Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet71/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIŞILIK, syp., at. 1. Adama mynasyp, mertlik, 
edermenlik, gaýratlylyk. Tüweleme, kişilik iş edipsiň. 
2. Bir adama ýeterlik ýa-da birnäçe adama bolarlyk. 
Gymmat baha matadan dört kişilik goýmaklygyny 
buýurýar. 3. göç. m. Erkeklik. Ýagşy, ýer titrände 
gelni bilen çagasyny aldyrany azmydy, onuň üstesine, 
özüniň hem kişiligini ýitirenmişin (B. Kerbabaýew).

Kişilik satmak men-menlik etmek, ýerliksiz 
öwünmek, batyrlyk etmek. 
KIŞMIR, at. haýwanat d. Uzyn aýakly, togalak
kelleli möjejik. Jan howpundan bolar akyly haýran, 
Ýylan kişmir görse öler bigüman (Magtymguly). 
Osalny aňtan kişmir, Mur ýanynda bellidir (Zelili). 
KIŞMIRI, ser. Kişmir. 
KIŞMIŞ, at. Bişen üzümden serlip guradylan 
tagamly önüm, iýmit.
KIŞMIŞIsyp. 1. Üzümiň ownuk, dänesiz hasyl 
getirýän görnüşi. Kişmişi üzüm agajy.2. Şol üzümiň 
dänesiz hasyly. Gowy kişmiş kişmişiden bolýar. 
KIŞŇEMEiş ady. Kişňemek ýagdaýy. 
KIŞŇEMEKişl. Hokranyp ses etmek (gylýallar 
hakynda). Gygyryp kişňeşine, Annaň keýpi kökelýär 
(A. Alamyşow). Dordepel agyzzyrygyny çeýnäp 
kişňedi (A. Gowşudow). 
KIŞŇEMEKLIKiş ady. Kişňemek ýagdaýy. 
KIŞŇEMEZLIK iş ady. Kişňäp seslenmezlik. 
KIŞŇEŞMEK, işl. Köpçülikleýin kişňemek, 
birnäçe bolup kişňemek. Atlar kişňeşip, sygyrlar 
molaşýardy. 
KIŞŇETMEK, işl. Gylýal malyny hokrandyryp 
seslendirmek. Gyr atyny kişňedip, geldi bir gün 
öýmüze (B. Kerbabaýew). 
KIŞŇEÝIŞiş ady. Kişňemek ýagdaýy. 
KIŞŞIK-KIŞŞIK, s.ş. aňl.söz. Bäbek ýa-da 
ýaşajyk çaga güýmelende, çaganyň ünsüni çekmek 
üçin aýdylýar. Ol gundagly çagany kişşik-kişşik edip 
güýmeýärdi.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   67   68   69   70   71   72   73   74   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling