Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet243/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   239   240   241   242   243   244   245   246   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OGURLAMAKLYK [oğurlomokluk], iş ady. 
Ogurlamak ýagdaýy. 
OGURLAMAZLYK [oğurlomozluk], iş ady. 
Ogurlyk etmezlik. 
OGURLANMAK [oğurlonmok], işl. Ogurlap 
alynmak, ogurlyk edilip alynmak. 
OGURLAŞMAK [oğurloşmok], işl. 1. Birine 
ogurlamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup 
ogurlamak.
OGURLATMAK 
[oğurlotmok], 
işl. 
1
Ogurlamak işini başga birine etdirmek. Ondan soň 
ýer astyndanadam iberip, onuň goýnundan 
ogurlatmaga başlady (

Görogly

). 2. Öz zadyň 
ogurlanmagyna ýol bermek, zadyňy aldyrmak, 
gidermek. Ýitirdiňizmi ýa-da ogurlatdyňyzmy? (A. 
Durdyýew). 
OGURLAÝYŞ [oğurloýuş], iş ady. Ogurlamak 
ýagdaýy. 
OGURLYK [oğurluk], at, syp. Ogurlamak 
netijesinde ele salnan, ogurlanyp alnan (zat). Ogurlyk 
goýun. Biziň arkamyzdakylar ogurlyk däl, öz zadymyz 
ahyry (A. Gowşudow) (sypat). Ogurlyk eden 
uýalmaz, üstüne gelen uýalar (Nakyl) (at).
OGURLYK-JÜMÜRLIK 
[oğurlyk-jümürlik], 
at. Edýän işiň iliň zadyny ogurlamaklyk, ogry ýa 
jümri bolmaklyk.  
OGUŞÝA [oğuşýa:]. 

Eken, şeýle eken, 
şeýlemiş

manysynda ulanylýan kem işlik. Inerden, 
elbetde, ýurdagaýdar göherdem dogýan oguşýa-da? 
(B. Kerbabaýew).
OGUZ [oğuz], at, ser. Oguzlar 
OGUZLAR [oğuzlor], at. Merkezi we Orta 
Aziýada ýaşan türki dilli taýpalaryň, şol sanda 
türkmenleriň, azerbeýjanlaryň, türkleriň, gagauzlaryň 
ata-babalary.
OH, 1. Ökünji, gynanjy, ahmyr çekmegi aňladýan 
ümlük. Oh, ol-a bolmandyr. 2. ser. Oho– Oh, oglum! 
– diýip, Berdi aga ikilenç Annaguly bilen ýene 
görüşdi (A. Durdyýew). 
OHAW [oho:w], Birine ýa-da märekä ýüzlenilip 
aýdylýan ýüztutma sözi. Ohaw, adamlar, bir gulak 
goýuň (

Edebiýat we sungat

). 
OHO,Geň galmagy, haýran galmagy, aňka-taňka 
bolup galmaklygy aňladýan ümlük. – Oho! – edip, 
Baýramow mölerilip bakdy-da, rejäniň geň däldigini 
aňyp, onuň ýanyndan aýryldy (H. Ysmaýylow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   239   240   241   242   243   244   245   246   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling