Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- KÖLEGELETMEK
- KÖLEGESIZ
- KÖLJERTMEK
- KÖMEK
- Kömekçi işlik
- KÖMEKSIZ [kömöksüz], syp. Kömegi bolmadyk, ýardam edere goldawy bolmadyk. KÖMELEJIK
KÖLEGELEMEKLIK [kölöğölömöklük], iş
ady. Kölegelemek ýagdaýy. KÖLEGELEMEZLIK [kölöğölömözlük], iş ady. Kölegede oturyp salkynlamazlyk, dynç almazlyk. KÖLEGELEŞMEK [kölöğölöşmök] işl. Ekilen käbir ekinleriň kölegesi düşer ýaly bolup ösüşip oturmak. On bäş gün mundan ozal oturdylan şitiller kölegeleşip otyrlar. KÖLEGELETMEK [kölöğölötmök], işl.Ýiti yşykdan, günden goranmak üçin kölege etmek, kölege düşürmek. KÖLEGELEÝIŞ [kölöğölöýüş] iş ady. Kölegelemek ýagdaýy. KÖLEGELI [kölöğölü], syp. Kölegesi bar, kölegesiz däl, saýaly. Kölegeli agaçlar. Kölegeli gürrüň etmek aýdyljak bolunýan sözi gönüläp aýtmazlyk. Kölegeli gürrüň edilenden, gönüläp aýdylsa ýagşy. KÖLEGELIK [kölöğölük], at. Kölegesi köp bolan, saýalyk. Gaýanyň düýbi giden kölegelikdi. 46 KÖLEGESIZ [kölöğösüz], syp. 1. Kölegesi ýok, saýasyz. Kölegesiz agaç. 2. göç. m. Ýüzi çypar, saç- sakgaly, gaş-kirpigi sarymtyl ak (adam hakynda). KÖLEGESIZLIK [kölöğösüzlük], at. 1. Saýalara ýeri ýokluk, düşlemek üçin kölegesi bolmazlyk. 2. göç. m. Çyparlyk. KÖLJERMEK [kö:ljörmök], işl. Kiçijik köl ýaly suw ýygnanmak, suw dökülip ýygnanmak. Aýnabat çäýnegine seredende, töwereginiň köljerip gidenini saýgardy-da, taňkasyny ýere gütledip goýdy (B. Kerbabaýew). KÖLJERTMEK [kö:ljörtmök], işl. Köl ýaly etmek, suw döküp öljertmek. Küýze duran ýerini köljerdipdir. KÖMEÇ [kömöç], at. Döwlen, ownuk dogralan et ýa-da jigirdek salnyp bişirilen ýagly gömme çörek. Nejep hem olaryň yzyndan garama-gara gidip, kerwenleriň her gezek düşen ýerlerinde külüň aşagyny agtaryp, ýary ýanan, ýary çig kömeji tapyp mydar edip, birniçe gün ýol ýöredi ( Nejep oglan ). KÖMEK [kömök], at. Birine berilýän ruhy, maddy goldaw, edilýän ýardam, goltgy, hemaýat. Kömek (hemaýat) puly adamlaryň hal- ýagdaýyny gowulandyrmak üçin döwlet tarapyndan berilýän pul. KÖMEKÇI [kömökçü], at. 1. Birine goldaw, hemaýat beriji, kömekleşiji, kömek edýän adam. Olar bir aý çemesi gallaçylara kömekçi boldular. 2. Bir işde, gullukda biriniň orunbasary, wezipeli ýolbaşça kömek edýän ýörite bellenen isgär. Kömekçi işlik dil b. esasy sözüň yzyndan gelip, özüniň hakyky manysyny doly ýa-da kem-käsleýin ýitirýän işlik (etmek, bolmak ýaly işlikler). Kömekçi sözler dil b. Sözlemde sözleri baglaşdyrýan (we, hem, emma ýaly) baglaýjylar. KÖMEKÇILIK [kömökçülük], at. Birine kömek, goldaw berijilik, hemaýat edijilik. Hany, özüň nähili, kömekçilikden ireňokmy? (Ş. Borjakow). KÖMEKLEŞMEK [kömöklöşmök], at. Birine bir işi etmek üçin kömek etmek, goldaw bermek, hemaýat, goltgy bermek. Onda bize duýdur – kömekleşeris (B. Kerbabaýew). KÖMEKSIZ [kömöksüz], syp. Kömegi bolmadyk, ýardam edere goldawy bolmadyk. KÖMELEJIK [kömölöjük], at. Iň ýönekeý ösümlik mikroorganizmi. Heň kömelejigi. Hamyrturşy kömelejigi. Gönezlik kömelejigi. KÖMELEK [kömolök], at. Ýaz paslynyň başynda ýeriň astyndan güberip çykýan, şeýle hem iýmit üçin ýöriteleşdirilen jaýlarda ösdürlip ýetişdirilýän ösümlik. KÖMELEKLEMEK [kömlöklömök], işl. Ýerden güberilip galmak, pökgerip durmak, zömmermek. Ýagyşdan soň gapaklan gämikler kömelekläp çykypdyrlar. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling