Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet197/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   193   194   195   196   197   198   199   200   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Janly muzeý gepl.d. Haýwanat bagy. Jansyz 
muzeý Adamlaryň, haýwanlaryň mumdan ýasalan 
şekilleri ýerleşdirilen muzeý. 
MUZEÝLIK [mu:zeýlik], syp. Muzeýde goýar 
ýaly, muzeýde görkezilmäge, saklanmaga degişli, 
muzeý zady bolmaga ýaramly. Muzeýlik esbaplar. 
MUZEÝÝEN, syp., k.d. Bezelen, zynatlanan. 
Hoş muzeýýen oldy älem, lälezar oldy ýene (Gaýyby). 
MÜBÄREK [müvä:rek], syp. 1. Gowy niýet 
aňladýan alkyş sözi, gutlag sözi. Baýramyň mübärek, 
gahryman enem (R. Seýidow). 2. göç.m. Mukaddes, 
bagtyýar.3. göç.m. Nurana, ýakymly. Wah, dolan Aý 
ýaly mübärek ýüzüňe gurban bolaýyn... (N. Pomma). 

Mübärek bolsun 

şowly bolsun, haýyrly bolsun, 
gutly bolsun

diýen manyda aýdylýan gutlag sözi. 
Toýuňyz mübärek bolsun, gadyrly dostlar! 
MÜBÄREKLEME [müvä:rekleme], iş ady. 
Mübäreklemek ýagdaýy. 
MÜBÄREKLEMEK [müvä:reklemek], işl.1
Alkyşlamak, gutlamak. 2. k.d. Taryp etmek, wasp 
etmek, taryplamak. Oglan, mün atyňa, özüňi 
mübärekläp bir nama diý (

Görogly

). 
MÜBÄREKLEMEKLIK [müvä:reklemeklik], iş 
ady. Mübäreklemek ýagdaýy. 
MÜBÄREKLEMEZLIK [müvä:reklemezlik], iş 
ady.  Gutlamazlyk, alkyş aýtmazlyk. 
MÜBÄREKLEÝIŞ [müvä:rekleýiş], iş ady. 
Mübäreklemek ýagdaýy. 
MÜBTELA [müvtela:], hal, k.d. Derdeser, 
başagaý, bagly, gümra. Goç ýigit münse çamana, 
Wehm ile mübtela bolar (Magtymguly). Mübtela 
yşkyň elinde, Bolup men hary-zar, dilber (Talyby). 
MÜÇE [müçö] I, at. Biriniň ýa-da bir zadyň 
gabarasy, göwresi. Sen şujagaz müçäň bilen meniň şu 
göwräme höküm etmäge utanaňokmy? (B. 
Kerbabaýew).
MÜÇE [müçö] II, 1.at. On iki ýyla deň bolan 
wagt aralygy. Ol öz gürrüňinde hem özüni ýaş 
görkezjek bolup dyrjaşýardy we ýyl hasaplaşardy, 
müçe sanaşardy (A. Gowşudow). 2. Adam ömrüniň 
on iki ýyla barabar bolan bölegi. Ýara ýaraşar üç 
müçe ... (Magtymguly).
MÜÇENAMA [müçöna:ma], at. Müçe hasaby. 
MÜÇENEK [müçönök], at. Sakgal-murty ýolup
timarlamak üçin ulanylýan jübtek şekilli agzy ýasyja 
gural, ýolguç. 

Müçenek ýaly gabylja, düşbüje. Müçenek ýaly 
çaga
MÜÇENEKLEME [müçönöklömö], iş ady. 
Müçeneklemek ýagdaýy. 
MÜÇENEKLEMEK 
[müçönöklömök], 
işl. 
Müçenek bilen ýolmak, müçenek bilen timarlamak, 
ýoluşdurmak. 
MÜÇENEKLEMEZLIK [müçönöklömözlük], 
iş ady. Müçenek bilen ýolmazlyk, timarlamazlyk. 
MÜÇENEKLEÝIŞ [müçönöklöýüş], iş ady. 
Müçeneklemek ýagdaýy. 
MÜDERRIS [müdörrüýs], at, kön.s. Medresäniň 
mugallymy, medresede sapak berýän adam. 
MÜDERRISLIK [müdörrüýslük], at, kön.s.
Müderrisiň käri, wezipesi. 
MÜDIMI [müdüýmü], syp. Wagt taýdan 
tükeniksiz, baky, hemişelik, mydamalyk, ebedi, 
ömürlik. Arça müdimi ýaşyl öwsüp oturýar. 

Müdimi (baky) uka gitmek aradan çykmak, 
ýogalmak, aýrylmak, ölmek. Esgeri usul bilen tamyň 
gündogar ýüzüne getirdiler, emma ol eýýäm müdimi 
uka gidipdir (A. Gowşudow).
MÜDIMILIK [müdüýmülük], at. Mydamalyk, 
bakylyk, ömürlik, hemişelik, ebedilik.  
MÜDIR [müdüýr], at. 1. Edarany, kärhanany 
dolandyryjy. Dükanyň müdiri.2. Orta okuw 
mekdebine ýolbaşçylyk edýän wezipeli adam. 
Mekdep müdiri.
MÜDIRLIK [müdüýrlük], at. 1. Müdiriň käri, 
wezipesi. Ony mekdep müdirligine bellediler. 2. syp. 
Müdire degişli, müdir bilen baglanyşykly. Müdirlik 
işim bar.3. Bir pudagyň iri dolandyryş edarasy.
MÜDIRIÝET 
[müdüýrüýet], 
at. 
1
Guramaçylyk-ýolbaşçylyk işini alyp barýan edara. 2
Käbir dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy edarasy. 
MÜFLIS [müflüýs], at, k.d. Halys garyp düşen, 
tozan, eleşan. Ýeri sazdyr, hassa bolan sagalar, Arryk, 
müflis garyp bolan oňalar (Magtymguly). 


107 

Müflisi çykmak tozmak, garyp düşmek. Ýylba-
ýyldan meniň müflisim çykar (Kemine). 
MÜFTI [müftü], at, kön.s. Ýokary musulman 
ruhanylarynyň 
dini 
taglymatlaryny, 
şerigat 
kanunlaryny düşündirmek bilen meşgullanýan wekil.  
MÜFTÜLIK [müftülük], at, kön.s. 1. Müftiniň 
käri we ýagdaýy. Ol müftülik edýärdi. 2.Müftiniň 
dolandyrýan, edara edýän ýeri, guramanyň jaýy. 
MÜJE [müjö], at, gepl.d. Ýekeje däne üzüm, 
üzümiň bir dänesi. 
MÜJERRET [müjörröt], syp. Ýeke, ýalňyz, 
maşgalasyz. 

Müjerret geçmek (ötmek) öýlenmän ýa-da 
durmuşa çykman, ömrüňi ýalňyz, ýeke geçirmek. 
MÜJEWÜR [müjöwür], at. Öwlüýäniň başynda 
ýaşap, oňa gözegçilik edýän adam. 
MÜJEWÜRLI [müjöwürlü], at. Müjewüri bar 
bolan.  
MÜJEWÜRLIK [müjöwürlük], at. Müjewüriň 
käri, ýagdaýy. 
MÜJEWÜRSIZ [müjöwürsüz], syp. Müjewüri 
bolmadyk, müjewüri ýok. Ýarysy melekden, ýarysy 
jyndan, 
Müjewürsiz 
bolmaz 
üsti 
atamyň 
(Magtymguly)
MÜJI [müjü], at. Keýik owlagynyň, owlagyň, 
çebşiň, guzynyň aşygy. 

Müji (aşygy) ýaly örän kiçijik, kiçijikden 
gelşikli. Artyk gazygynyň daşynda aýlanýan 
alaşanyň lowurdaýan endamyna, müji aşygy ýaly 
kellesine, ýanyp duran gözlerine syn etdi (B. 
Kerbabaýew).
MÜJRÜP [müjürüp], syp., ser. Maýyp-
müjrüp.Adamlary müjrüp bolmakdan halas ederis 
(B. Pürliýew). 
MÜLEMMA [mülemma:], syp.Birgiden, tutuş, 
bütin. Otsuzlyk, iýmsizlik zerarly obada mal 
mülemma gyrylýardy (B. Kerbabaýew).
MÜLHIT [mülhüýt], syp., gepl.d. Ezenegini 
agdyryp, özüni oňarman ýören, ebti agan, sölpi. Men 
Hojaguly diýilýän mülhidi tanamok, emma atasyna 
belet (B. Kerbabaýew).
MÜLHITLIK [mülhüýtlük], at, gepl.d. Ezenegi 
agan ýagdaýda bolmaklyk, sölpülik, ebti aganlyk. 
Onuň henizem şol öňki mülhitligi. 
MÜLK[mülük],at. 
1. 
Biriniň 
hususy 
eýeçiligindäki ýer-suw, ymarat, baýlyk, mal, binalar. 
2. Jemgyýetçilik eýeçiligine degişli ýer, çäk, jaý, bag-
bakjalar. 3göç.m. Ýer-ýurt, ülke, mekan, mesgen. Bu 
azat mülkümiň degre-daşyny, Goraýarsyň, barha 
tijäp badyňy (A. Omarowa). 
MÜLKDAR [mülükda:r], at. Mülk eýesi, ýer 
eýesi.
MÜLKDARLYK [mülükda:rlyk], at. Mülki, 
emlägi barlyk, mülkdaryň ýagdaýy. 
MÜMKIN [mümküýn], 1. Bir hereketiň, 
wakanyň bolmagynyň ähtimaldygyny, şeýle hem bir 
işi amala aşyryp bolýandygyny, bir zadyň 
ikuçludygyny görkezýän ugrukdyryjy söz. Şu gün 
ýygnak bolmagy mümkin. 2

Rugsatmy, bolýarmy; 
hawa

diýen manyda gelýän giriş sözi. 

Girmek 
mümkinmi?

Mümkin

MÜMKINÇILIK [mümküýnçülük], at.Bir zady, 
işi amala aşyrmak üçin amatly ýagdaý. 
MÜMKINGADAR 
[mümküýnğadar], 
hal. 
Mümkin boldugyça, ýagdaýy tapyldygyndan, aňrujy, 
mümkin bolsa. Olaryň hemmesi hasyly mümkingadar 
çalt hem ýitgisiz ýygnap, döwlete tabşyrmak hyjuwy 
bilen joşýar. 
MÜMKINLIK 
[mümküýnlük], 
at, 
ser. 
Mümkinlik. Şeýle çuň burawa bolsa şol 
gatlaklardaky bozuklyk mümkinlik döretjek däl (B. 
Kerbabaýew).
MÜNBER [mümmör], at. 1. Köpçülik öňünde 
çykyş edilýän, sözlenýän ýörite ýer. 2. Sport 
meýdançasynda köpçüligiň oturýan hatar-hatar 
ýerleri. 
MÜNDER [münnör], hal. Biri-biriniň üstüne 
münderlenip goýlan, üsti-üstüne basylyp goýlan,gat-
gat, gatbar-gatbar. Birnäçe ýassyk münder bolup 
durdy. 
MÜNDERLEME 
[münnörlömö], 
iş 
ady. 
Münderlemek ýagdaýy. 
MÜNDERLEMEK [münnörlömök], işl. Biri-
biriniň üstünde goýmak, üsti-üstüne gat-gat edip 
basmak. Münderläp goýmak. 
MÜNDERLEMEKLIK [münnörlömöklük], iş  
ady. Münderlemek ýagdaýy. 
MÜNDERLEMEZLIK [münnörlömözlük], iş 
ady. Münderläp goýmazlyk. 
MÜNDERLENMEK 
[münnörlönmök], 
işl. 
Münder-münder edilip goýulmak. Gap böwürde, 
ýüpek ýorganlar münderlenen galaýy nagyşly sandyk 
bardy (Magtymguly).
MÜNDERLETMEK 
[münnörlötmök], 
işl. 
Münder-münder edip goýdurmak, münderlemek işini 
etdirmek. 
MÜNDERLEÝIŞ 
[münnörlöýüş], 
iş 
ady. 
Münderlemek ýagdaýy.
MÜNDER-MÜNDER [münnör-münnör], hal. 
Birnäçe münder edilen, gat-gat, biri-biriniň üstüne 
münderlenen, gatbar-gatbar goýlan. Tamyň bir 
dulundaky ýüzi owadan, nepis nagyşly mary 
sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, 
per ýassyklar galdyrylypdyr (A. Gowşudow).
MÜNDÜRMEK [münnürmök], işl. 1. Ulagyň 
üstünde oturtmak, ulagly gezdirmek, ulagyň üstüne 
atarmak. Ony araba mündürip, köp wagtlap obanyň 
aralaryna aýlady (B. Seýtäkow). 2. Bir zadyň üstüne 
çykarmak, gop berip, bir zadyň üstüne götermek. 
Artygy gop berip, alma agajyna mündürdiler (N. 
Jumaýew). 3göç.m. Bir zadyň nyrhyny ýokarlatmak, 
bahasyny artdyrmak, öňki derejesinden galdyrmak, 
gymmatlatmak.
MÜNEJJIM [münötjüm/münöçjüm], at. 1
Asman ýagtyltgyçlaryny öwreniji, astronom. 2
Ýyldyzlara garap pal atýan, täleý garaýan, geljegi 
kesgitleýän adam, astrolog. 
Patyşa dessine 
münejjimlerini, 
gurrandazlaryny 
ýygnady 
(

Görogly

). Münejjimler kitap açdylar, gurraçylar 


108 
gurra taşladylar (

Hüýrlukga – Hemra

). Bu hazanyň 
sarsary, gurutdy ömrüm bagyny, Ýa münejjim, ber bu 
gün, pasly baharymdan habar (Kätibi).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   193   194   195   196   197   198   199   200   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling