Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NÖKER [nökör], at, taryh. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet237/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   233   234   235   236   237   238   239   240   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NÖKER [nökör], at, taryh. 1. Öňki döwürde 
hanyň, begiň we ş.m. garamagynda gulluk edýän 
adam, urşujy. Ol serdaryň hökümini nökerlere 
geçirdi. Ol nirä ýüzlense, garşysyndan duşman nökeri 
peýda bolýardy (B. Kerbabaýew). 2.gepl.d.Biriniň 
tarapdary, daýanjy, ynamdar adamy. 3. gepl.d. 
Tirkeşilýän oglan, ýoldaş. 4. Oglana dakylýan at. 
NÖKERBAŞY [nökörvaşy], at. Nökerleriň
serkerdesi. 
NÖKERLIK [nökörlük], at. Nökeriň wezipesi, 
ýagdaýy. 
NÖWERT [nöwört], at, dokm. Tara guralynda 
daşyna dokalan mata oralýan kese agaç ýa-da turba
görnüşindäki enjam. 

Nöwert 
agajy 
ýaly 
ýylmanak. 
Bir 
gezek...keteni, alaça dokamagy kesp edinen Aýjan eje 
sakgalyny takyr edip syran ýigitleriň birine “Eňegiňi 
nöwert agajy ýaly edäýipsiň-ä” diýdi (“Türkmen dili” 
gazeti).
NÖWERTLIK [nöwörtlük], syp. Nöwert eder 
ýaly, nöwert etmäge ýaramly. Nöwertlik agaç. 
NUKDAÝNAZAR,at
Bir 
zat 
hakynda 
pikir,düşünje, bir zada bolan garaýyş. Her bir raýatyň 
belent watançylyk nukdaýnazary bolmalydyr. 
NUH [nu:h], at. Adam Atadan soňky 
pygamberleriň biri. 

Nuh eýýamy (döwri) 1) Nuh pygamberiň 
pygamberlik edip geçen döwri. 2) atam (babam) 
döwri, gadym eýýam, örän gadymy döwür. Nuhuň 
gämisi dünýäni suw-sil alanda janly-jandarlaryň, 
ösümlikleriň iki jynsyndan hem jübütme-jübüt edilip 
ýüklenen gämi. Nuhuň gämisin dartan atamyzdan 
galandyr (Kemine). Nuhuň tupany Nuh pygamberiň 
döwründe dünýäni suw-sil aldyran tupan. Şeýle tupan 
boldu ki, göýä hazret Nuhuň tupany dek, köp adamlar 
derýanyň içinde we ýakasynda heläk boldular 
(

Zöhre – Tahyr

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   233   234   235   236   237   238   239   240   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling