Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
OGRYNLYKDA [oğruýnlukdo], hal, ser. Ogrynça
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- OGŞABERMEK
- OGŞAMAK [oğşomok] II
- OGŞAŞMAK [oğşoşmok], işl. Bir-biriňi ogşamak. OGŞATMAK
- OGŞATMAK
- OGULBOLDY
- OGULHAJAT
- OGULLYLYK [oğulluluk], at. Ogully bolmaklyk, ogly barlyk. OGULSYZ
- OGULSYZ-GYZSYZ
OGRYNLYKDA
[oğruýnlukdo], hal, ser. Ogrynça. OGRYN-OGRYN [oğruýn-oğruýn], hal. Birsyhly, yzly-yzyna gizlin ýagdaýda, gizlinlik bilen.Ogryn-ogryn gözleýşiň, Ot saldy jana söwdügim (Kemine). Mekdep müdiriniň ünjüsi bardy, Ogryn-ogryn oň ýüzüne garaýardy (A. Kekilow). OGŞABERMEK [oğşa:vermek], işl. Ogşap ugramak, öpübermek, posa alybermek. OGŞALMAK [oğşolmok], işl. Biri tarapyndan posa alynmak, öpülmek. OGŞAMA [oğşomo] I, II, iş ady. Ogşamak ýagdaýy. OGŞAMAK [oğşomok] I, işl. Gowy görýändigiňi bildirmek üçin birine dodaklaryňy degirmek, öpmek. Gülendam Göroglynyň daşyndan üç mertebe aýlanyp, maňlaýyndan ogşady ( Görogly ). OGŞAMAK [oğşomok] II, işl., şahyr. Meňzemek, meňzeş bolmak. Haý-haý seniň ýörişiň, arslana sire ogşar, Halka-halka zülpleriň kemendi dara ogşar (Kemine). OGŞAMAKLYK [oğşomokluk] I, II, iş ady. Ogşamak ýagdaýy. OGŞAŞDYRMAK [oğşoşdurmok], işl. Ogşap çykmak, birin-birin öpüp çykmak, öpüşdirmek. OGŞATMAK'>OGŞAŞMAK [oğşoşmok], işl. Bir-biriňi ogşamak. OGŞATMAK [oğşotmok] I, işl. Başga biriniň ogşamagyna ýol bermek, öpdürmek. Al ýaňakdan kä ogşadyp, kä ogşap, Ýüz-gözüňi synlarmykam, Artyk jan! (B. Kerbabaýew). OGŞATMAK [oğşotmok] II, işl., şahyr. Birine, bir zada meňzetmek. Elip dek kamatyň ogşatma dala, Gurban olam serwi kaddy nahala (Mollanepes). OGŞAÝYŞ [oğşoýuş] I, II, iş ady. Ogşamak ýagdaýy. OGŞUK [oğşuk] I, at. 1. Iki ýaşar düýe. Şokurdap il ürküzer, ogşuk bahaly içmek (Kemine). 2. Oglana dakylýan at. OGŞUK [oğşuk] II, at. Birine ýa-da bir zada söýgi, mähir bildirilip alynýan posa. Daşdan ogşuk zyňýar, gülýär, degişýär. OGUL [oğul], at. 1. Ene-atanyň erkek çagasy, erkek perzent, dogma, zürýat. Ata kesbi ogla halal (Nakyl). 2. Nätanyş, keseki adamlaryň ýaş ýigitlere ýigit, jigi we ş.m. diýen manyda ýüz tutanlarynda aýdýan sözi. Sen, oglum, häzir näçe ýaşyňda? (B. Kerbabaýew). 3. Ene-atalaryň öz ogluna ýüzlenende ulanýan sözi. Oglum, bar mallary suwa ýak. 4. gepl.d. Çaga, perzent. 135 Ogul agtyk 1) öz ogluňdan bolan çaga, öz ogluň çagasy. 2) öz ogluň erkek çagasy. Ogul ýaşy uzyn bola (bolsun) ! ogly, ogul agtygy bolan adamlara ýüzlenilip aýdylýan gutlag, ýagşy arzuw, niýet, alkyş. OGULBOLDY [oğulvolly], at. 1. Çagasy bolan öýüň diwaryndaky halydyr çuwallaryň ýüzüne ak pagtadan edilýän her hilije güller. Gyzlar, gelinler pagtadan gunda edip, onuň öýüniň içini ogulboldy bilen bezeýärdiler. 2. Goýundyr geçiniň iç ýagynda bolýan içi suwluja haltajyk, suwly barda. 3. Gyza dakylýan at. OGUL-GYZ [oğul-ğy:z], at. Nesliň dowamy bolan çagalar, perzent, zürýat. Ataň-enäň göwni ogulda-gyzda, ogluň-gyzyň göwni dag bilen düzde (Nakyl). Ogul-gyzyň köp bolsun! Olaryň eýgiligini gör (B. Seýtäkow). OGULHAJAT [oğulha:jat], at. 1. Külembikäniň ýanyndaky barmagyň ady, dördünji barmak. Onuň ogulhajadyndaky gyrmyzy gaşly ýüzüginiň ýylpyldysy şindi hem gözümiň öňünden gidenok (T. Gurbanow). 2. Gyza dakylýan at. OGULLY-GYZLY [oğullu-ğy:zly], syp. Ogly- gyzy bar bolan, çagaly-çugaly, perzentli. Hawa, ol hem ogully-gyzly adamdy (A. Gowşudow). OGULLYK [oğulluk], at. 1. Öweý ogul. 2. Ogul deregine kabul edilen çaga, hakyky öz perzendiň hökmünde kanuny alnan çaga. Görogly özüne mynasyp ogullyk gözleýär ( Görogly ). Ogullyk etmek hakyky ogul ýaly hyzmat etmek, ogul ýerini tutmak, ogul dereginde durmak. Öwezjan, eşitseň Göroglyň sözün, Bize bir ogullyk etmegiň gerek ( Görogly ). OGULLYLYK [oğulluluk], at. Ogully bolmaklyk, ogly barlyk. OGULSYZ [oğulsuz], syp. Ogly bolmadyk, ogly ýok, zürýatsyz. Kim ogulsyz ötse mundan, Ojagynda küller galmaz (Aýdym). OGULSYZ-GYZSYZ [oğulsuz-ğy:ssyz], syp. Ogul-gyzy bolmadyk, perzentsiz. OGULSYZLYK [oğulsuzluk], at. Ogluň ýokluk, zürýatsyzlyk. OGURLABERMEK [oğurla:vermek], işl. Kesekiniň zadyna el garybermek, ogurlyk edibermek. OGURLAMA [oğurlomo], iş ady. Ogurlamak ýagdaýy. OGURLAMAK [oğurlomok], işl. Kesekiniň zadyny bildirmän almak, özgäniň zadyna el garmak, bir zady gizlinlik bilen almak, ogurlyk etmek. Ogurladym üç gyzyň-da suratyn, Ýazdym arkasyna ýadygär hatyn (K. Gurbannepesow). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling