KOWMAK [kowmok], işl. 1. Biriniň yzyndan
ýetmek üçin ylgamak, söbügini sydyrdyp ylgamak.
Menem onuň yzyndan kowdum (
Edebiýat we
sungat
). 2. göç.m. Bir ýerden (öýden, işden we
ş.m.) çykarmak, boşatmak. 3. Yzyna eýermek, yzyna
eýerip goşup çalmak (saz hakynda). Diňe öz
aýdymyny kowardy (
Edebiýat we sungat
). 4. Bir
zady sürmek, sürüp äkitmek; bir ýerden ikinji ýere
geçirmek. Sürini islän tarapyňa kowmak. 5. göç.m.
Talagyny bermek, nikany bozmak, boşatmak.
KOWMAKLYK [kowmokluk], iş ady. 1.
Kowmak ýagdaýy. 2. Biriniň yzyndan ýetjek bolup
gidilmek; ýöriş edilmek. Olaryň yzlaryndan kowuldy.
KOWUM, at. Adamlaryň nesil we garyndaşlyk
gatnaşygyny aňladýan söz. Asylkysyny aýdanda, eger
seniň duluňda hemme esbaplary bilen üpjün ala tow
hyrlyň asylgy duran bolmasa ýa-da duluňda päkize
jöwher gylyjyň tärimiň başyndan asylgy bolup,
işigiňde-de kişňäp duran atyň bolmasa, seniň
gapyňda daýhançylyk esbabynyň müňüsi üýşsün,
harwar-harwar jöwen, bugdaý, arpa hasyl al,
tapawudy ýok, dir gürrüňçilikde birden sen gatyrak
güläýseň, ilki bilen öz kowumyňdan biri: “Sen näme
gürleýäň, bar çaýryňy çap” diýer (A. Gowşudow).
KOWUMDAŞ [kowumdoş], at. Bir kowumdan,
nesilden bolan, kowumy bir (adamlar). Olaryň asly
kowumdaş. Kowumdaş halklar.
KOWUMDAŞLYK
[kowumdoşluk],
at.
Kowumy birlik, kowum, nesil taýdan garyndaşlyk.
Olaryň kowumdaşlygy örän uzakdan başlanýar.
KOWUM-GARDAŞ
[kowum-ğardaş],ser.
Kowum-garyndaş. Saklady içinde çykarman daşa,
Diýmedi dost-ýara, kowum-gardaşa (A. Kekilow).
Do'stlaringiz bilan baham: |