NANBAÝ [na:nma:ý], at, kön.s. Çörek bişirýän
adam.
NANLY [na:nly], syp., ser. Çörekli.
NAPAGA [napağa], at, gepl.d. Peýda, haýyr, nep.
Onuň saňa napagasy degermikä?
NAR [na:r] I, at.1. Açyk, gyzyl gülli, ownuk
ýaprakly, günorta ýurtlarda bitýän agaç. 2. Şol agajyň
daşy gabykly, içi gyzyl däneli togalak miwesi. Süýji
nar.
NAR [na:r] II, at. 1. Adamyň bedeninde döreýän
gyzyl menek, tegmil. 2. Gyza dakylýan at.
NAR [na:r] III, at, k.d. Ot. Bir ýaramaz näkes
sözi, Barabardyr nar biläni (Halk aýdymyndan).
Daşdan bişdim, içden köýdüm, köz boldum, Ki nar
kaýsy, kebap kaýsy, bilmedim (Magtymguly).Ýanyp
duran nar men, sönmenem, begler! (Seýdi).
NARBAN [narva:n], at, ser. Merdiwan. Narban
baryny gurşap bu daga narbanly çykmaly diýipdirler
(
Görogly
).
NARDÄNE [na:rdä:ne], at. Gülýaka, dagdana we
ş.m. bezeg şaýlaryna goýulýan goýy gyzyl reňkli gaş,
naryň dänesine meňzeş gaş. Nardäne gaşly
maňlaýlyk.
NARLY [na:rly], 1. Endamynda, bedeninde nary,
gyzyl tegmili bolan. 2. Oglana dakylýan at.
NARLYK [na:rlyk], syp. Nar agajynyň köp biten
ýeri. Narlyk jülge.
NARPYZ, at. 1. Dodak güllüler maşgalasyna
degişli süýrüje ýaprakly, baldagynyň ujunda gülgün-
melewşe reňkli gül topbajygy bolan ysly köpýyllyk
ot. Ýylanyň ýigrenini narpyz, ol hem hininiň agzynda
gögerer (Nakyl). 2. göç.m. Gerekmejek ýerde
görünýän, ýürege düşgünç, suwjuk adam. Ýöne
aramyzda gögerdi narpyz, Saýgarman söýgüde
belendi-pesi (A. Omarowa).
Do'stlaringiz bilan baham: |