Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜT-KÜT,syp. 1. Köp sanly küt, küde. Obanyň  deňine baranyňda küt-küt bedelere, ýandaklara  gözüň düşýär.2


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet114/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜT-KÜT,syp. 1. Köp sanly küt, küde. Obanyň 
deňine baranyňda küt-küt bedelere, ýandaklara 
gözüň düşýär.2. Gaty köp, örän köp, petde-petde. 
Hökümet-de sylar kän hasyl berseň, Küt-küt bolar 
şonda puly daýhanyň (A. Köpekmergen). 
KÜTI [kütü], syp. Galyň, ýuka bolmadyk. Indi 
dikan gaýralarynda howalanyşyp oturan göm-gök 
daglaryň öňüni küti bulut büräpdi (A. Gurbanow).
KÜTI-KÜTI [kütü-kütü], syp. Biri beýlekisinden 
küti, galyň-galyň (köp zat hakynda).Elinde küti-küti 
kitaplary bar (B. Pürliýew). 
KÜTÜLEŞMEK [kütülöşmök], işl. Barha küti 
bolmak, galňap başlamak.
KÜTÜLIK [kütülük], at. Galyňlyk, ýuka dällik; 
gabalyk. Kitabyň kütüligi. Dodagyň kütüligi. 
KÜÝ, at. Hyýal; oý-pikir. Tamdyra küýüni beren 
ejem meniň hereketimi görmedik bolara çemeli (H. 
Garabaýew). 

Küýüňi bermek ýüregiňe düwmek, niýet 
edinmek. Küýüňi berseň, sen derrew iňlis dilini 
öwrenersiň. Küýüňi dikmek ser. Küýüňi bermek
Görýän weli, balam, sen oňa küýüňi dikipsiň (B. 
Kerbabaýew). 
KÜÝDEŞ [küýdöş], syp. Pikirdeş, oýy-hyýaly 
meňzeş. 
KÜÝKERILMEK [küýkörülmök], işl. Biliňi 
bükmek, gaty egilmek. Beýdip küýkerilip durma. 
KÜÝKERIŞMEK [küýkörüşmök], işl. 1. Kem-
kemden küýkermek. dura-bara bili bükülişmek. Onuň 
bili birneme küýkerişipdir. 2. Bilelikde küýkerip 
barmak. Elleri hasaly garryja aýallar ýoda bilen 
küýkerişip barýardylar
KÜÝKERME [küýkörmö], iş ady. Küýkermek 
ýagdaýy. 


62 
KÜÝKERMEK 
[küýkörmök], 
işl. 
Biliň 
bükülmek, 
küýki 
halda 
bolmak. 
Küýkeren 
ýagyrnysyny tüňňerdip, bäş keleme söz aýdar 
(

Görogly

). 
KÜÝKERMEKLIK [küýkörmöklük], iş ady. 
Küýkermek ýagdaýy. 
KÜÝKERTMEK [küýkörtmök], işl. Biliňi, 
ýagýrnyňy, arkaňy tüňňertmek. Ol bilini küýkerdip 
barýardy. 
KÜÝKI [küýkü], syp. Bili bükük, ýagyrnysy 
tüňňeren, arkasy tüňňi. Kim küýkini söýer, kim 
gaýkyny (Nakyl). 
KÜÝ-KÖÇE [küý-köçö], at. Oý-pikir, hyýal; 
niýet. Onuň küý-köçesi okuwdy. 
KÜÝKÜLIK [küýkülük], at. Küýkiniň ýagdaýy, 
küýki bolmaklyk. Ony küýkülik köseýärdi. 
KÜÝLENDIRMEK [küýlönnürmök], işl. Oý-
pikire batyrmak, hyýala mündürmek. Dowlanyň 
soňky sözleri Ahmedi çyndan küýlendirdi (G. 
Kulyýew). 
KÜÝLENIŞ [küýlönüş], iş ady. Küýlenmek 
ýagdaýy. 
KÜÝLENIŞMEK [küýlönüşmök], işl. Oý-pikire, 
hyýala batyşyp oturmak. Ýeri, siz niräk ugrasak diýip 
küýlenişip dursuňyz? 
KÜÝLENME [küýlönmö], iş ady. Küýlenmek 
ýagdaýy. 
KÜÝLENMEK [küýlönmök], işl. Bir zady, 
çäräni amala aşyrmagy hyýal etmek, bir zat barada 
oýlanmak, hyýallanmak. Diňe ol şonda bir gobsunyp, 
nirädir gitmäge küýlendi (B. Kerbabaýew).
KÜÝLENMEKLIK [küýlönmöklük], iş ady. 
Küýlenmek ýagdaýy. 
KÜÝLI [küýlü], syp. Küýüne gelsine, özüniň 
pikir edip bilşine görä hereket edýän (birde 
eýleligine, birde beýleligine üýtgäp duran adam 
hakynda). Sözlän sözüň bolsun bir aýly-saýly, Ile-de 
seretgin, bolmagyn küýli (Baýly şahyr). Ol bir küýli 
adamdyr, bolýan zadam boldurman biler, bolmaýan 
zadam seniň peýdaňa çözüp biler. 
KÜÝLÜLIK [küýlülük], at. Küýli ýagdaýda 
bolmaklyk. Aý, onuň şol küýlüligi bar bolsun! 
KÜÝ-PIKIR, at. Pikir-hyýal, edilýän oý-pikir. 
Onuň küýi-pikiri küştdedi (A. Gowşudow). 
KÜÝSEG [küýsöğ], at. Küýsemek, göresiň 
gelmek islegi.
KÜÝSEME [küýsömö], iş ady. Küýsemek 
ýagdaýy.
KÜÝSEMEK [küýsömök], işl. Birini göresiň 
gelmek, bir zady göwnüň islemek. 
KÜÝSETMEK [küýsötmök], işl. Birini ýa bir 
zady arzuw etdirmek, isletmek. Heý-de, bu ýeriniň 
hoştap howasy maňa özge ýeri küýseder öýdýärmiň? 
KÜÝSEÝIŞ [küýsöýüş], iş ady. Küýsemek 
ýagdaýy. 
KÜÝZE [küýzö], at. Toýun palçykdan ýasalyp 
bişirilýän, içi syrçaly ýa-da syrçasyz, gulply, 
bokurdakly gap.

Küýze ýykylan ýaly lykyr-lykyr edip, üznüksiz 
gülýän adam barada ulanylýan meňzetme. Bir gülüp 
başlasa, edil küýze ýykylan ýalydy. Suw küýzä ýel 
düşen ýaly başlan gürrüňini gutarar ýerde 
gutarmaýan adam hakynda ulanylýan meňzetme.  
KÜÝZEGÄR [küýzöğä:r], at. Küýze ýasap 
bişirýän, küýze ýasaýan adam, küýze ussasy, külal. 
KÜÝZEGÄRÇILIK [küýzöğä:rçilik], at, ser. 
Küýzegärlik. 
KÜÝZEGÄRLIK [küýzöğä:rlik], at. 1. Küýze 
ussasynyň hünäri, käri. 2. Küýze ýasamak senedi. 
Ýogsa-da, küýzegärlik sungaty türkmenlerde gaty irki 
sungatlaryň biri (

Edebiýat we sungat

). 
KÜÝZEJIK [küýzöjük], at. 1. Kiçijik küýze. 2. 
Içine sähelçe ders, topur atylyp, şitil ýetişdirilýän 
gap.
KYBAP [kyva:p], at. Birine, bir zada laýyk, bap.
KYBAPDAŞ [kyva:pdaş], syp. Biri-birine 
meňzeş, çalymdaş, bap, laýyk. Gözüne ilişen sähelçe 
hereketi onuň hereketine kybapdaş getirmäge 
çalyşýardy (B. Seýtäkow).
KYBAPDAŞLYK [kyva:pdaşlyk], at. Meňzeşlik, 
biri-birine çalymdaşlyk, bapdaşlyk, laýyklyk. Göýä 
diýersiň göwündeşleriň göwnüne kybapdaşlyk isleýän 
ýaly, häliden bulaşýan jahan ýene ýagtylyp başlady 
(B. Kerbabaýew). 
KYBLA [kyvla], at, geogr. 1. Günorta-günbatar 
tarap. Baryp kybla derwezesinden girdi (

Görogly

). 
2. Yslam dinine uýýanlaryň namaz okaýan wagty 
ýüzüni öwrüp durýan tarapy, Käbäniň ýerleşýän ugry. 

