Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
KÜLJERMEK [küljörmök], işl. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- KÜLKE
- KÜLKELEME
- KÜLLI
- KÜL-TALHAN
- KÜLTEMEK [kültömök], işl. Toplamak, ýygnamak, (esasan, iriň hakynda). Ýara iriň kültäpdir. KÜLTER
- KÜLTERLEMEK
- KÜLTERLETMEK
- KÜL-UŞAK
KÜLJERMEK [küljörmök], işl. 1. Küle öwrülip
başlamak. Ussa aga bolmasa-da, körükde küljerip 57 ýatan kömrüň ýap-ýaňyja-da körändigine gözümi ýetirdim (R. Gelenow). 2. Ýüzi ýagtylygyny ýitirip, öçügsi görnüşe geçmek. Näme ýüzüň küljerip dur? KÜLJÜMEK [küljümök], syp. Küle çalymdaş reňkli, kül reňkliräk. Onuň asly bugdaý reňk ýüzi gandym kömrüniň tozany bilen küljümek bolupdyr (A. Gowşudow). KÜLKE [külkö] I,syp. Bir zadyň owranyp maýda bolan bölekleri, iri bolmadyk, bolmalysyndan ownuk, maýda. Külke çaý. KÜLKE [külkö] II, at. Takgaz balyklar maşgalasyna degişli ownuk balyk. Külke balygy. KÜLKELEME [külkölömö], iş ady. Külkelemek ýagdaýy. KÜLKELEMEK [külkölömök], işl. Bir zady owratmak, maýdalamak, döwüp ownuk etmek. Iri kömürleri külkelemek. KÜLKELEMEKLIK [külkölömöklük], iş ady. Külkelemek ýagdaýy. KÜLKELENMEK [külkölönmök], işl. Külke, maýda, ownuk edilmek. KÜLKELEŞMEK [külkölöşmök], işl. 1. Külkelemäge kömekleşmek. Duzy külkeleşmek. 2. Bilelikde külkelemek. KÜLKELETMEK [külkölötmök], işl. Külkelemek işini başga birine etdirmek. Saruny külkeletmek. KÜLKELEÝIŞ [külkölöýüş], iş ady. Külkelemek ýagdaýy. KÜL-KÜLÜNE [kül-külünö]: kül-külüne düşmek bir zadyň hyýalyna, arzuwyna, yşgyna düşmek. Durdujygam Gülnary garşylamanyň kül- külüne düşdi (A. Gurbanow). KÜLLI [küllü], syp. Ähli, hemme, bütin. Külli gözelleriň hany (Magtymguly). KÜL-OWRAM [kül-owrom], hal. 1. Dyr-pytrak, bölek-bölek, tike-tike, kül-uşak. Elimdäki käse ýere gaçyp, kül-owram boldy. 2. Owlan ýaly, soka salnan ýaly (endam, beden hakynda). Dört günläp kerpiç guýdum weli, endam-janym kül-owram bolupdyr. 3. Derbi-dagyn, kül-peýekun. KÜL-PAGYŞ [kül-pağyş], hal. Duw-dagyn, kül- uşak, owram-owram. KÜL-PEÝEKUN [kül-peýeku:n], hal. Derbi- dagyn, kül-uşak, dyr-pytrak, ýer bilen ýegsan. Şeýdip, nämäniň-nämedigini aňşyrmankalar, olary kül-peýekun ederis (B. Seýtäkow). KÜLPET [külpöt], at. Bir zat sebäpli çekilýän ejir, azap, görülýän horluk, kynçylyk; sütem, zulum. Garrylyk ýetişdi müň külpet bilen, Mizan ýetdi, hazan geldi, gyş galdy (Magtymguly). KÜL-TALHAN, hal, gepl. d. Kül ýaly, talhan ýaly, owram-owram, kül-uşak. Sen nädip meniň dişimi kül-talhan etjek? (G. Kulyýew). KÜLTEK [kültök]: köne kültek könäniň tarapdary, täzelik bilen ylalaşmaýan, köneçil. Ol gaty köne kültek adamdy. KÜLTEM [kültöm], syp. 1. Külterlenen halka görnüşli toplanyp daňlan (ýüp, sim we ş.m. zat). Çep işikde iki kültem gara ýüp asylgy durdy (B. Kerbabaýew). 2. at, göç.m. Bir zadyň yzygiderli dowamy. Pikir kültemleri ony haýsydyr bir döwürlere alyp bardy ( Edebiýat we sungat ). KÜLTEMEK [kültömök], işl. Toplamak, ýygnamak, (esasan, iriň hakynda). Ýara iriň kültäpdir. KÜLTER [kültör], at, ser. Kültem. Eýeriň gaşyna ildirilen irişme bagy alyp, külterini çözmäge durdy (H. Derýaýew). KÜLTERLEME [kültörlömö], iş ady. Külterlemek ýagdaýy. KÜLTERLEMEK [kültörlömök], işl. 1. Uzyn ýüpi bir eliň bilen ujundan tutup, beýleki eliň bilen çalarak ýumulgy eliň içinde saklap, goluňy kültemiň möçberine, ululygyna baglylykda aýlamak arkaly kültem görnüşinde ýygnap daňmak, berkitmek. Bedräniň bolsa ýüpüni külterläp, Annagulynyň eline berdi (A. Durdyýew). 2. göç.m. Uzak ýoly durman geçmek. Otly ýoluň tanapyny külterläp barýardy. KÜLTERLEMEKLIK [kültörlömöklük], iş ady. Külterlemek ýagdaýy. KÜLTERLEMEZLIK [kültörlömözlük], iş ady. Kültem-kültem etmezlik. KÜLTERLENMEK [kültörlönmök], işl. 1. Külter-külter, kültem-kültem edilmek. Ol arkasyndaky boş kädini düşürmäni unudyp, bagy külterlengi bedresini elinde tutup durdy (B. Kerbabaýew). 2. göç. m. Yzly-yzyna geçip durmak. Aýlar, ýyllar şol külterlenip geçip dur. KÜLTERLEŞDIRMEK [kültörlöşdürmök], işl. Ýaýrap ýatan ýüpi, simi bir ýanyndan kültem görnüşinde ýygnaşdyrmak. Ol bulaşyp ýatan ýüpleri külterleşdirdi. KÜLTERLETMEK [kültörlötmök], işl. Ýüpi we ş.m. külter-külter etdirmek. Çopan ýüpleri çoluklara külterletdi. KÜLTERLEÝIŞ [kültörlöýüş], iş ady. Külterlemek ýagdaýy. KÜL-UŞAK [kül-uşok], hal. Bölek-bölek, kül- owram, kül-pagyş; derbi-dagyn, dyr-pytrak. Käse ýere gaçyp, kül-uşak boldy KÜLÜŇ, at. Gaty ýa-da daşlyk ýerleri gazmak üçin ulanylýan bir ujy çiş, beýleki ujy ýasyrak agyzly demir gural. Daş asyýa bolmaz külüň urmasaň, Hiç iş kemal tapmaz, köňül bermeseň (Talyby). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling