Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet89/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÖP, syp., hal. 1. San, mukdar taýdan kän, 
möçber boýunça ýeterlik, bol. Bu çäreleriň köp 
bölegi şu mahal durmuşa geçirilýär (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Wagt taýdan uzak, dowamly. Köp ýatdyk, 
ýaranlar, turulsyn imdi! (Seýdi). 3. Ýygy-ýygydan, 
çalt-çalt, tiz-tiz. Olar köp duşuşýarlar. Köp görşüp 
durmak gerek. 4. at, göç. m. Köpçülik, köp adam, 
jemagat, il. Köpüň dilegi köl bolar (Nakyl). 

Köp bilmek 1) köp zat hakynda bilmek. 2
mekirlik edip, şeýle hereket etmek, şeýtmek. Ol gaty 
köp bilýär, ýönelige biz bilen gidenok. Köp 
çarşenbäni başyndan geçiren birtopar kynçylygy, 
şatyny, muşakgaty gören, uly durmuş tejribeli. Köp 
gar basan köp ýaşan, kän zady başyndan geçiren 
(adam). Köp gepli gepi-gürrüňi köp edýän, 
pikirinden üýtgäp duran. Köp gepli adam. Köp 
görmek biriniň ýeten derejesine göriplik, içigaralyk 
etmek, bir zady birine rowa görmezlik. Köpi gören 
köp wakany başdan geçiren, durmuşyň ajy-süýjüsini 
dadan, wakalaryň içinde gaýnap, tejribe toplan (adam 
hakynda). Köpi geçip (ötüp), azy galan ömrüniň 
köpüsi geçen, garrylyk ýaşyna ýeten (adam). Köpi 
gözläp, azdan galmak nebsiňe haý diýmän, 
azyrganyp aç galmak, ýeten derejäňe kanagat 
etmezlik. Köp nokat dil b. gutarylmadyk sözlemden, 
sözlerden soň goýulýan 

we şuňa meňzeşler, 
beýlekiler

diýen many aňladýan dyngy belgi. Eger-
de sözlem gysgaldylyp alynsa, onda gysgaldylan 
ýerinde köp nokat (...) goýmaly bolýar. Köp sözüň 
başyna ýetmek (başyny agyrtmak) köp gürlemek, 
öňki-soňkyny agzamak. 
KÖPBILMIŞ, syp. Köp zat bilýändirin öýdýän; 
mekir, hilegär. 
KÖPBILMIŞLIK, at. Köp zat bilýändirin 
öýtmeklik; hilegärlik, mekirlik. –Ýene suw gerekmi? 
– diýip, Mährijemal oglunyň köpbilmişligine, düýnki 
serçäniň bu gün enesine jürküldemäni öwretjek 
bolşuna gatyrganyp, bedresine ýapyşdy (N. 
Esenmyradow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   85   86   87   88   89   90   91   92   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling