Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NÄZIKSIREME  [nä:ziksireme],  iş  ady.  Näziksiremek ýagdaýy


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet230/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   226   227   228   229   230   231   232   233   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NÄZIKSIREME 
[nä:ziksireme], 
iş 
ady. 
Näziksiremek ýagdaýy. 
NÄZIKSIREMEK [nä:ziksiremek], işl. Näz-
kereşme eden bolmak, näziňi çekdirjek bolmak, 
näzik bolan bolmak. Ol wagtyhoşluk bilen güldi, 
näziksiredi. 
NÄZIKSIREMEKLIK [nä:ziksiremeklik], iş 
ady. Näziksiremek ýagdaýy. 
NÄZIKSIREŞMEK [nä:ziksireşmek], işl. Ýerli-
ýerden, birnäçe bolup näziksiremek. 
NÄZIKSIRETMEK [nä:ziksiretmek], işl. Näzik 
ýagdaýda boldurmak, näziksiremäge ýol bermek; 
aýnatmak. 
NÄZI-NYGMAT [nä:zi-nyğmat], at. Her hili 
iýmitler, her tüýsli tagamlar, nazy-nygmat. Näzi-
nygmat görüp, iýip-içmedim (Kemine). 
NÄZIRGEME [nä:zirğeme], iş ady. Näzirgemek 
ýagdaýy. 
NÄZIRGEMEK [nä:zirğemek], işl. 1. Näz-
kereşme etmek, näzli bolmak, näziňi çekdirmek. Ol 
ýigidiň saçyny sypap näzirgedi. 2. Lälik bolmak, 
läliksiremek, näziňi bildirmek. Ol kakasynyň 
boýnundan asylyp näzirgedi (G. Kulyýew). 
NÄZIRGENMEK [nä:zirğenmek], işl. Näz 
etmek, näzlidigiňi bildirmek. Gelin näzirgenip, 
gözüni süzdi (

Edebiýat we sungat

). 
NÄZIRGEŞMEK [nä:zirğeşmek], işl. Birnäçe 
bolup bilelikde näzirgemek. Gyzlar näzirgeşip 
otyrdylar. 
NÄZIRGEÝIŞ [nä:zirğeýiş], iş ady. Näzirgemek 
ýagdaýy. 
NÄZ-KEREŞME [nä:z-kereşme], at. Näz 
etmeklik, 
göz-gaş 
oýnatma, 
özüne 
çekiji 


127 
mylaýymlyk, näzlilik. Agaýunus ýüz-müň näz-
kereşme bilen gözlerini güldürdi (

Görogly

). 
NÄZLI [nä:zli], syp. 1. Näz bilen, mylaýym, 
mähirli, näz-kereşmeli. . Onuň aýaly näzli güldi (B. 
Kerbabaýew). 2. Adam ady. 
NIÇEçal. Näçe, ençe, birnäçe, birentek. Türkini 
oňarmaz niçe mollalar, Arap tilin, diwan hatyn 
näbilsin (Magtymguly). 
NIÇESAR [niçesa:r], hal. Haçana çenli, haçana 
deňiç, näçe wagt.Seniň geleňsizligiň zerarly, men 
niçesar goňşy-golamyň maşgalasyny kişşikläýin! (B. 
Kerbabaýew). Niçesar saňa aýdyp etdirmeli! 
NIÇEZAR [niçeza:r], hal., ser. Niçesar. Men 
niçezar saňa taýýar aw getirip berer ýörer öýdýäň 
(Halk ertekisinden). 
NIÇIGSI [niçiğsi], gepl.d.Niçik, neneň, neneňsi, 
nähili. Men sensiz niçigsi arman çekmäýin. 
NIÇIK, gepl.d., ser. Neneň. Niçik lak atjagyn 
bilmeýän ýaly, Ogryn-ogryn galpyldaýar azajyk (B. 
Kerbabaýew). 
NIÇIKSI [niçiлsi], serNiçigsi
NIDERLANDIÝALY [niderla:ndiýa:ly], syp., 
ser. Niderlandiýalylar
NIDERLANDIÝALYLAR [niderla:ndiýa:lylar], 
serGollandlar
NIGÄR [niğä:r], at. 1. Gözel, söýgüli, ýar. 
Köňlüňni istäp, eý nigär, men barmyşam ýoldan-ýola, 
Berdim ki sowt-u namyňny jan birle her goldan-gola 
(Magtymguly). 2. Surat, nagyş, haşam. 3. Gyz ady..
NIGÄRLI [niğä:rli], syp. Bezelen, nagyşly. Elleri 
bileginden hynaly, barmaklary nigärli, mahbub kafyr 
gyzlary galyň oguz beglerine sargan süzüp içirlerdi 
(

Kitaby dedem Gorkut

). 
NIJEçal, ser. NiçeDiýdim: 

Ýa reb, kethudalyk 
nijedir

(Magtymguly). 
NIKA [nika:], at. Är-aýallyk gatnaşygyny 
düzgünleşdirmek däbi, kanuna laýyklykda nikalamak 
düzgüni. Nika hakyndaky kanun. 

Nika gyýmak adata, dessura görä täze 
öýlenenleriň 
är-aýallygyny 
resmileşdirmek, 
nikalamak. 
Nika 
gyýyp, 
tutynyň 
aňyrsyna 
salanlarynda gyz uludan bir demini alan (A. Salyh). 
Nikany bozmak biri bilen resmi är-aýal bolup 
ýaşamaklygy bes etmek, aýrylyşmak. Men adamym 
bilen nikamy bozmagy göwnüme düwdüm (A. 
Nazarow). Nika suwy maşgala gurýanlara nika 
gyýlanda toýçulara paýlanýan, olaryň süýjülikde 
ýaşaşmaklaryny dileg etmek üçin berilýän süýji suw. 
Nika ýaşyna ýetmek durmuş gurmaga, kanun 
boýunça nikalaşmaga ýaşy ýetmek, kämillik ýaşyna 
ýetmek. 
NIKALAMA [nika:lama], iş ady. Nikalamak 
ýagdaýy. 
NIKALAMAK [nika:lamak], işl. Nikaly etmek, 
nika gyýmak. Meni Öweze nikalap berseňiz, men 
myradyma ýeterdim (

Görogly

). 
NIKALAMAKLYK [nika:lamaklyk], iş ady. 
Nikalamak ýagdaýy. 
NIKALANMAK [nika:lanmak], işl. Biri bilen 
nikaly ýagdaýda bolmak, birine nikalanyp berilmek. 
NIKALAŞMAK [nika:laşmak], işl: Biri bilen 
nikaly ýagdaýa geçmek, kanuny är-aýal bolmak. Ýaş 
çatynjalar toý güni nikalaşdylar. 
NIKALATMAK [nika:latmak], işl. Birine nika 
gyýdyrmak, nikalaşdyrmak. 
NIKALAÝYŞ [nika:laýyş], iş ady. Nikalamak 
ýagdaýy. 
NIKALY [nika:ly], syp. Nikada duran, nikalaşan; 
başy boş däl. 
NIKASYZ [nika:syz], syp. Nikaly däl, nikada 
durmaýan.
NIKASYZLYK [nika:syzlyk], at. Nikasy ýokluk, 
nikada durmazlyk. 
NIL [ni:l] Iat. Goýy gök reňk. 


Nile ýatyrmak nil reňkinden taýýarlanan 
suwuklyga boýaljak ýüpi atyp goýmak. Nili azan 
(üýtgän) adamkärçilik häsiýetlerini ýitiren. Nili 
birmeňzeş pikirli, bir ugurdan gopýan, pikirdeş. 
Diýmek, ikisiniň hem nili bir (H. Ysmaýylow).
NIL [ni:l] II, at. Ok atylýan ýaragyň (tüpeň, 
sapança, top we ş.m.) okunyň geçýän, çykyp gidýän 
turba görnüşli bölegi.
NILGÄR [ni:lğä:r], at. Boýag-nil gaýnadýan 
adam, boýagçy. Olaryň biri bagban, beýlekisi nilgär 
eken (

Türkmen halk ertekileri

). 
NILGÄRLIK [ni:lğa:rlik], at. Nilgäriň käri, 
ýagdaýy. 
NIRE [ni:re], 

Haýsy ýer, haýsy orun, haýsy 
ugur?

diýen manyny aňladýan sorag çalyşmasy.  Sen 
nireden gelýärsiň? (B. Seýtäkow). 

Nirede oturtjagyňy bilmezlik çendenaşa 
hormatlamak, uly hezzet etmek, hormat bilen 
myhman almak. Ol jorasyny nirede oturtjagyny 
bilmedi. 
NIRELI [ni:reli], syp. Haýsy ýerli, haýsy ýurtly. 
Siz nireli borsuňyz? (

Edebiýat we sungat

). 
NIÝETat. Bir zady, işi etmäge öňünden döreýän 
isleg, hyýal, meýil.

Niýetiňe düwmek bir işi amala aşyrmagy 
maksat edinmek, niýet etmek. Niýetiňi bozmak 
ýaman niýete, ýaman hyýala münmek, bozuk pikire 
gulluk etmek, ýaman päle gitmek. Soltansöýüniň 
niýetiniň bozulanyny ony häzir çagyrjagyny mälim 
edýär (

Myraly

). 
NIÝET-ARZUWat. Ýürekde beslenýän, aňyňda 
göz oňüne getirilýän niýet we arzuw. 
NIÝETLENILMEKişl. Biri tarapyndan bir zat, 
iş göz öňünde tutulmak, maksat, hyýal edilmek, 
göwne düwülmek. Çopanlary çöl ýollary üçin ýörite 
niýetlenilen 
maşynlar 
gatnadýarlar 
(

Türkmenistan

). 
NIÝETLEMEiş ady. Niýetlemek ýagdaýy. 
NIÝETLEMEK, işl. Bir zady kimdir birine 
bermegi göz öňünde tutmak, ýüregiňe düwmek, 
maksat edinmek. Men bu gyzy kyýamatlyk oglum 
Öwez jana niýetläp alyp gaýtdym (

Görogly

). 
NIÝETLEMEKLIK
iş 
ady. 
Niýetlemek 
ýagdaýy. 


128 
NIÝETLENMEKişl. Haýsydyr bir zady kimdir 
birine bermek göz öňünde tutulmak, ýürege 
düwülmek.
NIÝETLEÝIŞiş ady. Niýetlemek ýagdaýy. 
NOBAT [no:vot], at. 1. Biriniň ýa-da bir zadyň 
gezekli-gezegine, yzly-yzyna gelip durmagy, gezek. 
2. Bir zat almak, görmek üçin düzülen hatar. Nobata 
durmak. 3. Oglana dakylýan at. 
NOBATÇY [no:votçy], at. Öz gezegine belli bir 
wagtda gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine 
ýetirýän adam. 
NOBATÇYLYK 
[no:votçuluk], 
at. 
1
Nobatçynyň käri, wezipesi, işi. 2. Nobat borjuny 
ýerine ýetirmeklik, gezegine nobatçy bolmaklyk. 
Düýn nobatçylykdan soň geçelgede işlemeli boldum. 
NOBATDAKY [no:votda:ky], syp. 1. Nobatda 
duran. 
Nobatdaky 
adamlar
2
Belli 
bir 
yzygiderlilikde bolup durýan, çykýan. Gazetiň 
nobatdaky sany. Nobatdaky maslahat. 
NOBATLAÝYN 
[no:votloýun], 
hal, 
ser. 
Nobatma-nobat
NOBATMA-NOBAT [no:votmo-no:vot]. Nobat 
boýunça, gezeginiň ýetişine göra, gezekli gezegine. 
Göroglynyň ýigitleri nobatma-nobat garawulçylyk 
ederdiler (

Görogly

). 
NOBATSYZ [no:vossuz], syp. Nobata durman, 
binobat, gezeksiz. 
NOBUR [no:vur], at. Uly ýap. Köpek art 
penjeleri bilen ýer dörüp, ýüzüni nobura bakan tutup 
hyňranýardy (B. Kerbabaýew).
NOGAÝ [noğoý], at, ser. Nogaýlar.
NOGAÝLAR 
[noğoýlor], 
at. 
Stawropol 
ülkesinde, 
Dagystanda, 
Garaçaý-Çerkez 
respublikasynda ýaşaýan türki dilli halk. 
NOGSAN [noğsa:n], at. Zyýan, zelel, kemçilik.
NOGSANLYK [noğsa:nlyk], at. Kemçilik, 
ýetmezçilik, zyýanly hereket.
NOGTA [noğto], at. 1. Ýaşajyk göleleriň, 
köşekleriň we ş.m. mallaryň kellesine kelleki 
görnüşinde salyp, itmek, daňmak üçin ýüpden edilen 
enjam. Häzir gölämize nogta eder ýaly ýüp işdirýän 
(A. Durdyýew). Atyny bir giň ýola salyp, nogtasyny 
arabanyň gorumyna ildirip ýatdy (A. Ahundow-
Gürgenli).2. göç.m. Erk, ygtyýar. Öz nogtasyny öz 
enesine tabşyrýan ýigitden men-ä näme tama edip 
boljagyny bilýän däldirin (B. Kerbabaýew).

Nogta salmak erk-ygtyýaryny elinden almak, 
öz ugruna gidermezlik. Nogtasyny başyna oramak 
näme bolsa, şo bolsun etmek, öz ugruna goýbermek, 
çäklendirilmedik ygtyýar bermek. Nogtasyny ele 
almak özbaşdak hereket etmekden mahrum etmek, 
erk bermezlik, ygtyýaryny almak. Nogtasyny eline 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   226   227   228   229   230   231   232   233   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling