Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
NUN [nu:n], at. Arap elipbiýiniň ýigrimi bäşinji harpynyň ady. NUR
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- NURLANMAK
- NUSGAÇYLYK [nusğoçuluk], at. Nusga boýunça hünärmeniň wezipesi, işi. NUSGALYK
- NUTUK
- NYGTAMAK
- NYRH
- NYRHNAMA
- NYŞAN
- NYŞANALAMAK
- NYÝAZ
NUN [nu:n], at. Arap elipbiýiniň ýigrimi bäşinji
harpynyň ady. NUR [nu:r], at. 1. Ýagty, şöhle, yşyk, ýalkym. Ýaňy dogan Gün jandara lezzet beriji göwher nuruny dünýä saçdy (B. Gurbanow). 2. Adama dakylýan goşma adyň birinji ýa ikinji taýy: Nurýagdy, Nurgözel, Allanur. NURANA [nu:ra:na], syp. 1. Şöhle, nur saçyp duran, ýalpyldap duran, mylaýym hem açyk. 2. göç.m. Açyk göwünli, mähirli, nurly, ýüz keşbi owadan, mylaýym garaýyşly. Ol ýigidiň ýüzi nurana (T. Gurbanow). 3. Adam ady. NURBAT [nurvot] I, at. 1. Haraý, rehim, aman; mürewwet. Pakyrlara magşarda nurbat etgen Alla seni (Magtymguly). Amandyr, nurbatdyr, myhman al, Garja (Halk aýdymyndan). Nurbat! – diýip galdy duşmanyň goly, Ýeňilmez goşuna güldük, dostlarym! (Ç. Aşyrow). 2. Oglana dakylýan at. NURBAT [nurvot] II, at, teh. Aýlaw-aýlaw hyrly çüý. NURLANDYRMAK [nu:rlonnurmok], işl. Nur çaýmak, ýüzüni ýagtyltmak. Gurtgeldi aganyň ak ýüregi onuň ýüzüni nurlandyrdy (B. Seýtäkow). NURLANMAK [nu:rlonmok], işl. Ýagtylmak, nur çaýylmak. Ýusup aga gözi düşende, onuň ýüzi nurlanyp gitdi (B. Seýtäkow). NURLY [nu:rly], syp. 1. ser. Nurana. 2. Oglana dakylýan at. NUSGA [nusğo], 1. Deňeşdirmek, kesgitlemek, bilmek üçin alnan önüm, zat. Nusga üçin alnan nebiti çüýşejige guýduk. 2. Nusgalyk nagyş. Üýtgeşik goçagyň nusgasy. Keşdäniň nusgasy. 3. Görelde bolar ýaly hereket. Onuň janyny gaýgyrman zähmet çekişi hemmämiz üçin nusga bolup biler. NUSGAÇY [nusğoçy], at. Nusgadan hünärmen, haly, geýim we ş.m. zatlaryň nusgalyk şekilini çekiji. Türkmenistanyň ýaş eşik nusgaçysy abraýly ýörite diplom bilen gaýdyp geldi ( Türkmenistan ). NUSGAÇYLYK [nusğoçuluk], at. Nusga boýunça hünärmeniň wezipesi, işi. NUSGALYK [nusğoluk], at. Nusga bolar ýaly, meňzedip eder ýaly zadyň asyl bolşy. Nusgalyk nagyş. Nusgalyk ýazuw. NUSGAWY [nusğowy], syp. Nusga bolmaga mynasyp, nusga bolar ýaly; nusgawy edebiýata degişli, klassyky. Nusgawy edebiýat. 131 NUTUK, at. Köpçüligiň öňünde çykyş edilip sözlenýän söz, çykyş. NYGMAT [nyğmat], at. Iýmit, tagam, nahar. Dürli-dürli nygmat goýup, Sylady ol tüýs ýürekden (Ş. Borjakow). NYGMATLY [nyğmatly], syp. Tagam, iýmek- içmek bar bolan, nygmaty bolan. Bu toý – müň nygmatly saçak başynda, Ýygnanan ýüzlerçe şägirdiň toýy (K. Gurbannepesow). NYGTALMAK [nyğtalmak], işl. Aýratyn bellenilmek, nygtalyp geçilmek. Ýaşlaryň arasynda aň-bilim işini işeňňirleşdirmek gerek diýip nygtaldy ( Türkmenistan ). NYGTAMAK [nyğtamak], işl. Aýratyn belläp geçmek, tekrarlamak. NYKAP [nyka:p / nika:p], at. Ýüze tutulýan perde, ýüz örtgüsi. Ýüze nykap çekip, bardy toýhana, Edep, hormat bilen ýüzlendi hana (Ý. Nasyrly). NYRH, at. Harydyň, önümiň, zadyň gymmaty; çekilen zähmet üçin baha. Nyrhyny soran bolmazlyk ýüzüne seredilmezlik, kimsiň-nämesiň diýilmezlik, üns berilmezlik, pisint edilmezlik. Baran ýerinde onuň nyrhyny soran bolmady. NYRHNAMA [nyrhna:ma], at. Önüm birliginiň ýa-da ýerine ýetirilen işiň durýan nyrhynyň, bahasynyň hasaby çykarylyp ýazylan sanaw ýazgysy. NYSAK [nysa:k], at. Belli bir döwrüň içinde aýry-aýry adamlaryň arasynda ýoň bolan ýörelge, düzgün. Men ilde ýok nysak çykarmadym (B. Kerbabaýew). NYŞAN [nyşa:n], at. 1. Bir zady ýa-da bir ýagdaýy aňladýan alamat, belgi. Türkmen halysy halkymyzyň milliliginiň ajaýyp nyşanydyr ( Türkmenistan ). 2. Birinden galan ýadygärlik, hatyralamak üçin zat. Kimden näme nyşan galar bu dünýä (A. Atabaýew). 3. Bir zat mynasybetli berilýän, döşe dakylýan ýüzi şekilli tegelejik ýa-da ýasy görnüşli nyşanjyk. 4. Döwleti tapawutlandyrýan Baýdak, Sena, Tugra ýaly aýratynlyklar. NYŞANA [nyşa:na], Ok atmak, çenemek üçin ýörite goýlan, dikilen zat, bellik. Olaryň nyşana ok atyşýandyklaryny gördi (H. Derýaýew). NYŞANALAMAK [nyşa:nalamak], işl. Nyşana almak, nyşana dogrulamak, çenemek. NYŞANALANMAK [nyşa:nalanmak], işl. Nyşana alynmak. NYŞANALATMAK [nyşa:nalatmak], işl. Nyşana aldyrmak, çenäp atdyrmak, çenetmek. NYŞRAT [nyşyrat], at.k.d. Sypat, keşp, ýüz-göz. Nyşratyň mojukdyr, aýrana meňzeş (Zynhary). NYÝAZ [nyýa:z], at, k.d. 1. Mätäçlik, zerurlyk. 2. Haýyş etme, ýalbarma. 3. Wada, söz berme. 4. Sowgat, serpaý; sadaka. Halal-haram saýlamaz, nyýaz diýip alarlar (Misgingylyç). 5. Oglana dakylýan at. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling