Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet217/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   213   214   215   216   217   218   219   220   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Naýbaşy kubok sport ýaryşlarynda ýenijilere 
gowşurylýan in ýokary baýrak. 
NAÝBAŞYLYK [naývaşylyk], at. Naýbaşy 
derejä mynasyplyk, saýlama ýagdaýda bolmaklyk. 
Hemme kişä naýbaşylyk, elbetde, ýetdirmez. 
NAÝÇA I, at, dokm. 1. Erşiň arasyndan argaç 
geçirmek üçin daşyna sapak saralyp, mäkiniň içine 
salynýan barmak boýy gamyşdan ýasalýan tara 
guraly. Naýçalaryna sapak sarap, Sapaklaryny 
sazlaşdyrýar 
(B. 
Kerbabaýew). 
2
Tikin 
maşynlarynda daşyna sapak saralan tegelejik enjam
tegek. 3deňizç. Gäminiň öň tarapyndan çekilýän naý 
ýelkenini berkitmek, gaýymlamak üçin gäminiň 
göwresinden öňe tarap uzalyp çykyp duran pürs. 4
Agzyndan doldurylýan tüpeňlerde mis oturdylýan 
ýer. 
 
NAÝÇA II, at. Käbir bakja ekinleriniň gülüniň 
düýbündäki ýaňy düwen düwünçegi, täze düwen 
miwesi; güldüýbi. Sapa goluň ikinji ýapragy hem 
birinjisi ýaly ilki murt çykaryp, soňra-da naýça 
görkezer diýip çak edipdi (N. Esenmyradow). 
NAÝÇALAMAK, işl. Naýça emele gelmek
ýaňy düwüp, miwe görkezip başlamak. Melejäniň öz 
öňünden gelýän kölegesi ýaňyja naýçalan eriklere, 
üljelere dyrmaşýardy (B. Kerbabaýew). 
NAÝÇALY, syp. Naýçasy bolan, naýça bilen 
işleýän. Naýçaly maşyn. 
NAÝÇALYKat. Naýça bolar ýaly, naýça etmäge 
ýaramly. Naýçalyk gamyş getirsene. 
NAÝYNJAR [na:ýynja:r], syp. 1. Ejiz, görgüli, 
gözgyny (adam). Bu naýynjar ýarym adamyny 
aldamak mümkin däldi (B. Seýtäkow). 2. Ýürek 
awadyjy, zaryn, aýylganç. Ataly-ogul gözlerinden 
boýur-boýur ýaş döküp, şeýle bir naýynjar garadylar 
(S. Myradow). 
3
Göwnüçökgün, umytsyz, 
bialaç.Olar özleriniň adatdaky ulumsylyklaryny 
ýitirip, naýynjar görnüşe eýe bolupdyr (B. 
Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   213   214   215   216   217   218   219   220   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling