Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜLÜŇLEMEK [külüňlömök], işl. Külüň bilen  gazmak, külüň urmak. Piliň almadyk gaty ýerini külüňlemek.  KÜLÜŇLENMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet105/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜLÜŇLEMEK [külüňlömök], işl. Külüň bilen 
gazmak, külüň urmak. Piliň almadyk gaty ýerini
külüňlemek. 
KÜLÜŇLENMEK [külüňlönmök], işl. Gaty, 
daşly ýere külüň urulmak. Gaty ýerler külüňlendi. 
KÜLÜŇLEŞMEK[külüňlöşmök], işl. 1. Birine 
külüňlemäge kömekleşmek. Külüňleşäýmeseň, bu ýer 
maňa gazdyrjak däl. 2. Bilelikde külüňlemek. Olar 
gaty ýeri külüňleşip durlar.  
KÜLÜŇLETMEK 
[külüňlötmök], 
işl. 
Külüňlemek işini başga birine etdirmek
külüňlemäge mejbur etmek. Daşly ýeri külüňletmek. 
KÜLÜŇLEÝIŞ 
[külüňlöýüş], 
iş 
ady. 
Külüňlemek ýagdaýy. 


58 
KÜME [kümö], at. Mal-gara saklamak, goş-
golam we ş.m. zatlary goýmak, şeýle hem wagtlaýyn 
ýaşamak üçin, köplenç, agaçdan dikilen çatma. 
KÜMEÇILIK [kümöçülük], at. Köp küme 
dikilen ýer, kümäniň köp ýeri. Biz oba ýetmänkäk, 
gawun kümeçiligi çykyp ugrady. 
KÜMMET [kümmöt], at. Mazaryň üstünde 
salynýan, ýokarsy gümmezli bina, gümmez. Janyň 
barlygynda haýyr gazansaň, Rahat ýatjak ýeriň - 
kümmet ýagşydyr (Magtymguly). Sen indi Bezirgeniň 
mazarynyň üstüne kümmet galdyr (

Görogly

). Uzak 
çölde äpet kümmet, Durdy köp asyrdan bäri (Ç. 
Aşyrow). 
KÜMPÜÇ, at. Adamyň, haýwanyň oňurgasynyň 
gutarýan tarapy; türre, syrt. 
KÜMSÜK, syp. Ýaman niýet bilen gizlinlikde 
biriniň garşysyna hereket edýän (adam hakynda). 
Men seniň ýaly kümsük adamy heniz gören däldirin. 
KÜMSÜKLIK [kümsüklük], at. Misginsokarlyk, 
saman astyndan suw goýberenlik; köpbilmişlik. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   101   102   103   104   105   106   107   108   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling