Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MYSSYLDAMA  [myssyllama],  iş  ady.  Myssyldamak ýagdaýy.  MYSSYLDAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet207/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   203   204   205   206   207   208   209   210   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MYSSYLDAMA 
[myssyllama], 
iş 
ady. 
Myssyldamak ýagdaýy. 
MYSSYLDAMAK 
[myssyllamak], 
işl. 
Myssyldyly ses çykarmak. 
MYSSYLDATMAK 
[myssyllatmak], 
işl. 
Ýuwaşja ses bilen demiňi burnuňdan goýbermek ýa-
da burnuňdan dem almak, myssyldyly ses çykarmak. 
Maýsajyk burnuny myssyldatdy (B. Kerbabaýew). 
MYSSYLDAÝYŞ 
[myssyllaýyş], 
iş 
ady. 
Myssyldamak ýagdaýy. 
MYSSYLDY [myssylly], at. Asuda alynýan dem, 
burnuňdan dem alnanda ýa-da goýberilende çykýan 
ýuwaş sesiň ady. Süýji ukuda ýatanlaryň 
myssyldysyndan başga zat eşidilmeýärdi. 
MYSYLAMAiş ady. Mysylamak ýagdaýy. 
MYSYLAMAK, işl., ser.Myssyldamak. Salkyn 
bilen ugraly diýip, iz hem mysylap ýatyrmyň? (N. 
Pomma). 
MYSYLAMAKLYK, iş ady. 
Mysylamak 
ýagdaýy. 
MYSYLAŞMAKişl. Birnäçe bolup mysylamak, 
ýerli-ýerden bir wagtda mys-mys etmek. 
MYSYLAŞYŞiş ady. Mysylaşmak ýagdaýy.
MYSYLAÝYŞiş ady. Mysylamak ýagdaýy.  
MYŞ,at, ser.Myş-myş. Hergiz myş habar tiz 
ýaýraýar. 
MYŞLAMAK [myşylamak], işl. Burnuňdan sesli 
dem almak. Iki sany gara sygyr myşlap ýatyr (N. 
Saryhanow). 
Mapbagyň burny myşlady 
(B. 
Kerbabaýew). 
MYŞLAMAKLYK [myşylamaklyk], iş ady. 
Myşlamak agdaýy. 
MYŞLAŞMAK [myşylaşmak], işl. Birnäçe bolup 
myşlamak, ýerli-ýerden myşlamak. Mallar myşlaşyp, 
kölüň gyrasyna çykdylar. 
MYŞLAÝYŞ [myşylaýyş], iş ady. Myşlamak 
ýagdaýy. 
MYŞ-MYŞat. Il arasyna ýaýraýan ýalan habar, 
toslama, çaklama, myş.
MYŞ-MYŞLY
syp. 
Ýalan, 
ýalan-ýaşryk, 
nädogry. Şeýdip, her hili myş-myşly rowaýatlar 
döreýär (A. Atajanow).
MYŞSA [my:şsa], at, ser. Muskul. 
MYTARA [myta:ra], at.1. Ýanyň bilen 
göterilýän kiçijik suw gaby. Ol mytarasyndan 
kürüşgelere bir zat guýýardy (A. Gowşudow). 2
Teletinden ýa-da deriden edilen suw gaby. 
Mytaradaky suw yslanypdyr (

Görogly

).


115 
MYTDYLDABERMEK [mytdylla:vermek], işl. 
Mytdyl-mytdyl edip ýöräbermek; mytdyldyňy 
dowam etdirmek. 
MYTDYLDAMA 
[mytdyllama], 
iş 
ady. 
Mytdyldamak ýagdaýy. 
MYTDYLDAMAK [mytdyllamak], işl. Örän 
ýuwaş ýöremek, haýal gitmek. Şol wagt ýol bilen 
Mergen aga mytdyldap gelýärdi (A. Durdyýew). 
MYTDYLDAŞMAK 
[mytdyllaşmak], 
işl. 
Birnäçe bolup assa, ýuwaş ýöremek. Mytdyldaşyp 
gelýän sygyrlar bir ýana sowuldy. 
MYTDYLDATMAK [mytdyllatmak], işl. Örän 
ýuwaş ýöretmek, haýal ýöretmek. Annaguly ýabysyny 
mytdyldadyp guýa bardy (A. Durdyýew). 
MYTDYLDAÝYŞ [mytdyllaýyş], is ady. 
Mytdyldamak ýagdaýy. 
MYTDYLDY [mytdylly], at. Mytdyl-mytdyl 
edip ýöreýiş we şol ýöreýşiň ady. 
MYTDYL-MYTDYL, s.ş.aňl.söz. Haýal, haýal-
ýagal, assa, ýuwaş ýörelende emele gelýän şekil.
Mytdyl-mytdyl edip ýöremek. 
MYTGAL [mytga:l], at. Nah matanyň bir 
görnüşi. Ak mytgaldan tikilen balagyň dyzlary 
ýyrtykdy (B. Seýtäkow).  
MYZAHAR [myza:ha:r], at, k.d. Mätäç, zar, 
zelil. Men dünýä malyna myzahar däldirin 
(

Türkmen halk ertekileri

). 
MYZAGA [myza:ğa]:myzagasyna däl piňine 
däl. Aýdanyň, aýtmanyň bir, myzagasyna däl.  
MYZAPYR [myza:pyr], syp., ser. Mysapyr 2.
... Gepläp bilmän duran Gutlymyrat: – Gandym aga, 
bu gulaty galada heleýleriň arasynda meniň ýaly 
myzapyrlaryň üstüne çişmäge batyrdyr...– diýdi (A. 
Gowşudow). 
MYZAÝYK [myza:ýyk], at. Kynçylyk.

Myzaýyk etmezlik zähmet bilmezlik, kyn 
görmezlik, göwnüňe almazlyk, göwün-kine etmezlik. 
Düýeler uzak ýoly myzaýyk etmän, äwmezlik bilen 
gadam urýardylar (B. Kerbabaýew).
 
 
 
 

 
 
N, Türkmen elipbiýiniň on altynjy harpy. 
NABAT [nava:t], at. 1. Ergin şekerden 
gaýnadylyp taýýarlanýan süýji. Olaryň öňünde bir 
tamdyr çörek, diş-diş nabat, ajy demlenen çaý goýdy 
(B. Seýtäkow). 2. Gyza dakylýan at. 
NAÇAR [na:ça:r], syp. 1. Ejiz, biçäre, betbagt, 
görgüli. Naçar ene. 2. Alaçsyz, bialaç, çäresiz, 
çykalga tapmaýan. 3. göç.m. Aýal, gyz maşgala. 
Indem ol naçaryň öňki adamsy gününe goýmaýarmyş 
(G. Ezizow).  
NAÇARLABERMEK [na:ça:rla:vermek], işl. 
Ejizläp ugramak, naçarlap başlamak.
NAÇARLAMA 
[na:ça:rlama], 
iş 
ady. 
Naçarlamak ýagdaýy. 
NAÇARLAMAK [na:ça:rlamak], işl. Ejizlemek, 
özüňi çäresiz ýagdaýda duýmak, ejizlemek. –Wah, 
beýdäýersiň öýtmändim – diýip naçarlady.
NAÇARLANMAK [na:ça:rlanmak], işl. Naçar 
ýagdaýda bolmak, ejizlemek.  
NAÇARLATMAK [na:ça:rlatmak], işl. Birini 
ejizletmek, naçarlyk etdirmek.
NAÇARLYK [na:ça:rlyk], at. Naçar ýagdaýda 
bolmaklyk, ejizlik, biçärelik. Gülzar özüniň 
jigerbendine iň soňky gezek naçarlyk bilen göz 
gyýtagyny aýlady (B. Soltannyýazow). 
NADAN [na:da:n], syp. 1. Medeniýetden yza 
galan, däbi-dessury bilmeýän, düşünjesi az, gaflat 
ukusynda ýatan. 2. Sowatsyz, okuwsyz. 3. Akylsyz, 
akmak, biakyl, edep-ekramsyz, terbiýesiz. Duşdum 
üm bilmez nadana, Bir gadrym bilen islärin 
(Magtymguly).  
NADANÇYLYK 
[na:da:nçylyk], 
at, 
ser.Nadanlyk.
NADANLYK [na:da:nlyk], at. 1. Medeniýetden 
yza galaklyk, urp-adaty bilmezlik, aň-düşünjesi 
azlyk. Sowatsyzlyk we nadanlyk göýä bir tümlükdir 
(

Türkmenistan

). 2. Sowatsyzlyk, okuwsyzlyk. 3
Akylsyzlyk, akmaklyk, edep-ekramsyzlyk. Onuň 
umumy keşbinde nadanlyk syzylýardy (G. Kulyýew).  
NADARA [nadara:], syp. Bihaýalyk bilen 
gykylyk, galmagal turuzýan, şerçi, haýýar, şermende. 
Nadara aýal. 
NADARAÇYLYK [nadara:çylyk], at, ser. 
Nadaralyk. 
NADARALYK [nadara:lyk], at. Bihaýalyk bilen 
gykylyk, 
galmagal 
turuzmaklyk, 
haýýarlyk, 
şermendelik. Nadaralyk edip sypmarsyň! 
NADYL [na:dyl], hal. Bir zatdan göwni galan, 
göwnüne deglen, närazy, nägile. Şükür, biriçe bar 
paýym, Nadyl bolmaga hakym ýok (G. Daşgynow).
NADYLLYK [na:dyllyk], at. Bir zatdan göwni 
galan halda bolmaklyk, närazylyk, nägilelik. Goja 
Ýunus onuň nadyllygynyň düýpdendigini aňdy (S. 
Myradow).
NAGARA [nağara], at. Ýüzüne çig deri çekilen, 
çanagy uly suw kädisinden ýasalan we kakylyp 
çalynýan saz guraly, depregiň bir görnüşi. Gümmür-
gümmür nagaralar uruldy (

Kitaby dedem Gorkut

). 

Nagaraňy dökmek birine ajyňy pürkmek, 
teýene etmek, käýinip gaharlanmak. Sen meniň 
üstüme nagaraňy dökjek bolýarsyň (N. Pomma).
NAGARAÇY [nağaraçy], at. Nagara kakýan 
adam.


116 
NAGDALY [nağda:ly], at, zergärç. Dörtburç, 
kejebe görnüşli dört ýa-da bäş gaşly, ýüzüne altyn 
çaýylan bezeg şaýy. 
NAGMA [nağma], at. 1. Owaz, aýdym, heň. 
Göýä murgy-säherdir, şeb suhan eýlär agaz, Bag içre 
bilbil olup, okyr nagma, hezar saz (Magtymguly). 2
Dutarda ýerine ýetirilýän tilsim. 
NAGRA [nağra] I, at. Ýaragyň salan ýarasynyň 
yzy, tyg ýarasyndan galan kesik, ýaryk, nähre. 
Göwnüme bolmasa, onuň ýüzünde ganhor Çingiziň 
peýkamynyň yzy, Nasreddin şanyň okunyň salan 
nagrasy görünýärdi (A. Gowşudow).  
NAGRA [nağra] II: nagra çekmek (tartmak)
haýbatly, elhenç ses edip gygyrmak, nalamak. 
Magtymguly, habar ber, ol kim, derýaga girdi? Her 
dem nagra çekende, derýany tupan kyldy 
(Magtymguly). Gazap bilen nagra çekdi (M. 
Seýidow).
NAGT [nağyt], at.1. Nesýä goýman berilýän pul 
(edilýän söwda hakynda). Söwdanyň nagty ýagşy 
(Nakyl). 2. göç.m. Taýýar, häzir; soňa goýmazdan, 
derrew. Tagsyr, siz muny nagt etdiňiz-ow (

Görogly

).

Nagt pulsuz nagt pul tölemezden geçirilýän 
söwda hasaplaşygy.
NAGTÇYL [nağytçyl], syp. Nagt söwda etmegi 
gowy görýän, nesýe söwda etmeýän. Nagtçyl 
söwdagär.
NAGYL [nağyl] I, at, kön.s. Nal. Bedewlere 
nagyl kakyň (Seýdi).
NAGYL [nağyl] II: nagyl okamak ýerliksiz 
öwüt-nesihat berjek bolmak, köp zady bilýän kişi 
bolan bolup gürläp oturmak (ser. Nakyl: nakyl 
okamak). – Men ony bäş ýüz manada beremok!  
diýip, meniň başyma nagyl okaýar (B. Kerbabaýew). 
NAGYM [nağym], at. 1. Bukulmak üçin gazylan 
garym. Gyzlar şol gazylan nagym bilen gidip
patyşadan öňürti baryp, öz ýerlerine geçip, uklan 
bolup ýatdylar (

Türkmen halk ertekileri

). Çuň 
gazynan nagymymda oturyp, Ýene bir salam hat 
ýolladym saňa (A. Kowusow). 2. Oglana dakylýan at. 
NAGYŞ [nağyş], at. Hala, egin-eşige salynýan 
bezeg, çeper şekil, bejergi. Bu halynyň näzik çitimi 
ýönekeý, hemişeki çitimden iki esse gür, nagyşlary-da 
nepis (A. Gowşudow). 
NAGYŞÇY [nağyşşy], at. Nagyş edýän, nagyş 
salýan adam.
NAGYŞLAMA [nağyşlama], iş ady. Nagyşlamak 
ýagdaýy. 
NAGYŞLAMAK [nağyşlamak], işl. Nagyş bilen 
bezemek, nagyş salmak, nagyş çekmek, nagyş etmek. 
Ýadygär ýaglygňa meniň adymy, Nagyşlap ýazyşyň 
ýadyma düşdi (A. Kowusow). Nagyşlap ýolladym ol 
gahrymana, Ýönekeý sylagjyk, ýene bir ýaglyk (K. 
Işanow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   203   204   205   206   207   208   209   210   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling