Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet209/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   205   206   207   208   209   210   211   212   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NAHARLAŞDYRMAKişl. Naharlap çykmak.  
NAHARLATMAK, işl. Birine nahar berdirmek
nahar iýdirmek. Myhmanlary naharlatmak
NAHARLYsyp. 1. Nahar edinen, nahar iýen, aç 
däl, dok. Naharly okaralar myhmanlaryň öňüne 
çekilip başlandy. 2. Içine nahar guýlan. Işdäm ýok, 
men naharly. 
NAHARLYKsyp. Nahar etmäge ýeterlik, nahar 
bolar ýaly (et, ýag, önüm we ş.m.).  Bir naharlyk et
NAHARLYLYK, at. Naharly, dok ýagdaýda 
bolmaklyk, aç dällik. 
NAHARSOWsyp., ser. Naharçyl. 
NAHARSYZ, syp. Dok däl, nahar iýmedik; aç. 
Olar naharsyz galdylar. 
NAHARSYZLYK, at. Naharly dällik, nahar 
iýmedik halda bolmaklyk, dok dällik. 
NAHLY, syp. Nah garyndyly, nah gatyşykly. 
Nahly ýüň mata
NAJAGAÝ [najağaý], syp., gepl.d. Başagaý. Bu 
ýere najagaý bolup gelen artistleriň wagty bilen 
gurrasy duşmady (

Edebiýat we sungat

).  
NAJAGAÝLYK [najağaýlyk], at. Başagaýlyk. 
NAJAT [naja:t]: najadyňy garamak (görmek) 
öz ýagdaýyňa görä hereket etmek, öz aladaňy özüň 


117 
etmek, çäre agtarmak, öz günüňi özüň görmek. Edýän 
oýunlary şu bolsa, najatlaryny özleri görsünler (S. 
Myradow).
NAJYRAMAiş ady. Najyramak ýagdaýy. 
NAJYRAMAK, işl. Bol-elin ýaşamak, tagamly 
nahar iýip hezil etmek, iýip-içip keýpden çykmak.
NAJYRAŞMAK, işl. Köp bolup iýip-içip mes 
bolmak, köp bolup hezil etmek; gönenmek. 
NAJYRATMAK, işl. Biriniň mes bolmagyna 
mümkinçilik döretmek, gönendirmek. Eý, biziň 
ýaňyrak gaýdan ýerimizdäkiler aç otyrka, seni bu 
taýda najyratmarys ahyry

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   205   206   207   208   209   210   211   212   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling