Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NALAMAKLYK [na:lamaklyk], iş ady. Nalamak  ýagdaýy.  NALAMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet211/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   207   208   209   210   211   212   213   214   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NALAMAKLYK [na:lamaklyk], iş ady. Nalamak 
ýagdaýy. 
NALAMAZLYK [na:lamazlyk], iş ady. Nalap 
ýörmezlik. Durmuşyndan nalamazlyk. 
NALAŞMAK [na:laşmak], işl. Köp bolup 
nalamak, ýerli-ýerden nalamak. Bir ýola towşanlar 
ýygnanyşyp, 
öz 
durmuşlaryndan 
nalaşyp 
başlapdyrlar (

Türkmen halk ertekileri

). 
NALATMAK [na:latmak], işl. Birine nala 
çekdirmek; ejizledip zeýrendirmek. Bu gyzyň özüni 
naladan bardyr-da, ondan nalan ýokdur (

Türkmen 
halk ertekileri

). 
NALAÝYŞ [na:laýyş], iş ady. Nalamak ýagdaýy. 
NALÇY [na:lçy], at. Nal ýasaýan we atyň 
aýagyna nal kakýan ussa. 
NALLAMAK [na:llamak], işl. Nal kakmak, nal 
urmak, nal goýmak. Atyň aýagyny nallamak
Aýakgabyň ökjesini nallamak
NALLAMAKLYK [na:llamaklyk], iş ady. 
Nallamak ýagdaýy. 
NALLANMAK 
[na:llanmak], 
işl. 
Biri 
tarapyndan nal kakylmak, nal urulmak. 
NALLAŞMAK [na:llaşmak], işl. 1. Nal kakmaga 
kömekleşmek. 2. Iki ýa birnäçe bolup nallamak. 
NALLATMAK [na:llatmak], işl. Nal kakdyrmak, 
atyň aýagyna, köwşüň ökjesine nal urdurmak. Seýis 
ussanyň ýanyna atyny nallatmaga getirdi. 
NALLY [na:lly], syp. Nal kakylan, aýaklaryna nal 
urlan. Atyň nally aýaklary doň ýere degip, edil dokma 
daragyň sesi ýaly ses eşidilýärdi (B. Seýtäkow). 
NALSYZ [na:lsyz], syp. Aýagyna nal urulmadyk, 
nal kakylmadyk. Nalsyz aýak daşa dözümsiz bolar.
NALYŞ [na:lyş], at. Zaryn ses, zeýrenilip 
çekilýän ahy-nala, nala, zeýrenç. Wenger obasynda ol 
wepat boldy, Eşidildi garry enäň nalyşy (M. 
Seýidow).
NALYŞLY [na:lyşly], syp. Zaryn sesli, ahy-
nalaly, zeýrençli. Onuň nalyşly sözüne gulak asmady.


118 
NALYŞSYZ [na:lyşsyz], syp. Ahy-nalasyz, 
zeýrençsiz, zaryn sessiz. 
NAM [na:m], at. At, şöhrat. Ýigit öler, namy 
galar, at öler, naly galar (Nakyl). 
NAMA [na:ma] Iat, kön.s. Aýdym, heň. Görogly 
namasyny aýaklaýança, Arabyň aty saň gaty 
bolupdyr (

Görogly

). – Gaýdarman myhmanlara bir 
bäş keleme nama aýdyp berseň bolar – diýdi (

Nejep 
oglan

).
NAMA [na:ma] II, at.1. Hat,salam haty; beýan, 
ýazgy. Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň? 
(Magtymguly). Gözel patyşa bize nama gönderdi, 
Şanyň ordasyna bar, Jygaly ogly (

Görogly

). 2. dil 
b. Käbir sözlere goşulyp, goşulan sözleriniň 
manysyna laýyk täze manyly goşma söz ýasaýar. 
Meselem: 
şertnama, 
ähtnama, 
borçnama, 
beýannama, maksatnama, meýilnama. 3. hukuk. 
Döwlet 
edaralarynyň, 
kärhanalarynyň 
we 
guramalarynyň, şeýle-de wezipeli adamlaryň hem-de 
raýatlaryň hukuk kadalaryny berjaý etmek, ýerine 
ýetirmek we ulanmak bilen baglanyşykly kanunylyk 
ýörelgesine esaslanýan hereketleri. 4. Degişli hukuk 
netijesini döretmek üçin amala aşyrylýan hukuk 
hereketleri, mysal üçin: hukuk gatnaşyklarynyň ýüze 
çykarylmagy, üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy. 5
Haýsydyr bir ýuridik fakt hakynda resminamalar
protokollar. 6. Özüňi alyp barmagyň düzgünlerini 
kesgitleýän we kanun, perman, karar, tabşyryk we 
ş.m. görnüşinde aňladylýan kada döredijilik işiniň 
netijesi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   207   208   209   210   211   212   213   214   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling