Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KIŞŞIKLEME, iş ady. Kişşiklemek ýagdaýy.  KIŞŞIKLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet72/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KIŞŞIKLEMEiş ady. Kişşiklemek ýagdaýy. 
KIŞŞIKLEMEK, işl. 1. Kişşik-kişşik edip 
güýmemek, çagaň ünsüni çekmek üçin kişşik-kişşik 
etmek. Çagany kişşikläp güýmemek. 2. göç. m. 
Ýaranjaňlyk etmek, gülüm-ýalym etmek. Seniň 
geleňsizligiň zerarly, men niçesar goňşy-golamyň 
maşgalasyny kişşikläýin! (B. Kerbabaýew).
KIŞŞIKLEMEKLIK, iş ady. Kişşiklemek 
ýagdaýy. 
KIŞŞIKLENMEKişl. Kişşik-kişşik edilmek. Ol 
iki arada kişşiklenen ýaly, bir gezek Çarynyň ýüzüne, 
bir gezek Gözeliň ýüzüne seretdi (A. Durdyýew).
KIŞŞIKLETMEK, işl. Kişşik-kişşik etdirmek. 
Ol çagasyny gyzyna kişşikledip, özi öý işlerine 
meşgullanmaga başlady. 
KIŞŞIKLEÝIŞiş ady. Kişşiklemek ýagdaýy.
KIŞŞÜW [kişşüw / kişşüýw], üml. Dowary we 
käbir beýleki jandary kowmak üçin aýdylýar. 
KIŞŞÜWLEME 
[kişşüwlömö], 
iş 
ady. 
Kişşüwlemek ýagdaýy. 
KIŞŞÜWLEMEK [kişşüwlömök], işl. Dowar we 
käbir beýleki jandar kowlanda, gaýtarylanda kişşüw 


41 
edip seslenmek. Kyrk ýyl kişşüwläp goýun bakanyň 
dilegi duş gelermiş diýýärler (H. Derýaýew).
KIŞŞÜWLEMEKLIK [kişşüwlömöklük], iş ady. 
Kişşüwlemek ýagdaýy. 
KIŞŞÜWLEMEZLIK [kişşüwlömözlük], iş ady.
Kowmak üçin kişşüw-kişşüw etmezlik. 
KIŞŞÜWLEÝIŞ 
[kişşüwlöýüş], 
iş 
ady. 
Kişşüwlemek ýagdaýy. 
KIŞŞÜWLÄBERMEK [kişşüwlävermek], işl. 
Kişşüwläp başlamak. 
KIT, at. Daş görnüşi balyga meňzeş, iri 
süýdemdiriji deňiz haýwany, läheň. 
KITAP [kita:p], at. 1. Içi tekstli ýa-da golýazmaly 
kagyz tagtalary daşlanan, sahaplanan görnüşindäki 
çap eseri. Kitap bilen dostlaşyp, heniz ondan zyýan 
çeken ýok (Jürdekow T. Ata arzuwyny amala aşyrýan 
Agtyk). 2. Köp sanly baplardan ybarat bolan edebi 
eseriň bölümi. Romanyn birinji kitaby. 3. Ýazgylar 
üçin daşlanan arassa ýa-da öýjük-öýjük çyzykly 
kagyz tagtalary. Hasaphana kitaby

 Kitap açmak köp kitap okamak ýa-da bir zady 
anyklamak üçin her hili kitaplary okap, agtaryp 
çykmak. Kitap açyp, ança dine duş bolup, Yslam 
haýsy, gurhan haýsy, bilmedim (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   68   69   70   71   72   73   74   75   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling