Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet239/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   235   236   237   238   239   240   241   242   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NYZAM [nyza:m], at. 1. Tertip-düzgün, kada. Ol 
ýerde zähmet nyzamynyň berkleşendigi bellidi. 2
Tertipli durlan hatar, sap. Esgerler nyzama durdular. 

Nyzam etmek nyzam bilen ýöremek, mask 
etmek, türgenleşmek. Ol bir topar nyzam edip 
ýörenleri görüp, haýran galyp durdy (A. Durdyýew).
NYZAMLY [nyza:mly], syp. 1. Tertipli, 
düzgünli, kadaly. Iş hereketi nyzamly gidýärdi. 2
Tertipli, hatara, nyzama duran. 
NYZAMLYLYK [nyza:mlylyk], at. Tertiplilik, 
düzgünlilik, kadalylyk. 
NYZAMSYZ [nyza:msyz], syp. Nyzamy ýok, 
düzgünsiz, tertipsiz, kadasyz; başly-barat. 
NYZAMSYZLYK 
[nyza:msyzlyk], 
at. 
Nyzamsyz ýagdayda bolmaklyk, nyzamly dällik.
 
 
 

 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 


132 
Ň 
Ň, Türkmen elipbiýiniň on ýedinji harpy. 
Türkmen dilinde 

ň

sesi bilen başlanýan söz ýok. 

Ň

sesi sözüň ortasynda (aňry, deňiz, teňňe...) we 
soňunda (aň, äň, heň, äheň, öleň...) gelip bilýär. 
 
 
 

 
O [o:] I, Türkmen elipbiýiniň on sekizinji harpy. 
[o:] II, Geň galmagy, begenji, haýran galmagy 
aňladýan ümlük. O, gör bize kim gelýär! 
Oçal, gepl.d., ser. OlO näme diýýär? 

O diýen däl bolmalysyndan, hemişekisinden 
pes derejede. Töweregiň ýagtylygy o diýen däldi (B. 
Gurbanow). O dünýe, bu dünýe ömürbaky, hemişe, 
ylahym. Siziň hossarçylygyňyzy o dünýe, bu dünýe 
ýatdan çykarman (B. Seýtäkow). Olar şeýle bir gaty 
tersleşipdirler, o dünýe, bu dünýe ýüz görşer ýaly 
bolmandyrlar.  
OBA [o:vo], at. Daýhançylyk, maldarçylyk we 
ş.m. bilen meşgullanylýan ilatly ýer.

Oba göçmek ýat bolmak, düýpgöter özgermek, 
ýok bolup gitmek. Indi o döwürlerden oba göçdi
Oba hojalyk 
ösümlikçilik we maldarçylyk 
önümlerini almak maksady bilen medeni ekinleri 
öndürmek, maldarçylygy ösdürmek, senagat üçin çig 
mal öndürmek boýunça maddy önümçiligiň esasy 
pudaklaryndan biri.
OBAÇYLYK [o:voçuluk], at. 1. ser. Obalyk 1, 2
Şahyr nazaryny obaçylyga bakan sowdy (G. 
Kulyýew). 2. Oba ilatyna, oba durmuşyna mahsus 
däp-dessur, häsiýet, ýagdaý. Aý, obaçylykdyr-da, 
gardaş, bu ýerleriň edim-gylymyna, bolşuna 
şäherliniň gözi bilen garama
OBADAŞ [o:vodoş], at. Bir obada doglan, bir 
obada önüp-ösen, bir obadan bolan adamlaryň 
ýurtdaşlyk gatnaşygyny aňladýan söz. Obadaşlarym 
meniň üçin mähribandy, tapylgysyzdy (

Edebiýat we 
sungat

).
OBADAŞLYK [o:vodoşluk], at. Bir obadan 
bolmaklyk, 
obadaş 
bolmaklyk. 
Obadaşlyk 
hatyrasyna sen meni mundan artyk gynama! (B. 
Kerbabaýew).
OBA-GARA [o:vo-ğara], at, gepl.d. Oba hem 
onda ýaşaýan adamlar. Oba-garalar gurgunmy? 
OBA-IL [o:vo-i:l], at. Oba we onuň halky, ilaty. 
Bütin oba-il bolup toý tutduk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   235   236   237   238   239   240   241   242   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling