Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet110/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   106   107   108   109   110   111   112   113   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜRTE [kürtö], at. 1. Ýerligi gyzyl ýa-da ýaşyl 
keteniden bolup, ýakasyna, etegine, ýeňiniň agzyna 
keşdelenip nagyş salnyp bejerilen ýeňli başatgyç. 2. 
Goltugynyň aşagy etege çenli dilik, bagjyk bilen 
daňylýan nagyşly çaga geýimi. 

Gyzyl kürte ýerligi gyzyl keteniden bolup
çykýan gyzyň başyna atmak üçin bejerilen kürte. 
Ýaşyl kürte ýerligi ýaşyl keteniden bolup, gelinler 
tarapyndan toýlarda başa atylýan ýa-da kähalatda 
geýilýän kürte. 
KÜRTEKÇE [kürtökçö], at. Daşky geýimiň 
içinden geýilýän, ýeňsiz geýim, golsuzja. Onuň 
kürtekçesini egnine geýdirdim. 
KÜRTGÜN, at, dokm. Käbir halynyň älemine 
salynýan 

saryganat

nagşyň içine çitilýän küşt 
tagtasy görnüşindäki ownuk nagyş. 
KÜRTI [kürtü]: kürti goýun uzyn, salpy guýruk 
gara goýnuň bir tohumy. 
KÜRTLER [kürtlör], at. Alynky Aziýada, 
Azerbaýjanda, Ermenistanda we Türkmenistanda 
ýaşaýan halk. 
KÜRTÜK, at. Eti gaýnadylyp bişirilenden soň, 
çorbasyna atylan jöwen belkesi çykarylyp, üstüne 
gaýnan et böleklenip goýlup, çorbasy aýratyn içilýän 
nahar. Akmaýa aşagy belkeli, üsti üwmek etli kürtük 
alyp geldi (B. Kerbabaýew).
KÜRÜM, at. 1. Atýalmanyň, alakanyň we ş.m. 
içinden gum çykaran ýerasty hini. Edil şol ýerde atyň 
sag aýagy syçanyň kürümine gitdi (B. Seýtäkow). 
KÜRÜMGURADAN 
[kürümğu:rodon], 
at. 
Meýdanda, ekin arasynda ýaşaýan küljümek reňkli 
ullakan syçan. Bir kürümguradan öten agşam onuň 
düýşüne girdi. 
KÜRÜŞGE [kürüşğö], at. Suw guýmak, suw 
içmek üçin ulanylýan bulgur şekilli gulply gap. Bir 
kürüşge suw içenden soň, ol özüne geldi 
(T.Gurbanow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   106   107   108   109   110   111   112   113   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling