Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet232/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   228   229   230   231   232   233   234   235   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NOKAT [nokot], at. 1. Kiçijik tegelejik tegmil. 
Ýapragyň ýüzi kiçijik nokatlardan doludy. 2. dil b. 
Habar sözleminiň we käbir gysgaldylyp ýazylan 
sözleriň soňunda goýulýan dyngy belgi. Habar 
sözleminiň soňunda nokat goýulýar. 3. Algebrada
nota ýazuwynda, telegraf kodunda, geografik 
kartalarda, meýilnamalarda we ş.m. şertli belgi 
hökmünde 
hyzmat 
edýän 
bellik. 
4
mat. 
Matematikada, şeýle hem mehanikada ölçegi, çägi 
bolmadyk çyzygyň kesişýän ýeri. 5. Giňişlikdäki ýa-
da bir zadyň üstündäki belli bir ýer, çäk. 6. fiz. 
Maddanyň bir haldan başga bir hala geçişinde 
temperatura çägi. Gaýnama nokady. Ereme nokady. 
Doňma nokady. 7. Bir zat üçin niýetlenen ýa-da bir 
alamaty bilen tapawutlanýan ýer. Söwda nokady.  

Nokat goýmak biri ýa-da bir zat bilen 
baglanyşykly bolan ähli işi gutarmak, tamamlamak. 
NOKATLAMAK 
[nokotlomok]: 
gep 
nokatlamak birsyhly gaýtalap, heçjikläp durmak. Öz 
başyna ýaňrap, gep nokatlap duran şübheli adam:  
Özüňiz bilersiňiz! diýip çykyp gitdi (A. 
Gowşudow). 
NOKATLY [nokotly], syp. Nokat goýlan, nokat 
bilen bellenen. 


129 

Nokatly otur dil b. esasan, düzmeli goşma 
sözlemlerde ulanylyp, ýönekeý sözlemleriň 
arasynda goýulýan dyngy belgi (;). 
NOKATMA-NOKAT [nokotmo-nokot], hal. 
Bolşy-bolşy ýaly, başdan-aýak, boýdan-başa, sözme-
söz; anyk, dogry. Tabşyrylan ýumşy nokatma-nokat 
aýdyp bermek. 
NOKGY-NOKGY [nokgu-nokgy], at. Biri 
tarapyndan goýar ýerde goýulman edilýän gürrüň. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   228   229   230   231   232   233   234   235   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling