OKAMAKLYK [okomokluk], iş ady. Okamak
ýagdaýy.
OKAMAZLYK [okomozluk], işl. Okamak işini
berjaý etmezlik, ýerine ýetirmezlik, okaman durmak,
okaman oturmak.
OKARA [okoro], at. Nahar iýilýän kiçiräk agaç
gap. Bar, okaram, gel, okaram, barmasaň, gelmeseň,
ara ýolda döwül, okaram (Sanawaç).
Okaraňy getir süýt bereýin kekene. Okara
ýaly ullakan, balkyldap duran (göz hakynda). Onuň
okara ýaly owadan gözleri bardy.
OKARALAMA
[okorolomo],
iş
ady.
Okaralamak ýagdaýy.
OKARALAMAK [okorolomok], işl. Bir zat
alnyp-berlende ölçeg hökmünde okarany ulanmak,
okara bilen almak, bermek, ölçemek.
OKARALAÝYŞ
[okoroloýuş],
iş
ady.
Okaralamak ýagdaýy.
OKARA-OKARA [okor(o)-okoro], at. Birnäçe
okara, köp sanly okara. Okara-okara agaran içeňde
gaňşyrawugyňy tütedýän gorly çal Amanyň agzyna
has-da ýakymlyrak degýärdi (B. Kerbabaýew).
OKARYK [oka:ryk], at. Keşlere suwy gyradeň
goýbermek üçin keşleriň gapdalyndan keseligine
gazylýan ýap.
OKAŞDYRMAK [okoşdurmok], işl. Okap
çykmak, hemmesini okamak.
OKAŞMAK [okoşmok], işl. 1. Bir haty we ş.m.
okamaga kömek etmek. Men oňa köne golýazmany
okaşdym. 2. Birnäçe bolup, bilelikde okamak.
137
Olaryň hemmesi Rejebiň ýoldaşlary, agşamlaryna
bile kitap okaşan, işleşen çagalarydy (H.
Ysmaýylow). Oglan-gyzlar okaşyp ýör garyşyp,
Yhlas bilen ylym alýar ýaryşyp (N. Annagylyjow). 2.
Çalt we çeper okamakda ýaryşmak. Iki dost oglan
biri-birinden ökde çykjak bolup, goşgy okaşdylar.
Do'stlaringiz bilan baham: |