Kyblaýy 
älem 

merhemetli, 
adalatly

manysynda patyşalara, ulamalara ýüzlenilip aýdylýan 
söz. 
KYBLAGÄH [kyvlağä:h], at, k.d. Iň bir gadyrly 
adama, ataňa-eneňe ýüzlenilip aýdylýan söz. Eý, 
kyblagähim, men bu welaýatda galmaly boldum 
(

Zöhre – Tahyr

). Mürewwetli kyblagähim, Ýüz 
tutdum diwana garşy (Şabende). 
KYBLANAMA [kyvlana:ma], at. Içindaki 
magnitli dili kybla tarapy görkezýän enjam . 
KYLMA, iş ady, kön. s. Kylmak ýagdaýy. 
KYLMAK, işl., kön.s. Etmek, eýlemek. 
Gargyşym daşlarny mum deý erider, Pür-pudak 
ýaýradar alkyş kylanym (Magtymguly). 
KYLMAKLYK, iş ady, kön. s. Kylmak ýagdaýy. 
KYLU-KAL [kylu:-ka:l], at, kön.s. Bir zatda 
döreýän kynçylyk, agyr ýagdaý, çykgynsyz ahwal, 
galmagal, goh. Her kişiniň iki bolsa aýaly, Gije-
gündiz işi kylu-kal bolar (Magtymguly). Pelek saldy 
meni tükenmez hala, Dünýäde ugradym ýüz kylu-kala 
(Zelili). 
KYLYŞiş ady, kön. s. Kylmak ýagdaýy. 
KYN [ky:n], syp. 1. Aňsatlyk bilen ýerine ýetirip 
bolmaýan, köp güýç, zähmet talap edýän; 
kynçylykly. Kyn iş. 2. Aňsatlyk bilen çözüp, ýüze 
çykaryp bolmaýan, köp bilim, düşünje talap edýän. 
Kyn sowal. Çözmesi kyn mesele. 3. Agyr, müşgil. Kyn 
ýagdaý. Ol maňa kyn günlerimde kömek etdi. 
KYNALMA [ky:nalma], iş ady. Kynalmak 
ýagdaýy. 
KYNALMAK [ky :nalmak], işl. Gitdigiçe kyn
bolmak. Ylym, bilim ösdügiçe, şol ugurlarda 
işlemegem kynalýar


63 
KYNALTMAK [ky:naltmak], işl. Haýsydyr bir 
zady etmegi, amala aşyrmagy kynlaşdyrmak, 
agyrlaşdyrmak. Güýçli ýel bilen ýagýan gar dar dag 
geçelgelerinden geçmegi has-da kynaltdy. 
KYNALYŞMAK [ky:nalyşmak], işl. Dura-bara 
kyn bolmak, agyrlaşmak, çylşyrymlaşmak. 
KYNÇYLYK [ky:nçylyk], at. Bir işi ýerine 
ýetirmekde çekilýän azap, görgi, kynlyk.
KYNÇYLYKLY [ky:nçylykly], syp. Kynçylygy 
bolan, agyr, azaply. Kynçylykly günler yzda galdy. 
KYNLAŞDYRMAK [ky:nlaşdyrmak], işl. Bir 
işi, 
gymyldy-hereketi 
ýerine 
ýetirmegi 
agyrlaşdyrmak, çetinleşdirmek, çylşyrymlaşdyrmak. 
Derýanyň üstünden öwüsýän sowuk şemal dem 
almagy kynlaşdyrýardy (B. Seýtäkow). 
KYNLAŞMAK [ky:nlaşmak], işl. Bir işi ýerine 
ýetirmek işi agyrlaşmak, kyn bolmak. 
KYNLYK [ky:nlyk], at. Bir işi ýerine 
ýetirmekde, bir zatdan baş çykarmakda ýüze çykýan 
çetinlik, çylşyrymlylyk, agyrlyk. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   110   111   112   113   114   115   116   117   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling