LÄLE [lä:le] II, at. 1. Gyzyl reňkli gül. Ýaňagyň
misli läledir, Bakyşyň janym aladyr (
Şasenem –
Garyp
). Açyldy zemin lälesi, Üşbu dünýä reýhan bu
gün (Magtymguly). Zeminiň lälesi, asmanyň aýy,
Dünýäniň
göwheri-käni,
Ogulbeg
(Kemine).
2. göç. m. Söýgüli gyz (esasan birinji şahsyň
degişlilik goşulmasyny kabul edýär). Emma, düşün,
läläm, şeýle gün dogar: Saçlaryň nur bolup, üstüme
ýagar (G. Ezizow). 3. Gyza dakylýan at.
◊ Läle ýaly kir-kimiri aýrylyp, reňki gowy
açylan (ýuwlan eşik hakynda).
LÄLE-REÝHAN [lä:le-reýha:n], at, ser.Läle we
Reýhan.
LÄLEZAR [lä:leza:r], syp., at. Läle gülüniň köp
gögerip oturan ýeri, meýdany. Lälezar çemenli
düzlerim galdy (Seýdi). Asman lälezardyr, Toprak –
tenekar (K. Gurbannepesow).
◊ Lälezar bolmak al-elwan gül biten ýaly
bolmak.
LÄLEZARLYK [lä:leza:rlyk], at. Gülzarlyk,
gülli-çemenli meýdan. Öňki tozan çölüstan giň
lälezarlyga öwrüldi (
Watan
). Men bu gün säher
oýanyp, çykdym lälezarlyga, Depäm üste ümmülmez
gümmeze gözüm düsdi. (G.Ezizow).
LÄLIK [lä:lik], syp. Edenine däl diýilmän,
aýnadylyp saklanan, eziz görlüp ulaldylan, söýlüp
71
ösdürilen. Nartäç ejesi-kakasy tarapyndan lälik
saklanan gyzdy (A. Gowşudow). Lälik saklanypdyr,
ýok okan ýeri, Bilini agyrdyp dökmändir deri (A.
Kekilow).
LÄLIKLIK [lä:liklik], at. Lälik bolmaklyk,
läligiň bolşy, gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy.
Ýadyňyzdamy, okaýarkak hem onda läliklik, öz-
özünden göwni bitginlik duýulýardy (B. Pürliýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |