Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet191/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   187   188   189   190   191   192   193   194   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MUGT [muğut], syp., hal. Hiç hili çykdajysyz, 
pulsuz, hak-heşdek tölenmän. Mugt almak. Mugt 
bermek.  

Mugtuň bäri ýany örän arzan, gaty arzan. 
Ýangyç we jemgyýetçilik ulaglarynda gatnamak üçin 
tölegler mugtuň bäri ýany bolmagynda galar 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow. 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
MUGTHOR [muğutho:r], syp., at. Biriniň 
hasabyna ýaşaýan, kesekiniň zähmetiniň mürdüni 
çürtýän, mugtiýen.
MUGTHORÇULYK [muğutho:rçuluk], at, ser. 
Mugthorluk. 
MUGTHORLUK [muğutho:rluk], at. Biriniň 
hasabyna, kesekiniň zähmetine ýaşamaklyk.
MUGTIÝEN [muğtiýen]syp., ser. Mugthor. 
MUGTUNA [muğtuno], syp., hal., ser. Mugt. 
MUGYR 
[muğuýr]: 
mugyra 
getirmek 
syndyrmak, gözüniň oduny almak.  
MUHABBET [muhopbet], at, şahyr. Ýakyn 
aragatnaşyk, dostlukly söýgi, mähir. Rakyp bolsa, 
arasynda dostlaryň, Bir-birine muhabbeti az olar 
(Kätibi). 
MUHABBETLI [muhopbetli], syp. Muhabbeti 
bar bolan, söýgüli, dostlukly, mähirli. Şatlyk ýaşy 
düwmelände gözlerde, Muhabbetli garaş bardy 
ýüzlerde (A. Kekilow). 
MUHAMMES [muhommes], at. 1. Bäş setirden 
ybarat bolan şygyr bendi. Naçar ondan soň zar-zar 
aglap:

Dilberimden aýryldym!

diýip, pelekden 
şikaýat edip, bir muhammes aýtdy (

Zöhre – Tahyr

). 
2. Goşgy düzülişiniň bir görnüşi, bäşleme.  
MUHANNES [muhonnes], at. Namart, 
bigaýrat, gorkak. Muhannesiň bolmaz namysy, ary 
(Magtymguly).
MUHURMAK [muhurmok], işl, gepl.d. Iýmek, 
symyşlamak; sygnamak. Ol uzyn günläp pagta 
meýdanynda işlänsoň, işşek goýnuň tagamly etini 
işdä bilen muhurýardy. 
MUKADDES [mukotdes], syp. 1. Keramatly. 
Mukaddes ýerler. 2. Ähmiýeti boýunça örän uly we 
hormatly, iň ýokary, iň gymmatly. Mukaddes raýatlyk 
borjy. 3. Iň eziz, iň ýakyn, has arzyly. Mukaddes 
duýgy. Mukaddes ene pendi. 
MUKADDESLIK [mukotdeslik], at. Mukaddes
hasaplanýan zat, saýylýan zat, mukaddes görülýän 
zat. Watanyň mukaddeslikleri.  
MUKAM [muka:m], at, sazç. Şahyrlaryň 
sözlerine döredilmän, diňe özbaşdak (sözsüz) eser 
hökmünde döredilen köp bolümli saz eseri.  
Goňurbaş mukamy. Gökdepe mukamy. Erkeklik 
mukamy. Aýralyk mukamy. Mukamlar başy. Berkeli 
çokaý mukamy. Şadilli mukamy. 

Mukam saz mukam orkestriniň ýerine ýetirmegi 
üçin niýetlenen saz. 
MUKAMÇY [muka:mçy], at. 1. Mukam saz 
eserini döredýän sazanda. 2. Mukam çalýan sazanda.
MUKAMLYK [muka:mlyk], syp. Mukama 
mynasyp, mukam döredere esas bolarlyk, mukama 
laýyk. 
MUKDAR [mukda:r], at. 1. San ululygyny
möçberi, göwrümi görkezýän söz. Her bir sagylýan 
sygyrdan alynýan süýdüň mukdary dört esse diýen 
ýaly köpeldi. 2. filos. Daşky dünýäniň zatlaryny we 
hadysalaryny göwrüm, san, ösüş derejesi taýdan 
häsiýetlendirýän birlik. Mukdar üýtgeşmeleri. 

Mukdar sanlar sanalmada zatlaryň mukdaryny, 
sanyny aňladýan sanlar. 
MUKYM [mukuým], at. 1.Bir ýerde oturymly 
ýerleşen, jaýlaşan, bir ýerde mesgen tutan. Mukym 
işini tutan myhmana nazar eýle (Magtymguly). 2. 
Oglana dakylýan at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   187   188   189   190   191   192   193   194   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling