Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜMŞÜLDEME  [kümşüllömö],  iş  ady.  Kümşüldemek ýagdaýy.  KÜMŞÜLDEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet106/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜMŞÜLDEME 
[kümşüllömö], 
iş 
ady. 
Kümşüldemek ýagdaýy. 
KÜMŞÜLDEMEK [kümşüllömök], işl. Iýmiti 
alyn diş bilen iýmek, gäwüşemek, agzyňy 
müňküldedip iýmek. Gelinligi bolsa sumkasyndan 
odur-budur çykaryp, kümşüldeýärdi (T. Gurbanow).
KÜMŞÜLDEMEKLIK [kümşüllömöklük], iş 
ady. Kümşüldemek ýagdaýy. 
KÜMŞÜLDETMEK [kümşüllötmök], işl. Alyn 
dişleriň bilen bir zat iýip, agzyňy kümşül-kümşül 
etdirmek. 
KÜMŞÜLDEÝIŞ 
[kümşüllöýüş], 
iş 
ady. 
Kümşüldemek ýagdaýy. 
KÜMÜŞ, at. zergärç. s. 1. Çalymtyk ak reňkli 
gymmatbaha metal, himiki element. Zelili Hatyjanyň 
on barmagy üçin ýasan on ýüzügini, bukaw, gupba, 
sümsüle ýaly kümüş şaýlaryny Seýdiden iberipdir (N. 
Pomma). 2. Gyza dakylýan at. 

Som kümüş bolup durmak köp sanly kümüş 
şaý-seplerini dakynmak. Üsti-başy som kümüş bolup 
duran gelin dähedem-dessemläp ýöräp barýardy.  
KÜMÜŞÇI [kümüşşü], at. zergärç. s. Kümüşden 
şaý-sep ýasaýan ussa, kümüş ussasy, zergär. Kümüşçi 
ussanyň ýüzüge oturdan gaşyna söýgi, guwanç bilen 
bakyşy ýaly, Nepes hem öz eden işine göwnüýetijilik 
bilen seretdi (B. Seýtäkow). 
KÜMÜŞ-GYZYL [kümüş-ğyzyl], at. Kümüşdir 
gyzylyň bilelikde ady. Kümüş-gyzylyň könesi bolmaz, 
ata-enäniň– bahasy (Nakyl). 
KÜMÜŞLEÇ [kümüşlöç], syp. Kümüş reňkli, 
kümşe çalym edýän. Kümüşleç öwşün atyp, gök salyp 
oturan düzlük. 
KÜMÜŞLEME 
[kümüşlömö], 
iş 
ady. 
Kümüşlemek ýagdaýy. 
KÜMÜŞLEMEK [kümüşlömök], işl. Kümüş 
bilen bezemek, nagyşlamak. Ol eýeriň gaşyny 
kümüşledi. 
KÜMÜŞLEMEKLIK [kümüşlömöklük], iş ady. 
Kümüşlemek ýagdaýy. 
KÜMÜŞLENMEK [kümüşlönmök], işl. Kümüş 
bilen bezelmek. Nas kädiniň daşy kümüşlenipdir. 
KÜMÜŞLETMEK [kümüşlötmök], işl. Kümüş 
böleklerini berkitdirip, çaýdyryp timarlatmak, 
bezemek. Gyrma köwşüni kümüşledipdir. 
KÜMÜŞSÖW,syp. Kümüş öwüşginli. 
Kümüşsöw reňk
KÜNÇ, at. 1. ser. Künjek 1. Gyrak-bujakda, 
tamyň künjünde, aşakdaky şyrlap akýan suw boýunda
gelin-gyzlar-da köpeldi (B. Kerbabaýew). 2. ser. 
Künjek 2. Dünýäniň dört künjün çekip oturmyş 
(Magtymguly). 
KÜNDE [künnö] I, at. Ýer sürülýän azalyň 
ýerdemir geýdirilýän bölegi, omaç. Gadymdan galan 
kündäniň ýeri dörüşiniň hem mazasy ýok (B. 
Kerbabaýew).
KÜNDE [künnö] IIat, taryh. Jenaýat edenleriň 
aýagyna salynýan agaç gandal. Zynjyr, künde bilen 
saklarlar seni (Magtymguly). 
KÜNDELEMEK [künnölömök], işl. Tussagyň 
aýagyna künde salmak, künde bilen baglamak. Ýa 
kündeläp, meni çaýa salar sen (Magtymguly). 
Takdyry-hudadyr çekmegim gerek, Aýagym kündeläp, 
baglasaň elim (Talyby). 
KÜNDELENMEK 
[künnölönmök], 
işl. 
Tussagyň aýagyna künde salynmak. Onuň aýaklary 
kündelenipdir. 
KÜNDELEŞMEK [künnölöşmök], işl. Tussagyň 
aýagyna künde salyşmak, baglaşmak. 
KÜNDELETMEK [künnölötmök], işl. Tussagyň 
aýagyna 
künde 
saldyrmak. 
Onuň 
aýagyny 
kündeletdiler. 
KÜNDÜK [künnük], at. El-ýüz ýuwmak, çaý 
gaýnatmak we ş.m. üçin misden ýasalýan ýa-da 
çoýundan guýlan gulply, jüründikli suw guýulýan 
gap. Üýşmek közüň gapdalyndaky gara kündügi 
özüne çeken Gulmyrat aga gürrüňi başga ýana sowdy 
(R. Gelenow). 
KÜNJARA [künja:ra], at. 1.Künji, kenep we ş.m. 
däneleriniň ýagy alnandan soň galan galyndysy, 
gemresi. 2. Pagta çigidiniň ýagy alnandan soň galan 
galyndysy, sarun. 
KÜNJEK [künjök], at. l. Tamyň,otagyň, jaýyň 
bir burçy. 2. Bir ýeriň, ýurduň merkezden uzak ýeri, 
burçy, çeti.
KÜNJI [künjü], at. 1. Gür baldakly, ownuk däneli 
günorta ýurtlarda ösýän ösümlik. 2. Şol ösümligiň 
ýag alynýan ownuk dänesi. 

Künji ekmäge gitmek aradan çykmak, ölmek, 
ýogalmak. 
KÜNJÜLIK [künjülük], at. Künjiniň köp ekilen 
ýeri. Künjülik meýdan. 
KÜNJÜPAÝA [künjüpa:ýa], at. Dänesi kakylyp 
alnan künjiniň çöpi. 
KÜNT: künt bolmak saňsar bolmak, kelläň 
işlemeden galmak, aňyň kütelmek, aňkaň aşmak, 
akylyň çaşmak; halys bolmak. Saňa aýdyp-aýdyp 
künt boldum. Künt etmek aňyny küteltmek, 
aňkasyny aşyrmak; halys etmek. Mydam ah çekersiň, 


59 
zehin künt eder, Gündizki hyýalyň gündiz düýş bolar 
(Magtymguly). 
KÜŇRE [küňrö], at. 1. Howlynyň diwarynyň 
üstünden gurulýan diş-diş kiçijik sütünjikler. 2
Howlynyň burçlarynda, derwezesiniň ýanynda 
gurulýan içi basgançakly, töwereginde atyşhana bolan 
diň. 3. Köýnegiň ýakasyna, çaga tahýasyna salynýan 
diş-diş gaýma nagyş. 
KÜŇRÜLT, syp. Solak, öçük; küljümek, tutuk. 
Ol işige arkasyny daýap, küňrült agaran kepje 
sakgalyny ýogyn barmaklary bilen darap, bir salym 
syn edip oturdy (B. Kerbabaýew).  
KÜPE [küpö] I, at. Ýolagçylar otlusyndaky 
wagonlarda iki ýa-da dört orunlyk ýer. 
KÜPE [küpö] II, at. 1. Arka, ýagyrny; pilçäniň 
üsti, küpeç. 2. göç. m. Bir zadyň üsti, ýokarsy, depesi. 

Küpesine bermek (ýapmak) arkasyna, 
ýagyrnysyna urmak. 
KÜPÜR: küpür geplemek gep-sözde öte 
geçmek, uly geplemek, ýalňyş, nädogry, öte zatlar 
diýişdirmek. Küpür geplemeg-ä gowy zat däldir 
welin, şol ýylky ýaly ýüz gyş gelse-de, indi zaýaçylyk, 
heläkçilik bolmaz (

Edebiýat we sungat

). 
KÜPÜRSEK [küpürsök] I, syp. Küpürsäp 
gepleýän, batly, uly gürleýän, küpür gürleýän. 
KÜPÜRSEK [küpürsök] II, syp. Gumak, 
ýumşak, küpürsäp ýatan (ýer hakynda). Küpürsek ýol. 
Küpürsek ýer. 
KÜPÜRSEME [küpürsömö] I, II, iş ady. 
Küpürsemek ýagdaýy. 
KÜPÜRSEMEK [küpürsömök] I, işl. Mes bolup 
ýa-da bir zada gahar edip, biriniň üstüne sürünmek, 
haýýarlyk edip gygyrmak, dogry-nädogry zatlar 
diýişdirmek. 
KÜPÜRSEMEK [küpürsömök] II, işl. Gumak 
bolmak, ýumşak bolmak, içi boş ýaly bolmak (gumak 
ýer, ýol we ş.m. hakynda). Küpürsäp duran dersiň 
üstüne çäge ýazdylar. 
KÜPÜRSEMEKLIK [küpürsömöklük] I, II, iş 
ady. Küpürsemek ýagdaýy. 
KÜPÜRSEŞMEK [küpürsöşmök], işl. Birnäçe 
bolup batly, uly gürlemek. Aýallar, gyz-gelinler toýa
gelen ýaly bolupýerli-ýerden küpürseşip başladylar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   102   103   104   105   106   107   108   109   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling