Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NARPYZAK, at. Boýy 10-30 sm ýetýän bir  ýyllyk otjumak ösümlik.  NARPYZLY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet215/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   211   212   213   214   215   216   217   218   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NARPYZAK, at. Boýy 10-30 sm ýetýän bir 
ýyllyk otjumak ösümlik. 
NARPYZLYsyp. Narpyz gögerip oturan; narpyz 
goşulan, narpyz garylan. Allanäme narpyzly 
kempudam tapypsyň (Ö. Abdyllaýew).
NARPYZLYKat. Narpyzyň köp biten ýeri, bol 
ýeri. 
NARYNÇ [na:rynç], syp. Naryň reňkine meňzeş, 
nar reňkli. Narynç ýalyn lowlap, asmana göterildi (H. 
Ysmaýylow).
NARYNJY [na:rynjy], at, ser. Narynç. 
NASat. Temmäkä kül, hek, ýag we ş.m. garylyp 
taýýarlanýan we keýp üçin diliň aşagyna atylýan 
ýaşyl reňkdäki garyndy.

Nas etmek 1) urup, ýenjip mynjyratmak, 
gaýdyp garşylyk görkezmez ýaly etmek. 2) 
hötdesinden gelmek, kemini goýman başarmak, hek 
etmek, daş etmek, ökdelik bilen ýerine ýetirmek. Ol 
işi men başarman kim başarsyn, tabşyryň-da göräýiň, 
nas ederin. Nas kädi bili inçe, düýbi togalak, ujy 
süýri görnüşli nas salynýan kiçijik kädi.
NASÇYat, gepl.d. Nas taýýarlaýan ýa-da satýan 
adam, naspuruş. 
NASKEŞsyp. Nas atýan adam. 
NASKEŞLIK, at. Nas atmak endigi, naskeş 
bolmak ýagdaýy. 
NASPURUŞat, kön.s. Nasçy, nas satýan. 
NAŞTA [na:şta], at. Nahar. Hoş temizli beg 
oglunyň naştasyn Sygyr ýatagynda kylmak ýaraşmaz 
(Magtymguly).

Naşta bolmak ýürekse bolmak.
NAŞY [na:şy], syp. Tejribesiz, bilimsiz
düşünjesiz. Magtymguly, çölde gezen naşyny, Bilik 
sorma köp sürdi diýp ýaşyny (Magtymguly). Galynça 
bir merdiň naşy zürýady, Il içinde galsa ýegdir hup 
ady (Aşyky). 
NAŞYJA [na:şyja], syp. Kiçiden gelen enaýy, 
eýjejik, nakysja, owadanja, gelşikli. Men naşyja 
owlagyň arkasyny sypalajak bolup egildim 
(

Edebiýat we sungat

).  
NATUWAN [na:tuwa:n], syp.,k.d. Güýçsüz, 
başarnyksyz, kuwwatsyz, biçäre, ejiz, naçar. Bagty 
gara natuwany neýlär sen? Rehm etmezmiň Mahym 
janyň halyna! (Mollanepes).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   211   212   213   214   215   216   217   218   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling