OBALY [o:voly], syp. 1. Obada ýaşaýan, obanyň
ýaşaýjysy. Obaly oglan. 2. Oba bilen bagly, oba
dahylly. Ýygnakda oba hakynda kän gürrüň edilipdir
diýýärler, ahyrynda obaly gürrüň näme bilen
gutardyka?
OBALYK [o:voluk], at. 1. Oba ýeri, oba bolup
oturylan ýer, oba bar bolan ýer, obaçylyk, obaly ýer.
Tilkijik ýola düşüp gidip barýarka, duşundan bir
obalyk çykýar (Halk ertekisinden). Obalykda
jarçynyň sesi ýaňlandy (A. Gowşudow). Onuň bir
ujy ilerki gum eteginden başlap, gaýraky
obalyklaryň eteginde gutarýardy (B. Seýtäkow).
OBAMA-OBA [o:vomo-o:vo], hal. Gezek-
gezegine hemme obalara, ol obadan beýleki oba.
Onuň ýol boýy obama-oba sowlup, öz dostlarynyň
ýanyna baryp, ine şu hem gelşi eken (A.
Gowşudow). Şatlykly habary obama-oba aýdyp
çykdyk.
OBA-OBA [o:vo-o:vo], hal, ser. Obama-oba.
Aýlansaň-da oba-oba, Taýmaz ýaly bälçik baba
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň... (K. Gurbannepesow).
OBA-ŞÄHER [o:vo-şäher], at. Oba hem şäher.
Oba-şäherlerimizde abadançylyk işleri güýçli depgin
bilen alnyp barylýar.
OBLAST [o:blast], at, taryh. TSSR
döwründe iri bäş sany administratiw-çäk birligi.
Aşgabat oblasty, Mary oblasty, Daşhowuz oblasty,
Çärjew
oblasty,
Krasnowodsk
oblasty.
Berdimuhamet Annaýew on ýyldanam gowrak wagt
mundan öň, Aşgabat oblast magaryf bölüminiň
ýollamasy bilen şu oba mekdep direktory bellenipdi
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy).
OBRAZ
[o:buroz],
at.
Çeper
eseriň
gahrymanynyň häsiýeti, keşbi. B. Kerbabaýewiň
Aýgytly ädim
romanynyň baş gahrymany Artygyň
obrazy.
Do'stlaringiz bilan baham: |