Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NAŽDAK, at. Metal we ş.m. önümleri  ýylmamak, arassalamak üçin ýüzüne ownuk mineral  çaýylan kagyz ige; çalgydaş.  NAŽDAKLAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet210/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   206   207   208   209   210   211   212   213   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NAŽDAK, at. Metal we ş.m. önümleri 
ýylmamak, arassalamak üçin ýüzüne ownuk mineral 
çaýylan kagyz ige; çalgydaş. 
NAŽDAKLAMAiş ady. Naždaklamak ýagdaýy. 
NAŽDAKLAMAKişl. Naždak bilen ýylmamak, 
naždak 
bilen 
arassalamak. 
Sajy 
naždaklap 
arassalamak
NAŽDAKLAMAKLYK, iş ady. Naždaklamak 
ýagdaýy. 
NAŽDAKLAŞMAK
işl. 
Naždak 
bilen 
arassalamaga kömekleşmek. 
NAŽDAKLATMAK
işl. 
Naždak 
bilen 
arassalatmak, ýylmatmak. 
NAŽDAKLAÝYŞ
iş 
ady. 
Naždaklamak 
ýagdaýy. 
NAKGAŞ [nakga:ş], at. Suratçy, surat çekýän, 
nagyş bilen bezeýji. Men bir iliň nakgaşyýam 
(Talyby). 
NAKGAŞLYK [nakga:şlyk], at. Suratçylyk, 
nagyşçylyk käri. 
NAKYL, at. Öwüt beriji gysgajyk halk pähimi 
(halk döredijiliginiň bir görnüşi). 

Düýä haýt diýmek 
medet

 diýen nakyl bar (A. Gowşudow). 

Nakyl okamak sözüniň arasy bilen nakyl 
aýdyp, öwüt bermek
NAKYLÇYat. Nakyly köp ulanýan, nakyly köp 
bilýän adam. Ol nakylçy adam. 
NAKYSsyp. 1. Näzikden ejiz, çepiksi, kiçijik. 2
Suwumsyz, ugursyz, biderek. Goýsana, nakys 
gürrüňiňi!
NAKYSLYK, at. 1. Näziklik, ejizlik, çepiksilik. 
2. Nakys gylyklylyk. Sen şu nakyslygyňy haçan 
goýjak! 
NAKYSRAK [nakysyra:k], syp. Nakysa ýakyn, 
nakysa meňzeşräk (serNakys 2). Bu pikir, megerem 
nakysrak (G. Ezizow). 
NAL [na:l], at. Atyň toýnagyna, aýakgabyň 
ökjesine, burnuna kakylýan ýarym aýlaw demir. Atyň 
naly. 
 
 
 
 
 
NALA [na:la], at. Bir zada çendenaşa gaty 
gynanylyp çekilýän nalyş, gam-gussa duýgusy gaplap 
alan agy hem zaryn ses, ahy-nala. Aglaýyr bilbil 
mydam älemge ýaýyp nalasyn (Magtymguly). 
...Bulutlar durdular nala, Seýdi (Zelili). 

Nala çekmek başyňa düşen agyr ýagdaýa 
çydam etmän, döz gelmän zaryn-zaryn aglamak,
ejizlikden nalamak, ah urmak. Gamda giden garyp 
ýeňňeň ýat edip, Köp nala çekişiň aldy janymy 
(

Görogly

). 
NALAÇ [na:la:ç], hal. Hiç hili alaç tapman, 
çykalgasyz, alaçsyz, çäresiz, bialaç. Ýaňky ikisi nalaç 
bolup, gaçan ýerlerine geldiler (

Görogly

).  
NALAÇLYK [na:la:çlyk], at. Alaçsyzlyk, 
çäresizlik, bialaçlyk. Jemal nalaçlykdan doňup galdy 
(

Edebiýat we sungat

). 
NALAJEDEÝIN [na:la:jedeýin], syp. Hiç zatdan 
başy çykmaýan, ederini-goýaryny bilmeýän, bihepbe, 
gowşak, emelsiz, başarnyksyz.
NALAJEDEÝINLIK [na:la:jedeýinlik], at. Hiç 
zadyň alajyny, çäresini tapmazlyk, hiç zatdan başy 
çykmazlyk, bihepbelik, gowşaklyk, emelsizlik, 
başarnyksyzlyk. Nalajedeýinlik bilen hereket etmek
NALAMA [na:lama], iş ady. Nalamak ýagdaýy. 
NALAMAK [na:lamak], işl. 1. Agyry, syrkawlyk, 
ejizlik, horluk, zulum we ş.m. zerarly dat etmek, nala 
çekmek. Meniň saglygymdan nalaýan ýerim ýok 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Biri ýa-da bir zat hakynda 
gaty närazylyk bildirmek, köp zeýrenmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   206   207   208   209   210   211   212   213   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling