alan ojuk-bujuk zatlarymy alyp, öýe girdim 
(R. Gelenow). 
OK Iat. 1. Ýaýdan atylýan, ujy peýkamly, kirşe 
ildirilýän ýeri kertikli we ýelekli uzyn göni çybyk 
görnüşli peýkam. –Oksuz galdy golda ýaýym, Batdy 
meniň günüm, aýym (Magtymguly). 2. Tüpeňden 
atmak üçin içi därili, seçmeli peşeň, doly peşeň. 3
Atylan okuň degen ýerinde galýan gurşun bölegi. 

Oka düzmek köp adamy atyp öldürmek, ok 
atyp gyrmak. Oka gelmezlik hilegärlik, mekirlik 
edip, ele düşmezlik, işiň üstünde tapylmazlyk. 
Terslin-oňlyn böker-de, ol sap atar, Oka gelmez, 
gözlerine çöp atar (Ý. Pirgulyýew). Oka tutmak ok 
atyp başlamak, ok ýagdyrmak. Ok bolup degmek 
güýçli täsir etmek, çendenaşa gynandyrmak. Ol 
habar Dursuna ok bolup degdi (B. Kerbabaýew). Ok 
bolup geçmek serOk bolup degmekDiýen sözleri 
içimden ok bolup geçdi. Okdan geçirmek atyp 
öldürmek, tüpeňläp öldürmek. Okdan ötürmek ser. 
Okdan geçirmek. Oky nyşana gelende atmak bir 
zadyň çemini gözlemek, maýyny tapmak, ýeri 
gelerine garaşmak, her işi ýeri gelende etmek. Ok 
ýaly 1) göni. Annagulynyň ýüregine Altynyň ok ýaly 
kirpikleri sanjylan ýaly boldy (A. Durdyýew). 2) 
örän çalt, batly. Itler ok ýaly bolup topuldylar (H. 
Derýaýew). Indi guş edil ok ýaly bolup, göni 
aşaklygyna gaýtdy (H. Ysmaýylow).
OK II, at. 1. Iki ujuna tigir geýdirilýän uzyn 
demir. 2. Azal, araba we ş.m. ýaly gurallarda 
boýunturugyň ortasyna dakylýan uzyn göni agaç. 
Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, 
demri poslapdyr (B. Kerbabaýew). 3. Dörtburçluk 
şekilinde salnan binanyň, desganyň bir tarapy, ganaty. 
Haýatyň oky. Peliň oky. 4. Juwazyň sokusynyň içinde 
aýlanyp, künjiniň, çigidiň ýagyny çykarýan agaç. 5
Çelpek ýaýmak we ýaýylan çelpegi daşyna orap, 
gazana ýazgyn taşlamak üçin ulanylýan inçe agaç, 
oklawyň bir görnüşi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   241   242   243   244   245   246   247   248   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling