Nokgy-nokgy edip oturmak üýtgeşik gürrüň
edýändirin öýdüp, goýar ýerde goýman gürläp
oturmak.
NOL [no:l], mat. 1. Ululygyň ýokdugyny
aňladýan belgi: 0. Köpetdagyň futbolçylary
myhmanlary 1:0 hasaby bilen utdy. 2. Howanyň we
ş.m. gyzgyn-sowuklygy ölçelýän şertli belgi, mukdar-
möçberiň derejesi. Şu gün Aşgabatda nol gradus
boldy.
NOL-NOL [no:l-nol], 1. Deňme-deň. Oýun nol-
nol hasaby bilen tamamlandy. 2. Sagadyň näçedigi
aýdylyp, yzyndan nol-nol sözi gelende,
ylaýyk
diýen manyny aňladýar, mysal üçin: sagat on iki nol-
nol
sagat ylaýyk on iki
.
NOMER [no:mer / no:mur], at, gepl.d. 1. Bir
meňzeş zatlaryň tertibini, yzygiderliligini görkezýän
belgi ýa-da san (ser. Belgi we San: tertip san
belgisi. ). Ol haýsydyr bir nomeri sorady (A.
Gowşudow). 2. Geýim, aýakgap we ş.m. zatlaryň san
bilen bellenen ölçegi. Egnindäki on alty nomer ýeke
nil tüpeňiniň nili gaty ýokarda somalyp görünýärdi
(A. Gowşudow). 3. Belli bir tertip, san bilen
yzygiderliligi bellenýän zat. Mekdeplerde diwar
gazetleriň nomerleri yzygiderli çykarylýar. 4.
Myhmanhanada, hammamda we ş.m. aýratyn otag,
jaý. 5. Konsertiň we ş.m. ýerine ýetirilýän,
görkezilýän aýratyn bir görnüşi. Konsertiň nomerleri
biri-birinden gyzyklydy (B. Annageldiýew). 6. göç.m.
Bir maksat bilen edilýän iş, pyrryldak. Seniň ol
nomeriň geçmedi.
Nomere goýmak gepl.d. bir işi bitirerin diýip
bitirmän ýa bolmasa, başga bir zat edip, oňaýsyz
ýagdaýda goýmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |