LEŇKILDEÝIŞ
[leňkilleýiş],
iş
ady.
Leňkildemek ýagdaýy.
LEŇKILDI [leňkilli], at. Leňk-leňk edip
ýörelende döreýän şekiliň ady.
LEŇK-LEŇK, s. ş. aňl. söz. Leňk-leňk edip
ýörelende döreýän şekil.
LEŇŇEÇ, at. Sekiz aýakly, gysgyç agyzly, uzyn
murtly, iki tarapyna hem ýöreýän, suwda ýaşaýan
jandar. Deňiz leňňeçleri.
◊ Leňňeç ýaly ugur-utgasyz, gepinde-sözünde
belli bir ugur bolmadyk (ýaramaz adam hakynda). Ol
edil leňňeç ýalydyr, ilki bir zat diýer, yzyndanam
başga zat diýer.
LEŇŇER,at. 1. gepl.d. Bir zadyň agramy. Gara
dag gara ýeriň leňňeri (Nakyl). Ýeliň zarby hem onuň
öz leňňeri wyşkany iki-baka näçe yrasa-da, güýçli
traktorlar onuň ýykylmagyna maý bermeýärdi (B.
Kerbabaýew). Garry ene:
Torbanyň-a agram,
leňňeri ýok eken, özümem äkidip biljek
diýdi. 2. Bir
zadyň mäkäm durmagy üçin agramlyk daş ýa-da
başga bir zat. Degirmen daşynyň üstünde goýulýan
leňňer agyr goýulsa, un maýda üwelýär, ýeňil
goýulsa, un irimçik bolýar.
◊ Leňňer atmak agramyna yranyp durmak. Gämi
deňizde leňňer atyp durdy.
LEPBERILMEK,
işl,
ser.
Lepbermek.
Lepberilip oturan ýeriňden bize nobat bermän,
gürrüň edip otursaň näderdik?! (N. Pomma).
LEPBERIŞ, iş ady. Lepbermek ýagdaýy.
LEPBERME, iş ady. Lepbermek ýagdaýy.
LEPBERMEK, işl. Ýapyrylyp oturmak, biliňi
büküp, eplenen ýaly bolup oturmak, ýapbaşyp
oturmak. Ol giç öýlä çenli lepberip oturdy.
LEPBEÝ, ugrukd.
Hyzmatyňa taýýar, gulluk,
bolýar
diýen ýaly manyda birinji şahs tarapyndan
aýdylýan söz. Sen ýöne biziň diýenjigimizi et-de,
näme buýursak,
lepbeý
diý-de, işledejik ýör (A.
Durdyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |