Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet112/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Küşdüň çatmak  (çatmazlyk ) bir zady ýerine 
ýetirmek, başarmak üçin gurbuň, güýjüň ýetmek 
(ýetmezlik). Men küşdüm çatmajak bolsa, ederin, 
ýerine ýetirerin diýip aýtmazdym. Küşdüň pyýadasy 
ýaly bolmak durmuşda tutýan orny pes we müçesi 
kiçi bolmak (adam hakynda aýdylýar). Küşdüň 
pyýadasy ýaly bolup, sendenem dynmadyk. Küşti 
berilmek biri işinden, wezipesinden kowulmak, 
eýeleýän ornundan pyzylmak. Küşti berlende bolsa
elpe-şelpeli güni sypdyrasy gelmän, elinden gelen 
pyrryldaga ýüz urýar (

Edebiýat we sungat

). Tur 
küştden küşdüň şasyna edilen hüjümden 

sowul, 
aýryl

diýen manyda aýdylýan aňlatma. 
KÜŞT II: küşt depmek küştdepdi oýnuny, 
tansyny ýerine ýetirmek.  
KÜŞTÇI [küştçü], at. Küşt oýnaýan, küşt 
oýnamaga ökde (adam hakynda). 
KÜŞTÇÜLIK [küştçülük], at. Küşt oýnuna 
ökdelik; küşt oýnuna gyzyklanmaklyk, küşt oýnuny 
söýüjilik. Onuň küştçüligini diýip-aýdar ýaly däldir. 
KÜŞTDEPDI, at. 1. Toýlarda, dört setir goşgy 
aýdylyp, oglan-gyzlaryň bilelikde ýerine ýetirýän 
aýdyşykly tansy. 2. edeb. Halk döredijiliginiň bir 
görnüşi.
KÜŞÜL,syp.  Könelip sandan galan. Küşül eşikli. 
KÜT, at. Üýşürilip goýlan bölek, küde. Sanly 
salym içinde, 

Ak altyny

küt edýär (B. 
Kerbabaýew). 
KÜTEK [kütök], syp. 1. Ýüzi gaýdyp kütelen, 
ýiti, kesgir däl, ötmezek (pyçak, päki, gylyç we ş.m. 
ýarag, gural hakynda). Kütek gyrkylyk. Kütek orak. 2. 
göç.m. Akyl-paýhas taýdan çäkli, gözýetimi dar, 
zehini ýiti däl, körzehin. Şunuň zehininiň 
kütekdigini-ýitidigini, 
akyllydygyny-akmakdygyny 
bileýin (

Görogly

). 3.göç.m. Nury öçen, görgürligi 
kemelen, gowy görmeýän. Kütek göz. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   108   109   110   111   112   113   114   115   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling