Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜTEKLIK [kütöklük], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet113/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜTEKLIK [kütöklük], at. 1. Kesgir dällik, 
ötmezeklik, ýiti dällik. Oragyň kütekligi onuň tut 
kesmek işini uzaga çekdirdi. 2. göç.m. Paýhas-pähimi 
çäklilik, düşünjesi darlyk, körzehinlik, zehinsizlik. 
Durmuş kämil dälmi? / Ýa-da adamlar?! 
Ýygnaklarda orta atylsa teklip, Ähli ýitilikleň örküne 
/ agzy Synan palta bolup urýar küteklik (G. Ezizow). 
3. göç. m. Nury öçüklik, kütelen ýagdaýda 
bolmaklyk (göz hakynda). Onuň gözüniň kütekligi 
inçe iş etmäge mümkinçilik bermeýärdi. 
KÜTELIŞ [kütölüş], iş ady. Kütelmek ýagdaýy. 
KÜTELIŞMEK [kütölüşmök], işl. 1. Kem-
kemden kütek bolmak, gylawy gitmek, dura-bara 
kütelmek, ýüzi galňaşmak (pyçak, gural hakynda). 
Pyçak kütelişipdir. 2. göç. m. Dura-bara, kem-
kemden körzehin bolmak, akyl-paýhas kemelişmek. 
Aý, gartaşyberseň, ýatkeşligiňem kütelişiberýär  
diýip güldi (Ş. Borjakow). 3. göç. m. Şöhlesi 
gaçyşmak, nury öçüşmek. Ol kütelişip ugran gözleri 
bilen seretdi. 
KÜTELME [kütölmö], iş ady. Kütelmek 
ýagdaýy. 
KÜTELMEK [kütölmök], işl. 1. Kütek bolmak, 
gylawy gitmek, ýitiligi kemelmek (pyçak, gural 
hakynda). Ol kütelen pyçagy çalgydaşa çaldy. 2. 
göç.m. 
Zehini 
könelmek, 
akyl-paýhasy 
gideňkirlemek, ýatkeşligi kemelmek. Indi onuňam 
ýatkeşliginiň küteleni bildirýär. 3. göç.m. Görşi 
kemelmek, görejiň güýji gaçmak, gözüň nury öçmek. 
KÜTELMEZLIK 
[kütölmözlük], 
iş 
ady.  
Kütelmek derejesine ýetmezlik. 
KÜTELTMEK [kütöltmök], işl. 1. Kütek etmek, 
gylawyny gaçyrmak. Ertiri ertire sepläp, galamymyň 
ujuny küteldýän wagtlarym az däl (

Edebiýat we 
sungat

). 2. göç. m. Zehinini kemeltmek, akyl-
paýhasyny peseltmek. Onuň niýeti hüşgärligi 
küteltmekden ybaratdyr. 3.göç.m. Görüş ukybyny 
ýitirmek, gözüň nuruny öçürmek. Köp okap, gözüni 
küteldipdir. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   109   110   111   112   113   114   115   116   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling