NOŞ [no:ş] II: noş bolsun! nesip etsin, janyňa
siňsin, janyňa ýarasyn. Çaýyňy iç, çöregiňi iý, janyňa
noş bolsun! (B. Kerbabaýew).
NOŞY [no:şy], at, gepl.d.Soganyň ýaşy, ýaşy gök
sogan.
NOTA [no:to] I, at, sazç. 1. Saz sesiniň,
owazynyň şertli çyzykly belgisi. 2. Şertli çyzykly
belgiler bilen ýazylan saz eseriniň ýazgysy; şonuň
ýaly-da ýazgylardan ybarat kitap, depder.
NOTA [no:to] II, dipl. Bir döwletiň hökümetiniň
başga bir döwletiň hökümetine resmi diplomatik hat
bilen ýüzlenmesi.
NOWA [nowo], at. 1. Mallary suwa ýakmak üçin
agaçdan ýasalan süýri gap. Nowalara suw guýdum,
Daşdy gitdi ýar-ýar (Toý aýdymyndan). 2. Maşynyň,
arabanyň we ş.m. ýük goýulýan, ýüklenýän ýeri.
NOWA [nowa:], 1. Akyl, paýhas, aň, düşünje.
Başda nowaň bolsa beýdip ýörmezdiň, Her günde
birine göwün bermezdiň (M. Seýidow).2. Ujypsyz
zat.Janyňa ýakymly azat howasy, Bizde bolmaz din,
adatyň nowasy (N. Pomma).
NOWASYZ [nowa:syz], syp. Akylsyz, ýeňilkelle,
aňsyz. Ol bir nowasyz oglan eken.
NOWBAHAR [nowvahar / nowwahar],at. 1.
Ýazyň, baharyň ilki başlanýan döwri, täze bahar;
alabahar. Zar-zar çün ebri-nowbahar ýyglady (
Zöhre
– Tahyr
). 2. gepl.d.Ilkinji bolan çaga, ogul, gyz.
Boýun görüp, guwananyň daşyndan, Nowbaharym –
Haýdar, körpäm – Mirhesen (Seýdi). 3. Gyza
dakylýan at.
NOWÇA [nowço] I, 1. syp. Sagdyn, ýaş. Nowça
gyzlar. 2. Gyza dakylýan at.
NOWÇA [nowço] II, at. Degirmende möhreden
gelýän suwuň batly çykmagy üçin edilen deşik.
NOWELLA
[nove:lla],
at.
Çözülişi
garaşylmadyk ýagdaýda tamamlanýan uly bolmadyk
hekaýa; kyssa görnüşli gysgajyk eser.
130
Do'stlaringiz bilan baham: |