Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet250/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   246   247   248   249   250   251   252   253   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OKLAMAK [oklomok] Iişl. Bir zady bir ýerden 
başga bir ýere zyňmak, taşlamak. Jübüsindäki petde 
kagyzy patladyp, onuň öňüne oklady 
(B. 
Kerbabaýew). Gaçyran köwşüni aldy-da, 

päheý

 
diýip, iç işige gowuşgynsyz oklap goýberdi (H. 
Derýaýew).  
OKLAMAK [oklomok] II, işl. l. Ot açýan 
ýaraglaryň agzyna ok sürmek. 2. Peşeňiň içine däridir 
seçme, gülle salyp taýýarlamak. 
OKLAMAKLYK [oklomokluk] I, II, iş ady. 
Oklamak ýagdaýy. 
OKLANMAK [oklonmok] I, işl. Biri ýa-da bir 
zat nirädir bir ýere zyňylmak, taşlanmak. Itiň öňüne 
uly bir omaça oklandy. 
OKLANMAK [oklonmok] II, işl. Ýaraga ok 
sürülmek, salynmak. Tüpeňler oklandy. 
OKLAŞDYRMAK [okloşdurmok] I, işl. Oklap 
çykmak, hemmesini taşlaşdyrmak, zyňyşdyrmak. 
Çöregiň ýeke-ýekeden arkasyny gazaşdyryp, saçagyň 
üstüne oklaşdyrdy (A. Durdyýew).
OKLAŞDYRMAK [okloşdurmok] II, işl. Ot 
açýan ýaraglara ok sürüp çykmak; gülle bilen 
gülleläp çykmak. 
OKLAŞMAK [okloşmok] I, işl. 1. Zyňmaga, 
oklamaga kömekleşmek. Jaý salýan ussa kerpiç 
oklaşmak2. Bilelikde oklamak. Adamlar garpyzlary 
biri-birine oklaşyp, derrew maşyna ýüklediler
OKLAŞMAK [okloşmok] II, işl. Birine peşeňiň 
içine däridir seçme salyşmak. 
OKLATMAK [oklotmok] I, işl. Zyňmaga, 
oklamaga ýol bermek, mümkinçilik döretmek, 
mejbur etmek. 
OKLATMAK [oklotmok] II, işl. Ýaraga ok 
sürdürmek; peşeňi ok-däri bilen doldurtmak. 
OKLAW [oklow], at. Hamyr ýaýmak üçin 
ulanylýan, çybyk şekilli edilip, agaçdan ýasalýan bir 
ujy inçemik aşhana guraly. 

Oklaw ýaly gös-göni, dos-dogry, hiç ýana 
gyşarmaýan. Oklaw ýaly köçeler. Oklaw (agaç) 
ýuwdan ýaly dim-dik bolup duran, dikelip duran, 
doňan ýaly bolup duran. Ol oklaw ýuwdan ýaly 
bolup, dim-dik bolup durdy. 


138 
OKLAÝYŞ [okloýuş] I, II, iş ady. Oklamak
ýagdaýy. 
OKLUKat. Ok gaby; sagdak. 
OKLUKIRPI, at. Gemrijiler maşgalasyndan 
bolan, bedeni syh-syh, ala uzyn tikenli süýdemdiriji 
haýwan. 
OKLY, syp. Ok sürlen, içinde oky bolan (tüpeň 
hakynda). 
OKLY-GÖKLI [oklu-ğöklü], hal, gepl.d. Biri 
bilen gatnaşygy aňrybaş derejede erbet, gaty ters. 
Okly-gökli bolmak.
OKSUZ, syp. Ok sürülmedik, okhanada oky 
bolmadyk. 
OKSUZLANDYRMAK [oksuzlonnurmok], işl. 
Ot açýan ýaragyň okuny çykarmak, aýyrmak. 
OKTÝABR [oktyýa:vyr], at. Milady senenamasy 
boýunça ýylyň onunjy aýy. 
OKUMA [okumo], at. Eliň barmaklarynyň 
bognundan çykýan ýiti agyryly çykuw. 
OKUMYŞ [okumuş], at. 1. Bilimli, ylymly, köp 
okan adam. Asyl okumyş adamynyň sözleri bir başga, 
ap-aýry bolaýýar (A. Gowşudow). 2. göç.m. 
Köpbilmişlik,mekirlik edýän, köpbilmiş, mekir, 
hilegär. Serwijan özüni okumyş bilip ýördi 
(

Görogly

). 
OKUMYŞLYK [okumuşluk], at. Okumyşyň 
ýagdaýy, okumyş bolmaklyk. 
OKUNMAK [okunmok]: duşman okunmak 
özüňe duşman bilmek, duşman saýmak, duşmandyr 
öýtmek.Biderek ýerden duşman okunmak nämä gerek 
(A. Gowşudow). 
OKURYK [okuruk], at. Juwazyň ýüküni 
(leňňerini) malyň boýny bilen birleşdirýän agaç. 
OKUW, at. 1. Bilimi, taglymaty, endigi 
özleşdirmek, türgenleşdirmek, ele almak üçin 
geçirilýän çäre. 2. Aýry-aýry derslere bagyşlanan 
sapak. 3. gepl. d. Okuw jaýynda berilýän hünär. 
Hoşgeldi, ýogsa-da, seniň gutaran okuwyň haýsy 
ugurdandyr (A. Gowşudow). 
OKUWÇY, at. 1. Başlangyç, orta, ýörite orta, 
hünärment mekdeplerinde okaýan oglan, gyz.
2. Biriniň ýolbaşçylyk etmeginde ylym alyp, onuň 
taglymatlaryny dowam etdirýän adam, şägirt. Beýik 
alymyň okuwçysy. 3. Bir hünäri, senedi öwrenýän 
öwreniji. 
OKUWÇYLYK [okuwçuluk], at. Okuwçynyň 
ýagdaýy, okuwçy bolup okamaklyk. Bu sowal oňa 
okuwçylyk döwründe-de ynjalyk bermeýärdi (B. 
Seýtäkow). 
OKUWLYsyp. Okap sowat alan, bilimli, ylymly. 
Ol okuwly hem örän görmegeý adamdy (H. 
Derýaýew).
OKUWLYLYK [okuwluluk], at. Okuwy barlyk, 
okuwly bolmaklyk. 
OKUWSYZ [okuwsuz], syp. Ýörite bilim 
almadyk, bisowat.  
OKUWSYZLYK [okuwsuzluk], at. Okuwly 
dällik, okuwy ýokluk, sowatsyzlyk, bilimsizlik. 
Okuwsyzlyk görer göze körlükdir, Tä ölýänçäň öz 
janyňa horlukdyr (Mollamurt). 
OKYJY [okuýjy], at. 1. Çeper, ylmy we ş.m. 
eserleri okaýan, okamak bilen meşgullanýan adam. 2
Jemgyýetçilik kitaphanalaryna, okalgalara gatnap, 
kitap okaýan adam. Etrap merkezinde ýerleşen 
kitaphana okyjylara göreldeli hyzmat edýär. 
OKÝAP [okýa:p], at. Esasy göni ýap. ...Ol 
okýabyň boýy bilen gowaça meýdanynyň ortasyna 
baka ýöräp ugrady (Ö. Abdyllaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   246   247   248   249   250   251   252   253   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling